Ýewropa Komissiýasy jemgyýetçilik kampaniýasynda ýene öz başyna bela satyn aldy. Bu gezek gürrüň ýaş zenanlary “ylmy işlere gatnaşmaga” cagyrmak maksady bilen düşürilen wideo barada barýar.
Bu ýeri Zollwerein Kömür-magdan senagat kompleksi. Günbatar Germaniýanyň birçak poslap ýatan bu kömür we polat-senagat merkeziniň şekiliniň üýtgedilmegi adamlarda ýagty, al-ýaşyl ykdysady geljege umyt döretdi.
Brýusselde ýerleşýän Ýewropa parlamentiniň aýda gurnalýan plenar mejlisleriniň biri Strasburgda geçirilýär. Ýöne bu çäräniň köp wagt, serişde we zähmet talap edýändigini aýdyp, muny tankytlaýanlar-da bar.
Ýewropa Bileleşiginiň gezegine bolunýan prezidentligi 1-nji ýanwarda ýene Daniýa geçýär.
Duşenbe güni ÝB-niň maslahatynda Belarusdaky, Eýrandaky we Ukrainadaky meseleler gün tertibine geldi.
Ýewropa Parlamenti Özbegistandan tekstili satyn almagy ýeňilleşdirjek söwda ylalaşygyny makullamady.
Ýewrokomissiýa ÝB döwletleriniň 3-nji ýurtlar bilen baglaşýan energiýa şertnamalaryna garamaga özüne hukuk berilmegini isleýär.
ÝB Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň režimi bilen baglanyşykly baýlyklary doňdurar diýlip garaşylýar.
Ýewropa Parlamenti ÝB-niň Türkmenistan bilen gatnaşygyny ýokarlandyrmak baradaky karary iýul aýyna çenli yza süýşürdi.
ÝB özüniň ýakyn goňşularyna goşmaça 1,242 milliard ýewro pul kömegini wada etdi. Ýöne bu kömek reformalaryň gidişine bagly.
ÝB Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada we onuň ýakyn ýaranlaryna, şeýle hem Eýrana garşy sanksiýalary artdyrýar.
Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasynyň Aşgabada sapary köp garaşdyrylan ylalaşygyň ykbalyna täsir eder.
Ýewropa Bileleşigi we ABŞ resmi Belarusa garşy täze ykdysady we sapar etmek gadaganlygyny girizdiler.
Özbek prezidenti Yslam Kerimow duşenbe güni resmi sapar bilen Brýussele bardy. Onuň maksady ÝB-niň we NATO-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak.
Ýewropa Parlamentindäki syýasy toparlar bilelikde bir rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarladylar. Onda Belarusda bolup geçen wakalar ýazgarylýar.