Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki özbekler gyrgyz esgerlerini günäkärleýär


Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň töweregindäki obalarda ýaşaýan özbekler hökümet esgerleriniň obalara dökülip, adamlary urup-ýenjendigini, şahsy dokumentleriň dargadylandygyny aýdýarlar. Naryman obasyna edilen çozuşa gözegçilik eden edara bolsa, bu aýdylýany ret edýär.

Gyrgyz esgerleri özbek obasyna döküldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00

Düýn, çozuşdan soň, Narymanda 10-12 özbek Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Brýus Panniýeriň ýanyna gelip, ýakylan ýa ýyrtylan pasportlaryny görkezdiler. Olar bu işi edeniň egni formaly esgerlerdigini aýtdylar.

“Ençeme ýaş ýigitler, hatda garry adamlar hem urlup-ýenjilipdir. Olary tüpeňiň gundagy bilen urupdyrlar. Şahsy dokumentler barada aýdylanda bolsa, köp adamlar yzly-yzyna biziň ýanymyza gelip, ýyrtylan ýa ýakylan pasportlaryny görkezdiler” diýip, Panniýer aýdýar.

Panniýer hüjümden soň hökümet esgerleriniň harby maşynlarda obadan çykyp barýandyklaryny görüpdir. Oşdaky häkmiýetler esgerleriň özbekler tarapyndan ýollarda gurlan barrikadalary söküp aýyrmak üçin Narymana iberilendigini tassykladylar.

Olaryň aýtmagyna görä, bu iş ilatyň elindäki bikanun ýaraglary ýygnamak üçin edilýär. Şahsy dokumentler hem şübhelenilýän jenaýatçylary tapmak üçin barlanýar.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Rahmatullah Ahmedow düýn ýerli polisiýa başlygynyň öldürilmeginde eli bar diýlip güman edilýän ýedi adamyň tutulandygyny aýtdy. Ol operasiýada pasportlar dargadyldy diýlen habary ret etdi.

Oşdaky özbek ýaşulular geňeşiniň başlygy Mamyr Nizamow: “Hökümetiň ýaragly güýçleri etniki dartgynlylygy köşeşdirmäge derek, gaýta muňa päsgeliçik döredýär” diýýär.

"Formaly" adamlar

Human Rights Watch guramasynyň düýn Narymana baran barlagçysy Anna Neýstat ençeme adamyň häkimiýetler tarapyndan alnyp gidilendigini belleýär.

“Obanyň daşy tutuş gabaldy. 15-20 polisiýadan ýa esgerleden ybarat toparlar – bularyň kimlerdigini bilemok – obanyň töwereginde aýlanyşyp ýördüler, öýlere girýärdiler. Olar adamlaryň dokumentlerini barlap, soň hem erkek adamlary urmaga durdular. Olar Narymanyň polisiýa başlygyny kimiň öldürendigi barada maglumat aljak bolýardy” diýip, Neýstat aýdýar.

Neýstat: “Narymanda bolan operasiýa ýagdaýyň kontrollyk astynda däldigini görkezýär” diýýär.

Brýus Panniýer Narymana gitmezden öň özbek bosgunlarynyň Othanada saklanýan lagerlerine baryp görüpdir. Ol bu ýerlerdäki bosgunlaryň sanynyň müňden ýokarydygyny aýdýar. Bularyň köpüsi hem aýallar we çagalar.

Adyny aýtmadyk bir özbek zenany ol ýerdäki ýagdaýy şeýle suratlandyrýar: “Egni formaly köp adam bu ýere geldi. Olar “Puluňyz barmy?” diýip, üstümizi dökdüler. Pullarymyzy, altyn-kümüş şaýlarymyzy aldylar. Soň hem dokument soradylar. ‘Öýlerimiz otlananda dokumentlerimiz hem ýandy’ diýemizde: ‘Onda Gyrgyzystandan gitmeli wagtyňyz bolupdyr” diýip, bize gülüşdiler. Lageriň daşy bütinleý gurşaldy. Aýakýola-da rugsatsyz goýbermediler. Erkek adamlary tutup, ýençdiler. Erkekleriň hemmesi häzir olaryň elinde zamun saklanýar”.
XS
SM
MD
LG