Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň administrasiýasy paýtagtyň jemgyýetçilik şäher içi awtobus transportynyň töleg nyrhynyň galdyrylýandygy barada bildiriş ýaýratdy.
Paýtagtyň taryhy merkezi raýony diýlip atlandyrylýan ýerden ozalky prezident S.Nyýazowyň ejesi Gurbansoltanyň ýadygärligi aýryldy. Häzir bu ýerde täze seýilgähiň gurluşygy gidýär.
Türkmenistanyň prezidenti haja gitmegi üçin 188 zyýaratçyny Saud Arabystany patyşalygyna ýollamak baradaky buýruga gol çekdi. Emma, ýurtda adamlaryň haja gitmek mümkinçilikleriniň çäklidigi aýdylýar.
Häkimiýetler "Hitrowkadaky" bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň köçe tarapyndaky otaglarynda ýa-da şol jaýlaryň howlularynda açylan hususy dükanlaryň ýapylmagyny talap edip, aýlanyp çykypdyrlar.
Türkmenistanda täze teatr möwsümi açyldy. Tomusky arakesmeden soň paýtagtyň teatrlarynda oýunlar görkezilip başlandy. Emma ähli teatrlara deň derejede gyzyklanma bildirilmeýär.
Birnäçe gün bäri paýtagtda inspektorlar aýnalary garaňkyradylan awtoulaglary saklap, olaryň eýelerinden garaňkyradýan ýörite plýonaklary aýyrmaklaryny talap edýärler.
Sentýabr aýynyň 7-ine ýurtda güýzki atçapyşyk möwsümi açyldy. Bu atçapyşyk möwsüminiň açylyş dabaralary, adatdaky ýaly, Aşgabadyň Atçylyk sport komplekisinde geçdi.
Bedew ýaşaýyş massiwindäki gurluşyk materiallary satylýan dükanlaryň ählisi diýen ýaly eýýäm dört aý bäri ýapyk. Bu söwda nokatlarynyň ýapylmalydygy barada maý aýynyň başlarynda tabşyryk berlipdi.
Ýurtda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär. Bu çäräniň çäginde ýurduň habar serişdelerinde ýol howpsuzlygy barada ýörite gepleşiklerdir wideorolikler görkezilýär.
Şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy (PÝGG) paýtagt Aşgabatdaky hususy awtoulaglaryň tekerlerine dakylan gara reňkli diskleri gadagan etdi.
Soňky döwürde Aşgabatda “paýtagty abadanlaşdyrmak we gözelleşdirmek” diýlip atlandyrylýan işleriň netijesinde şäheriň belli-belli etraplarynyň jaýlarynyň sowadyjylary aýryldy.
Duşenbe güni “Bilimler we talyp ýaşlar” gününe gabatlanyp, paýtagtyň Andalyp prospektiniň ugrunda gurulan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti açyldy. Bu ýokary okuw jaýynyň binalar toplumynyň baş binasynda birbada 2 müň student bilim alyp biler.
Balkan welaýatynyň tebigaty baý. Bu ýerde syýahatçylary özüne çekip biljek diňe bir Awaza däl, eýse welaýatyň beýleki künjeklerinde-de dürli tebigy gözellikler näçe diýseň bar. Emma...
“Türkmenbalyk” söwda öýüniň açylmagy bilen, bu ýerde sarp edijilere balyk önümleriniň dürli görnüşleriniň hödür ediljekdigi aýdylypdy. Emma bu ýerde balyk harytlarynyň juda çäklidigi aýdylýar.
Ylaýyk iki ýyl mundan ozal paýtagtyň bazarlarynda satylýan elin etiň bahasy gymmatlap başlady. Şol wagt elin etiň bir kilogramynyň bahasy 12 manatdan 16-17 manada ýetdi.
Häkimiýetleriň Parahat-7-däki split-sistemalary aýyrmak synanyşyklarynyň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmese-de, bu çäräniň prezidentiň geçmeginiň ähtimaldygy bilen baglanyşdyrylýar.
Türkmenistanda türk diplomatlarynyň, gurluşykçylarynyň, şeýle-de türkmen çagalarynyň okaýan Anadoly adyndaky türk liseýiniň hem-de başlangyç türk mekdebiniň gapylary müdimilik ýapyldy.
Paýtagtyň Bagtyýarlyk (öňki S.Nyýazow) etrabynyň häkimliginiň ýakynynda ýerleşýän garrylaryň öý-internaty daşyndan sowet döwrüniň çagalar bagyny ýadyňa salýar.
Prezident G.Berdimuhamedowyň heýkelini oturtmak baradaky teklipden soň, türkmen metbugatynda muny goldap ýazylan makalalardyr, türkmenistanlylaryň hatlary çap edilip başlandy.
Täze okuw ýylynda ýaşajyk, esasan hem alty ýaşyndaky çagalar ýurduň orta mekdepleriniň bosagasyndan ätlär. Şol bir wagtda, mekdeplerde alty ýaşlylar üçin ýörite okuw klaslary ýetmezçilik edýär.
Ýene-de ýükle