Düýn Owganystanyň we Päkistanyň resmileri Talyban wekilleri bilen bilelikde Kabulda ýaraşyk gepleşiklerine başladylar.
Pastor Jonesiň Kuran ýakmak planynyň öňüni almaga amerikan hökümetiniň elinde kanuny mümkinçilik köp däl.
ABŞ-nyň Owganystandaky harby generallary Floridada ýerleşýän ybadathana tarapyndan geçiriljek Gurhany ýakyşlyk çäresini togtatmaga çagyrdylar.
Narymanda 10-12 özbek Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň ýanyna gelip, ýakylan ýa ýyrtylan pasportlaryny görkezdiler.
Pakistan “Facebook” we “Youtube” ýaly websaýtlaryň ýurtda gadagan edilýänligini yglan etdi. Bu çäräniň maksady Muhammet pygamberiň şol websahypalarda çap edilen karikaturalarynyň ilata ýetmeginiň öňüni almak. Pakistanda internet ulanyjylaryň jemi 25% her gün şol saýtlara girýärdi.
Amerikan alymlary abraýly “The Lancet” žurnalynda öňki Sowet respublikalarynda ilatyň ölüm derejesiniň ösmegine hususylaşdyrmak prosesiniň täsir ýetirendigi baradaky britan alymlarynyň geçiren ylmy barlaglaryny gaýtadan analiz etdiler.
Yragyň premýer-ministri El-Maliki Ak Tamda amerikan resmileri bilen gepleşikler geçirýär. Kürt resmileri bilen Yragyň merkezi hökümetiniň arasyndaky gapma-garşylyklar temalaryň biri bolar.
ABŞ-niň we Günorta Koreýanyň esasy web saýtlaryna garşy elektroniki hüjümler amala aşyryldy. Häzirlikçe hüjümleriň täsiriniň ujypsyzdygy aýdylýar.
Britaniýanyň medisina boýunça abraýly žurnaly ‘The lancet’ tarapyndan çap edilen Oksford uniwersitetiniň ylmy barlag işi, kommunizmden kapitalizme çalasyn ykdysady geçişiň adam pidalary barada maglumat berýär.