Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabat şäherinde býujet işgärleri, ýokary okuw jaýynyň studentleri, mekdep okuwçylary we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Ýeňiş güni dabarasyna mejbury gatnaşdyryldy.
Azatlyk Radiosynyň ýurduň gündogar welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, 6-njy maýda şäheriň Baýdak meýdançasynda geçirilen köpçülikleýin çäre döwlet telekanallarynda Türkmenistanda 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş gününde, hamala, şol güni geçirilen ýaly edilip görkezilmek üçin öňünden surata alyndy.
“Türkmen telewideniýesi üçin surata alnan Ýeňiş güni dabarasyna 800-900 çemesi adam mejbury çekildi. Olara adat bolşy ýaly tutuş gün öz tebigy hajatlaryny amal etmäge, hajathana gitmäge, iýmäge we içmäge rugsat berilmedi. Hemişeki ýaly olary äsgermediler” diýip, lebaply habarçy 7-nji maýda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu çärä adamlaryň öz islegine garamazdan, dürli ýaşdaky býujet işgärleri, studentler, okuwçylar we ýaşulular gatnaşmaga mejbur edildi.
“Işden ýa-da okuwdan çykarylmakdan howatyrlanýan adamlar nalaç bu çärä gatnaşmaly boldy. Bu eýýäm geň zat däl, ýurtda däbe öwrüldi” diýip, habarçy belledi.
Azatlygyň habarçysynyň köpçülikleýin çäräniň geçirilen ýerinden iberen suratynda milli egin-eşikdäki, şol sanda uzyn köýnekli, öýmeli gelinleri we aýallary, şeýle-de iki örüm saçly, gyzyl köýnekli, tahýaly gyzlaryň ak reňkdäki güli saklap, dik aýak üstünde duran pursatyny görse bolýar.
Şeýle-de, olaryň arka tarapynda gara balakly, ak köýnekli we tahýaly oglanlaryň ortaça 2 metr ululygyndaky ýaşyl baýdaklary saklap duran pursatlary hem görünýär.
Bu çäre barada türkmen metbugatynda 7-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli hiç bir maglumat görkezilmedi.
Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklaryň ýa-da dabaralaryň öňýanynda, döwlet telekanallaryna wideo reportažlary öňünden taýýarlap goýmak üçin ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin çärelere çekilmegi bilen bagly Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.
Şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda býujet işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, mekdep okuwçylary we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alnan “gowaça ekişine girişmek” dabarasyna taýýarlyk çärelerine bir hepdeläp mejbury gatnaşdyryldy.
27-nji martda “Altyn Asyr” döwlet telekanaly ýurduň demirgazyk welaýatynda geçirilen bu çäre barada jemi 14 minuda golaý wideo reportažy ilata ýetirdi. Onda ortaça müňden gowrak adamyň, şol sanda çagalaryň, ýaşulularyň, býujet işgärleriniň we studentleriň gatnaşmagynda welaýatyň azyndan 10-a golaý böleginde dürli çäreleriň geçirilendigi görkezildi.
Geçen ýylyň 17-nji sentýabrynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy býujet işgärleriniň ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alnan “Ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine bir hepdeläp mejbury gatnaşdyrylandygyny habar beripdi.
“Bu çärelere gatnaşyjylaryň ençemesi, hem-de olary gurnaýjylaryň birnäçesi [bu saparky dabaranyň] Daşogzuň taryhyndaky iň kyn, iň agyr geçen dabara çäresi bolandygyny belleýär” diýip, habarçy aýdypdy.
Resmi metbugatda bu dabaralara ýurt raýatlarynyň “uly joşgun bilen gatnaşýandygy” aýdylýar. Ýöne bu çäreleri geçirmek üçin näçe adamyň iş, okuw ýa-da dynç alyş wagtynyň sarp edilendigi, olara adamlaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.