Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenkonyň režimi gadaganlyga uçrady


Aleksandr Lukaşenko “Ýewropanyň soňky diktatory” diýlip atlandyrylýar.
Aleksandr Lukaşenko “Ýewropanyň soňky diktatory” diýlip atlandyrylýar.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar resmi Belarusa garşy täze ykdysady we sapar etmek gadagançylygyny girizdiler. Bu çärä Belarusyň howpsuzlyk güýçleriniň geçen ýylyň dekabryndaky prezidenltlik saýlawlaryndan soňky protestleri gazaply basyp ýatyrmagy we beýleki hukuk bozmalar sebäp boldy.

Duşenbe güni Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri nobatdaky duşuşykda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko we başga-da ýokary derejeli resmilere garşy wiza gadagançylygyny girizmegi, şeýle-de olaryň maliýe serişdelerini doňdurmagy ylalaşdylar.

Jemi 158 adamyň Ýewropa Bileleşigine barmagyna gadaganlyk girizildi. Bu adamlaryň arasynda: Lukaşenkonyň iki ogly, Wiktor we Dmitriý, şeýle-de Belarusyň goranmak ministri Ýuriý Žadobin dagylar hem bar. Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň aýtmagyna görä, Belarusyň indiki etjek hereketleri bilen baglylykda gadagan edilenleriň sanawy ulaldylyp bilner.

Belarusda geçen ýylyň dekabryndaky prezidentlik saýlawlaryndan soňraky protestleriň Belarusyň hökümeti tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylmagy günbatar ýurtlarynda uly ýazgarma döretdi. Paýtagt Minskide geçirilen bu protestde 600 gowrak adam, şol sanda oppozisiýadan prezidentlige dalaş eden dokuz kandidatyň 7-si tussag edildi.

Resmileriň berýän maglumatlaryna laýyklykda, eýýäm Belarusa 16 ýyl bäri baştutanlyk edip gelýän, “Ýewropanyň soňky diktatory” diýlip atlandyrylýan Aleksandr Lukaşenko soňky prezidentlik saýlawlarynda sesleriň 80 prosent töweregini alypdyr. Çaklamalara görä, bu saýlawda sesleriň galplaşdyrylmagyna ýol berlipdir.

Emma Belarusyň daşary işler ministri Sýargeý Marynaua Ýewropanyň Şengen zonasyna girmek gadagan edilmedi. Bu kadadan çykmany Polşanyň daşary işler ministri Radek Sikorski şeýle düşündirdi: "Daşary işler ministri Sýargeý Martynaunyň sanawa girmediginiň sebäbi – bu Ýewropa Bileleşginiň we Polşanyň izolýasiýa syýasaty arkaly işlemek isleginiň ýoklugydyr”.

Minsk ozalky gadagançylykdan sapak almady

Belarus resmileriniň garşysyna mundan öňem ÝB zonasyna barmak gadaganlygy girizilipdi. Belarusdaky 2006-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlary hem uly ýazgarma döredipdi. Hut şol sebäpli belarus häkimiýetinden 41 adama Ýewropa barmak gadagan edilipdi. Bu gadaganlyk Belarusda demokratiki reformalary ugrukdyrmak maksady bilen iki ýyldan soňra ýatyryldy. Emma edil häzir, geçen hepde Belarusyň hökümetiniň tussag edilenleriň bir bölegini boşadanlygyna garamazdan, ÝB tarapyndan ýene täze gadaganlyklar girizildi.

ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Belarusa garşy ykdysady gadaganlyklary girizmek meselesini hem geňeşdiler. Bu barada Litwanyň daşary işler ministri Audonius Azubalis Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasy ara biraz wagt salyp, bu meselä täzeden garar. Eger-de ýagdaý gowulyga tarap üýtgemese, onda goşmaça ykdysady sanksiýalary girizmek ähtimallygy hem aradan aýrylanok”.

Ýewropa Bileleşigi täze sanksiýalaryň girizilendigini yglan edeninden birnäçe sagat soňra, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti hem Minskä garşy sanksiýalary girizmek boýunça özüniň-de planlarynyň bardygyny aýan etdi. Şunuň bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlar öz kompaniýalaryna we raýatlaryna Belarusyň döwlet nebit we himiýa korporasiýasy “Belneftekhim” bilen hyzmatdaşlyga gadagançylyk girizdi.

Ýaýradylan resmi press-relizde Birleşen Ştatlaryň belarus resmileriniň arasyndan Amerika gelmegi gadagan edilen adamlaryň sanawyny hem giňeltjekdigi habar berilýär.

Resmi Belarusyň garşysyna ilkinji gadaganlygy prezident Jorj Buş, 2006-njy ýyldaky saýlawlarda Lukaşenko şübheli ýagdaýda prezident saýlanansoň, girizipdi.
XS
SM
MD
LG