Türkmenistanyň käbir sebitlerinde dollaryň “gara bazardaky” nyrhy täze rekord derejä ýetdi. 11-nji maýda Daşoguz welaýatynyň bazarlarynda 1 amerikan dollarynyň bahasy 19 manatdan hem aşdy. Geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda we ýurduň käbir beýleki welaýatlarynda 1 amerikan dollarynyň “gara bazardaky” nyrhy 18 manada barabardy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň ýurtda erkin işleýändigini we olaryň ýurda erkin girip-çykýangyny aýtdy.
Aşgabatda we Daşoguzda Coca-Cola kompaniýasyna degişli önümleriň gytalandygyny, olary diňe seýrek söwda nokatlarynda tapsa bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu şäherlerdäki habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.
Hindistanyň Indira Gandi adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamentiniň howa aňtaw birleşigi 19 kilogram gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň 28 raýatyny, şol sanda 22 zenany tussag etdi. Bu barada Hindistanyň media serişdeleri habar berýär.
Daşary ýurtlaryň kafedir restoranlarynda ýa-da söwda dükanlarynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyran türkmenistanly studentleriň bank kartlaryny wagtlaýyn petiklenýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki çeşmelerimiz habar berýär.
Türkmenistanda adamlar maýyp bolandan soň, iki ýylyň dowamynda maýyplygyny ykrar etdirmese, olara maýyplyk derejesi berilmeýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri aýdýarlar.
25-nji aprelden başlap Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýasy garamtyl reňkdäki we könelişen awtoulaglary gözlemek we saklamak boýunça reýdleri geçirip başlady diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.
“Şenbe gününden ýekşenbe gününe geçen gije, sagat 2-de Aşgabatdaky talyplar çärä äkidildi. Olar şol gidişlerine öýlän sagat 2:30-da umumy ýaşaýyş jaýyna geldiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aýdýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň dört wise-premýerine berk käýinç we duýduryş yglan etdi.
Türkmenistanda ýaşy 65-e ýetmedik pensionerlerden we üçünji derejeli maýyplardan öz kömek pullaryny we pensiýa haklaryny öňküsi ýaly bank şahamçalaryndan däl-de, bankomatlardan almak talap edilýär.
Şu günler Aşgabatda howanyň gyzgynlygy 30 gradusa çenli ýetýän mahaly, köpgatly jaýlarda gyşyň güni köplenç ýakylmadyk ýyladyş sistemalarynyň gaýtadan işledilip başlanandygyny, Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.
Fewral aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderileri üçin çykaran ortaça 30 müň Visa bank kartlarynyň 29 müňüsini petikledi diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.
Türkmenistanda käbir azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatlamagy dowam edýän mahaly, Aşgabadyň bazarlarynyň hem-de döwlet we hususy eýeçilikdäki dükanlarynyň söwda tekjelerinden daşary ýurtlarda öndürilen mesge ýaglary ýitirim boldy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurduň Mejlisine deputatlary, halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalary saýlamak boýunça 25-nji martda 07:00-da başlan ses berişliklere sagat 11:00-a çenli ses berijileriň 45%-den gowragynyň gatnaşandygyny aýdýar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar Mejlise deputatlary, halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalary saýlamak boýunça 25-nji martda geçiriljek saýlawlara ýurduň ähli saýlaw uçastoklarynyň doly taýýardygyny mälim etdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda, türkmen lideriniň şu ýylyň iýun aýynda Sindao şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak meýlini gowy garşy alýandygyny aýtdy.
Aşgabatda “şäheri betgelşik edýär” diýlip, hususy eýeçilikdäki dükanlaryň, dermanhanalaryň we egin-eşikleri himiki serişdeler bilen arassalaýan nokatlaryň atlary aýyrdylyp, deregine täzesini goýmak talap edilýär.
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Hazar deňzinde türkmen serhetçileri bilen eýranly balykçylaryň arasynda bolan wakany tassyklap, “soňky günlerde Eýranyň we beýleki ýurtlaryň media serişdelerinde Türkmenistanyň serhetçileriniň eýranly gaýykçylar bilen bagly bikanun hereketler edendigi barada ýoýlan maglumatlar peýda boldy” diýdi. Bu barada “Trend” neşiri habar berýär.
Aşgabatda jaýlaryň aralarynda ýerleşdirilen zibilhanalary dörüp, ondan gaty çörek ýa-da plastik gaplary gözleýän adamlaryň köpelendigini, Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda, halkara Nowruz güni mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi.
Ýene-de ýükle