Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi eýranly balykçylar bilen bagly wakany 'tassyklady'


Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Hazar deňzinde türkmen serhetçileri bilen eýranly balykçylaryň arasynda bolan wakany tassyklap, “soňky günlerde Eýranyň we beýleki ýurtlaryň media serişdelerinde Türkmenistanyň serhetçileriniň eýranly gaýykçylar bilen bagly bikanun hereketler edendigi barada ýoýlan maglumatlar peýda boldy” diýdi. Bu barada “Trend” neşiri habar berýär.

Agzalýan neşire 23-nji martda maglumat beren türkmen resmisiniň aýtmagyna görä, 2018-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň serhet gulluklary Eýran Yslam Respublikasynyň raýatlarynyň bir topary tarapyndan narkotik serişdeleriniň uly göwrümini kontrabanda ýollar bilen geçirmek synanyşygyny basyp ýatyrdy.

Şeýle-de, ilçi bu raýatlaryň Türkmenistanyň territorial suwalaryna, ýagny Hazar deňziniň türkmen kenarynyň 3-4 kilometr golaýyna gelip, Türkmenistanyň döwlet serhedini bozandygyny belleýär.

“Saklanan pursatynda, bu gaçakçylar serhet gözegçileriniň buýruklaryna boýun bolmadylar, türkmen serhetçilerine garşy öjükdiriji hereketleri etdiler, howply töwekgelçilik sebäpli, netijede, [serhedi] bozujylara garşy Türkmenistanyň kanunlaryna doly laýyklykda, saklamak boýunça zorlukly çäreler ulanyldy” diýip, Trend neşiri türkmen resmisine salgylanýar.

Şeýle-de, maglumatda häzirki wagt bu waka bilen baglanyşykly taraplaryň bar bolan serhet ylalaşyklarynyň çäginde degişli çäreleri görýändigi hem bellenilýär.

Mundanam başga, neşiriň habarynda aýdylmagyna görä, türkmen tarapy ýokarda gürrüňi edilenlere salgylanyp, bu meseläni syýasylaşdyrmak boýunça ediljek islendik synanyşygyň Türkmenistan babatynda dostluksyz gatnaşyk diýlip hasap ediljekdigini we munuň türkmen tarapyndan dessine ret ediljekdigini hem nygtady.

Belläp geçsek, 22-nji martda Associated Press Eýranyň ýarym-resmi ILNA habar agentligine salgylanyp, 20-nji mart gijesi dört eýranly balykçynyň Hazar deňzindäki Eýranyň territorial suwlarynyň kenar ujunda balyk tutmaga girişende türkmen serhetçileriniň balykçylara ot açandygyny, olaryň ikisiniň ölüp, beýleki ikisiniň ýaralandygyny habar berdi.

Bu habarlaryň yz ýany, has takygy 22-nji martda giçlik Eýran Türkmenistandan bu hadysa bilen bagly “derhal” düşündiriş sorady. Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kassemi penşenbe güni eden çykyşynda: “Biz Türkmenistanyň serhetçileriniň balyk tutýan raýat gaýygyna ot açyp baş goşan paýhassyz hereketine güýçli protest bildirýäris” diýdi.

Şeýle-de, “Hadysanyň ýüze çykyp, gynandyryjy habaryň ýaýramagynyň edil yzýany Eýranyň Daşary işler ministrligi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen häkimiýetleri bilen gatnaşyga geçip meseläni çynlakaý yzarlady”, diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kassemi aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ministrligiň metbugat wekili agzalýan hadysa bilen bagly özleriniň Türkmenistandan düşündiriş sorap, resmi nota ugradandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýa-da beýleki türkmen häkimiýetleri bu mesele boýunça häzirlikçe resmi beýanat bilen çykyş etmediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi media serişdeleri, şol sanda Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy hem häzire çenli maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG