Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurhany ýakmak çäresine garşy çykylýar


6-njy sentýabrda Kabulda birnäçe ýüz adamyň gatnaşmagynda amerika garşy protest demonstrasiýasy geçirildi.
6-njy sentýabrda Kabulda birnäçe ýüz adamyň gatnaşmagynda amerika garşy protest demonstrasiýasy geçirildi.

ABŞ-nyň Owganystanda gulluk edýän harby generallary Floridada ýerleşýän bir ybadathana tarapyndan 11-nji sentýabrda geçiriljek Gurhany ýakyşlyk çäresini togtatmaga çagyrdylar. ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasyna hem bu çäräni yglan eden ybadathanany tankytlap, onuň bu hereketiniň amerikanlaryň köpüsiniň gaharyny getirendigini beýan etdi.

ABŞ-nyň hem ýaranlyk güýçleriniň Owganystandaky goşunlarynyň serkerdebaşysy general Deýwid Petreus we NATO-nyň turgenleşik missiýasyna ýolbaşçylyk edýän general-leýtenant William Kaldwell Floridada ýerleşýän bir ybadathana tarapyndan 11-nji sentýabrda geçiriljek Gurhany ýakyşlyk çäresini togtatmaga çagyrdylar.

Bu çäre Florida ştatynda ýerleşýän Gaineswille şäherindäki 50 agzasy bolan bir kiçi ybadathana tarapyndan yglan edildi. Ýerli häkimiýetler bu ybadathananyň Gurhany ýakyşlyk ýöreýşini geçirmegine rugsat bermediler. Ýerli häkimiýetler rugsadyň berilmeýändigini bu çäräniň ýangynyň emele gelmeginiň öňüni almak baradaky düzgüni bozýandygy bilen düşündirdiler.

Muňa garamazdan, ybadathananyň pastory Terry Jones bu çäräniň geçirilmeginiň gün tertibinde galdyrylýandygyny mälim etdi.

General Deýwid Petreusyň pikiriçe, Gurhany ýakmak çäresi uly problemalary döredip biler.
Owganystandaky ýaranlyk güýçleriniň serkerdebaşysy general Deýwid Petreus we beýleki harby generallar prezident Barak Obamanyň dünýäde ýaşaýan bir ýarym milliard musulmanlar bilen gowy gatnaşyk gurnamak babatda edýän tagallalaryny Terri Jonsyň ybadathanasynyň ýoga çykaryp biljekdigini nygtadylar.

General Deýwid Petreus bu ybadathananyň yglan eden çäresiniň talyplar tarapyndan öz hereketlerini güýçlendirmek üçin doly ulanyljakdygyny aýtdy. Ýagny, ol hut şeýle çäreleriň ekstremistler üçin örän amatlydygyny belledi. Generalyň pikiriçe, Gurhany ýakmak çäresi diňe Owganystanda däl, eýse dünýäniň hemme künjeklerinde ýaşaýan musulmanlar bilen amerikanlylaryň arasynda uly problemalary döredip biler.

“Kemsidiji inisiatiwa”

NATO-nyň türgenleşik missiýasyna ýolbaşçylyk edýän general-leýtenant William Kaldwell 6-nji sentýabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle çäre üçin owgan ilatynyň Owganystanda gulluk edýän ýaş esgerlerden ar almaga synanyşmaklarynyň mümkindigini çaklady: “Bu hereket Owganystanda gulluk edýän ýaş oglan-gyzlarymyzyň howpsuzlygyna wehim salar we biziň şu ýerdäki missiýamyzy ýoga çykaryp biler”.

ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasy hem bu “adamlary kemsidip, olaryň göwnüne degip biljek” inisiatiwany öňe süren ybadathanany tankytlap, bu mesele bilen bagly ýörite beýanat ýaýratdy. Şol beýanatda “Hemme dini toparlara hem dürli milletlere degişli amerikanlylar bu Florida ştatynda adamlaryň kiçi topary tarapyndan öňe sürlen kemsidiji inisiatiwany ret edýärler. Amerikanlylaryň aglabasy bu köp adamyň dini duýgularyny ynjydyp biljek beýanata garşy çykyş edýärler” diýilýär.

Protest bildirilýär

Amerikanyň ýokary derejeli harbylarynyň we resmileriniň Floridadaky ybadathananyň yglan eden çäresini ýiti tankytlap çykyş edendigine garamazdan, 6-njy sentýabrda Kabulda birnäçe ýüz adamyň gatnaşmagynda amerika garşy protest demonstrasiýasy geçirildi.

“Amerikanlylara ölüm!” diýip, gygyrysýan protestçiler ABŞ-a garşy şygarlar ýazylan plakatlary ellerinde göterip, ýöriş etdiler. Bu proteste esasan dini mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olardan biri Wahidullah Nuri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna şeýle diýidi: “Biz şu gün öz aladalarymyzy Amerika ýetirmek üçin ýygnandyk. Biz demonstrasiýalarymyzy dowam etdireris. Biz Amerikany mukkades Gurhanymyzy kemsitmegi bes etmäge çagyrýarys”.

7-nji sentýabrda Eýran hem öz garaýşyny beýan edip, bu mesele bilen bagly gapma-garşylygyň artmagyna goşandyny goşdy. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast Günbatar ýurtlara ýüzlenip, “Söz azatlygyndan hyýanatçylykly peýdalanyp, adamlar üçin mukkades bolan dini duýgulara degmegiň öňüni almaga” çagyrdy. Şeýle edilmese “musulmanlaryň gahar-gazabyna gözegçilik etmek kyn bolar” diýip, Ramin Mehmanparast nygtady.

CNN telekanalyna beren interwýusynda pastor Jones özleriniň planlaşdyrýan Gurhany ýakmak çäresi sebäpli ýekeje adamyň ömri kesilse, munuň tragediýa boljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da ol özleriniň yslam arkaly ýaýradylýan gorka hem ýigrenje garşy iru-giç durmaly boljakdyklaryna düşünýändiklerini nygtady. Bu ybadathananyň internet sahypasynda yslamyň “zorlugyň hem zulumlygyň” dinidigi aýdylyp, onuň paş edilmeginiň zerurdygy ýazyldy. Bu internet sahypada yslam dininiň şeýtandan çykandygy ýazylýar.

Geçen ýyl bu ybadathana döşünde şeýle ýazgylar ýazylan köýnekleri ýaýradanda, bu waka dünýä metbugatynyň üns merkezinde boldy.

Iki tarap hem gaharly

Musulmanlaryň mukaddes kitaby Gurhanyň beýleki dini toparlara degişli bolan adamlar tarapyndan kemsidilmegi Owganystan ýaly konserwatiw ýurtlarda dürli demonstrasiýalaryň peýda bolamagyna getirýär. Geçen birnäçe ýylyň dowamynda amerikan esgerleriniň Gurhany kemsidendigi baradaky gep-gürrüňler hem protestleriň ýüze çykmagyna getiripdi.

Muhammet pygamberiň karikaturalarynyň günbatar ýurtlarynda çap edilmegi-de Owganystanda köp adamyň gaharyny getirdi. Ýöne ABŞ-da hem 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr wakalary bilen baglylykda musulmanlara garşy gaharyň artýandygy habar berilýär.

Pastor Jonsyň Gurhany ýakmak baradaky inisiatiwasy Nýu Ýorkda 11-nji sentýabr wakalarynda partladylan Bütindünýä söwda merkeziniň duran ýeriniň golaýynda metjidiň we musulmanlaryň medeni merkeziniň gurulmagy bilen bagly gapma-garyşylyklaryň ýitileşmegine gabat geldi. Bu plana garşy çykýanlar şeýle gurluşygyň 11-nji sentýabrdaky wakada heläk bolanlaryň dogan-garyndaşlarynyň göwnüne degip biljekdigini aýdýarlar.

Prezident Barak Obama bilen Nýu Ýork şäheriniň administrasiýasy bu terrorçylykly hüjümi ekstremistleriň gurnandygyny, şol az sanly adamlaryň bu hüjümi üçin hemme musulmanlaryň hak-hukugy kemsidilse, munuň nädogry boljakdygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG