Netijede bazar ykdysadyýetine geçiş döwrüniň ilatyň ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanşygynyň ýokdugy anyklandy.
Britaniýanyň medisina meselelerine degişli “The Lancet” žurnalynda ykdysadyýete degişli şok terapiýasynyň ilatyň saglygyna ýetiren ýaramaz täsiri barada çap eden maglumaty ykdysatçy John Earlyny geň galdyrdy.
Sebäbi ykdysatçy hut şok terapiýasy, ýagny sosialistik yurtlaryň planly ykdysadyýetden bazar ykdysadyýetine geçiş döwründäki meselelerini birnäçe ýylyň dowamynda öwrenen alymdyr.
Şeýlelikde Budapeştde ýerleşýan Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň professory, ykdysatçy John Early “The Lancet” žurnalynda çap edilen maglumaty gaýtadan öwrenip, Oksford Uniwersitetiniň barlaglarynyň galp esaslanmalardan ugur alandygyny anyklady.
Bu barada Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ykdysatçy Early hususylaşdyrmak prosesiniň ilatyň ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýändigi barada anyk maglumatlaryň ýokdugyny aýtdy.
Şeýle hem ol bu barada bir ýyl mundan ozal çap edilen maglumatyň dünýä metbugatynda tiz ýaýrandygyny, bu galp çaklamalara hiç kimiň tankydy göz bilen garamandygyny belledi.
Geçen hepdede bolsa ”The Lancet” žurnaly ykdysatçy John Earlynyň geçiren barlag işleriniň soňky netijelerini çap etdi.
“Biziň geçiren ylmy-barlag işlerimiz ilatyň ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň ykdysadyýetdäki hususylaşdyrmak prosesi bilen gös-göni bagly däldigini görkezdi.” diýip, alym aýdýar.
Şeýle hem ol bu barada bir ýyl mundan ozal geçirilen barlag işlerinde ykdysadyýetdäki şok terapiýasy döwrunde köp adamyň işsiz galmak howpunyň ýokarlanýandygyny, munuň bolsa işsiz galan adamlaryň saglyk ýagdaýyna täsir edip, olaryň ölümine sebäp bolup bilýändiginiň aýdylandygyny hem belledi.
Emma alymyň pikiriçe, haýsydyr bir prosese girişilenden soň, onuň ilatyň saglygyna täsir etmegi üçin azyndan 1 ýa 2 ýyl wagt gerek bolýar. Şol wagtyň içinde bolsa hususylaşdyrmak prosesi bilen bagly özgermeleriň adamlara ýetirýan täsiri gowulaşýar. Şonuň üçin ilatyň ölüm derejesiniň artmagyna hususylaşdyrmak prosesiniň täsir edýändigini anyk aýdyp bolmaz diýip, alym belledi.
Şok terapiýasynyň täsiri barada Oksford Uniwersitetinde geçirilen ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylyk eden sosiolog we jemgyýetçilik saglygy boýunça bilermen Dawid Stakler parahatçylyk döwründe heläk bolan adamlaryň sanynyň ur-tut ýokarlanmagynyň hut sosialistik lageriň dargamagyna gabat gelmeginiň tötänlikden däldigini aýdýar.
“Birleşen Milletler Guramasynyň beren maglumatyna görä, 1990-njy ýyllaryň başynda öňüni alyp boljak ölümiň sany, öňki sanlar bilen deňeşdirilende, üç million adam köp boldy. Işe ukyply ýaşdaky adamlaryň şeýle köp ölmegine hiç kim garaşmandy. Biziň barlag işlerimiziň netijesi, şol ölümleriň kommunizmden kapitalizme geçiş döwrüniň strategiýasy bilen baglydygyny görkezdi.” diýip, Stakler belledi.
Emma bu barada çap edilen maglumatlarda hut hususylaşdyrmak prosesiniň ilatyň ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna getirendigi baradaky maglumatlaryň nädogry bolandygyny alym Stakler aýtdy.
Ykdysatçy John Early bolsa öňki sowet giňişliginde ilatyň ölüm derejesiniň 1980-nji ýyllaryň ortasyndan ösüp başlandygyny belläp, bu baradaky agzalan ylmy barlaglaryň diňe 1990-njy ýyllaryň başlarynda geçirilendigini nygtady.

Biziň geçiren ylmy-barlag işlerimiz ilatyň ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň ykdysadyýetdäki hususylaşdyrmak prosesi bilen gös-göni bagly däldigini görkezdi.

Biziň barlag işlerimiziň netijesi, şol ölümleriň kommunizmden kapitalizme geçiş döwrüniň strategiýasy bilen baglydygyny görkezdi.