Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus, Eýran we Ukraina üns merkezine alyndy


Ýewropa Bileleşginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş diplomaty Katerin Aşton Lýuksemburgdaky maslahatda. 10-njy oktýabr, 2011.
Ýewropa Bileleşginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş diplomaty Katerin Aşton Lýuksemburgdaky maslahatda. 10-njy oktýabr, 2011.
Adam hukuklarynyň Belarusdaky we Eýrandaky elhenç ýagdaýy Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň bu iki ýurtdaky häkimiýet başyndaky režim bilen ilteşikli adamlaryň garşysyna girizen sanksiýalaryny artdyrmagyna sebäp bolýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň režimi baradaky sanksiýalaryny artdyrdylar. Ministrleriň Lýuksemburgda barýan duşuşygynda Eýranyň garşysyna hem berk sanksiýalaryň girizilmegine garaşylýar.

Belarusa garşy täze çäreler

Ministrler Ýewropa Bileleşigine sapar etmegine ýol berilmeýän 192 sany belarusly resmini öz içine alýan gara sanawa ýene 16 sany täze ady girizdiler. Bularyň aglabasy öten dekabrda geçen prezidentlik saýlawyndan soň gurnalan protestlere gatnaşyjy adamlara iş kesen sudýalar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle duşuşykdan öň eden beýanatynda: “Belarusda oppozisiýa çemeleşilişi, edilýän zulum-sütem hiç bir nukdaýnazardan kabul ederlik däl. Bu meselede Ýewropa Bileleşiginiň ynandyryjylykly hereket etmegi örän möhüm” diýdi.

Şeýle hem, ministrler oktýabryň aýagynda möhleti tamamlanýan häzirki sanksiýalaryň ýene bir ýyl uzaldylmagy barada ylalaşdylar. Bu karary aňsatlaşdyran zat Minskiň ýakynda Warşawada geçen Gündogar Ýaranlygynyň sammitine gatnaşmanlygy. Belarus delegasiýasy Polşanyň Lukaşenkony çagyrmanlygy üçin sammiti boýkot etdi.

Eýran nämä garaşyp biler?

Lýuksemburg duşuşygynda Ýewropa Bileleşiginiň wiza gadagançylygy baradaky sanawynda duran eýranlylaryň sany hem iki essä golaý artdyrylar diýlip çaklanylýar. Bileleşik mart aýynda Eýran režimi bilen ilteşikli 32 eýranlyny öz gara sanawyna girizip, olaryň Ýewropa blogunda bar bolan bank hasaplaryny doňdurmaly etdi. Ministrleriň duşenbe günki duşuşykda bu sanawa ýene 29 adamy goşmagyna garaşylýar.

Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýg bu sanawa ýene ençeme ady goşmak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana görkezýän gysyşyny artdyrjakdygyny bildirdi.

“Biz Eýran barada pikir alşyp, adam hukuklarynyň elhenç ýagdaýyny gowulandyrmak üçin oňa basyş ederis. Biz ozal girizilen bu basyşy artdyrmak üçin goşmaça çäreler hakda pikir alyşýarys” diýip, Wilýam Heýg belledi.

Ukraina-da üns merkezinde

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda gün tertibinde duran ýene bir ýurt Ukraina. Öňki premýer-ministr Ýulia Timoşenkonyň üstünden barýan sud prosesinde ertir, sişenbe güni, suduň kararyna garaşylýar. Ministrler proses näme netije bilen gutarsa, şoňa laýyk jogap bermek barada pikir alşarlar.

Käbir çeşmeleriň pikiriçe, suduň kararyna adalatsyz diýip garalan ýagdaýynda, Brýussel bilen Kiýewiň arasynda hemmetaraplaýyn erkin söwda zonasy barada gol çekilmeli ylalaşygyň howp astyna düşmegi mümkin.

Gündogar Ýaranlygynyň geçenki sammitinde bu baradaky ylalaşyga dekabrda Ýewropa Bileleşigi bilen Ukrainanyň ýokary derejeli duşuşygynda gol çekilmegi mümkin diýip ylalaşylypdy. Meseläniň tehniki taraplary barada-da üstümizdäki aýyň aýagyna çenli ylalaşyga gelinmeli edilipdi.

Polşa bu gol çekişligiň Ýewropa Bileleşigine özüniň ýolbaşçylyk edýän häzirki alty aýlyk döwründe bolmagy barada gaty köp tagalla etdi. Onuň bu prezidentlik möhleti dekabrda tamamlanýar. Ýöne Timoşenkonyň sud prosesi sebäpli Germaniýa bilen Fransiýanyň gol çekişligi yza süýşürmegi mümkin.

Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginde Ukraina bilen basym ylalaşyga gelinmegini isleýän diňe Polşa.

Ýewropa Bileleşginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş diplomaty Katerin Aştonyň metbugat sekretary Maýa Koçijiançiç ýagdaýyň Bileleşigi aladalandyrýandygyny bildirdi.

“Ýuliýa Timoşenkonyň sud işi barada Ýewropa Bileleşiginiň tutumy aýdyň. Biz kanunyň aýry-aýry adamlara garşy matlaply ulanylmagyna garşy. Biz ençeme gezek bu prosesiň ähli proseduralarynyň hemmelere aýdyň şekilde alnyp barylmagyna çagyryş etdik. Görýän wakalarymyz barada ünji-aladamyzy beýan etdik. Bu işi ýene dowam etdirýäris we bu prosesi dykgat bilen yzarlarys” diýip, Maýa Koçijiançiç belledi.
XS
SM
MD
LG