Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB energiýa şertnamalarynda has köp aç-açanlyk isleýär



Ýewropa Komissiýasy ÝB-e import edilýän energiýa mukdarynyň öňümizdäki ýyllarda artmagyna garaşylýandygyny aýdýar, şol sebäpden energiýa syýasatynyň sazlaşykly alnyp barylmagyny zerur hasaplaýar.
Ýewropa Komissiýasy ÝB-e import edilýän energiýa mukdarynyň öňümizdäki ýyllarda artmagyna garaşylýandygyny aýdýar, şol sebäpden energiýa syýasatynyň sazlaşykly alnyp barylmagyny zerur hasaplaýar.
Ýewropa Komissiýasy Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň 3-nji ýurtlar bilen baglaşýan energiýa şertnamalaryna garamaga özüne hukuk berilmegini teklip edýär.

Komissiýa ÝB-niň energiýa meselesinde agzybir hereket etmegini üpjün etmek, şeýle hem Orsýet ýaly ýurtlar bilen baglaşylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň has hem aç-açan bolmagyny gazanmak üçin bu iş zerur diýip, delil getirýär.

Emma çarşenbe güni köpçülige ýetirilen bu teklibiň Brýussele energiýa şertnamalary boýunça has köp ygtyýarlylyk berilmegini halamaýan ÝB ýurtlarynyň berk garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin.

Ýewropa Komissiýasy ÝB-e import edilýän energiýa mukdarynyň öňümizdäki ýyllarda artmagyna garaşylýandygyny aýdýar, şol sebäpden energiýa syýasatynyň sazlaşykly alnyp barylmagyny zerur hasaplaýar.

Häzir Ýewropa Bileleşiginde sarp edilýän nebitiň 80 prosenti, tebigy gazyň hem 60 prosenti daşardan gelýär.

“Agzybir ses gaty çykýar”

Ýewropa Bileleşiginiň energiýa komissary Günter Öttinger Brýusseldäki konferensiýada, 7-nji sentýabr.
Bileleşigiň energiýa komissary Günter Öttingeriň nygtamagyna görä, şertnama baglaşylanda agza döwletler özara dawalaşmaz ýaly, “Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça daşary gatnaşyklarynda giňişeleýin strategiýa döretmek gerek”.

“Bir bähbit we bir ses bilen bütinleý tapawutly agramymyz bolar. Şeýle bolanda ‘agzyny alart-da, höküm sür’ diýen oýny oýnamak beýleki tarapa aňsat düşmez” diýip, Öttinger aýtdy.

Şol sebäpden Öttinger “hökümetara energiýa ylalaşyklary boýunça alyş-çalyş mehanizminiň” döredilmegini teklip edýär.

Bu telip agza döwletler özleri bilen 3-nji ýurtlaryň arasynda baglaşylan şertnamalary Ýewropa Komissiýasyna ibermeli diýildigi. Ylalaşyklaryň kommersiýa taraplaryna degişli gizlin dokumentler bolsa beýleki hökümetlere görkezilmez.

Komissiýa haýsydyr bir ylalaşyga weto goýup bilmese-de, Ýewropa Bileleşiginiň içki bazarynda bäsdeşlik düzgünlerini bozanlygy üçin, şertnama barada Ýewropanyň Adalat suduna ýüz tutup bilýär.

Öttinger täze teklibiň öňki şertnamalary öz içine almaýandygyny aýtdy. Bu hem soňky ýyllarda Demirgazyk Afrika režimleri bilen jedelli ylalaşyklara gol çekişen Italiýa ýaly ýurtlaryň gorkup ýörmeli däldigini aňladýar.

“Ýok, bar bolan şertnamalar galar. Biz bu teklip bilen yza hereket etmekçi däl” diýip, Öttinger aýtdy.

Teklipde energiýa şertnamalary barada gepleşik geçirilende oňa synçy we geňeşçi hökmünde Brýusseliň resmileriniň hem gatnaşdyrylmagy maslahat berilýär. Muňa hem köp ýurtlaryň Ýewropa Komissiýasy gaty gidýär diýip düşünmegi mümkin.

Öttingeriň metbugat konferensiýasyndaky çykyşyndan, Brýussel, 7-nji sentýabr
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00
Ýükle


Edilýän ýene bir teklip energiýa infrastrukturasy babatda Komissiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň adyndan şertnama baglaşyp bilmegi. Köp ýurtlaryň bu teklibi hem kabul edip-etmejekdigi belli däl. “Mysal üçin, Ýewropa Bileleşigi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ‘Transhazar’ gaz geçiriji proýekti boýunça gepleşiklerde rol oýnap biler” diýip, Öttinger aýtdy.

Komissiýa ÝB-e agza döwletler bu edilýän teklibi kabul eder diýen pikirden ugur alýar. Bileleşigiň ýerine ýetirije organy bolan Ýewrokomissiýa Ýewropa Geňeşiniň üstümizdäki ýylyň başlarynda 27 agza döwlet tarapyndan kabul edilen bir kararyna salgylanýar.

Kiçi döwletler aç-açanlyga razy bolar

Bu kararda hökümetler 2012-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, özleriniň 3-nji ýurtlar bilen energiýa babatda baglaşan ikitaraplaýyn täze we ozal bar bolan şertnamalary hakda Ýewrokomissiýany habarly etmäge çagyrylýar. Bu işden maksat Komissiýanyň bu maglumatlary ýaraşykly ýagdaýda beýleki agza döwletlere ýetirmegi.

Ýewropa Geňeşindäki bir çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä energiýa babatda açan-açanlygyň bolmagyny kiçiräk ýurtlar oňat garşylar. Ýöne, mysal üçin Liwiýanyň täze hökümeti bilen düşewüntli nebit şertnamasyna ymtylýan ýurtlaryň ÝB-niň synçylarynyň bu gepleşiklere gatnaşmagyna meýil görkezme ähtimal ýokary däl diýip, bu çeşme aýdýar.

Muňa garamazdan, Öttinger häzir Ýewropa Bileleşige ýolbaşçylyk edýän Polşa bu barada şu ýylyň aýagyna çenli milli hökümetleriň razylygyny alar diýip, umyt edýär.

“Men ÝB-niň Polşa prezidentligi bu teklibe uly gyzyklanma bildirer diýip, umyt edýärin” diýip, Oettinger aýtdy. “Biziň olar bilen gowy hyzmatdaşlygymyz boldy. Olar munuň Ýewropa Geňeşinde çalt ykrar edilmegini gazanmak üçin itergi bererler diýip, umyt edýäris”.
XS
SM
MD
LG