Türkmenistan garaşsyzlygynyň 23-nji ýyllygyny uly şowhun bilen belleýär. Bu baýramçylyk mynasybetli düýn paýtagtyň “Aşgabat” stadionynda teatrlaşdyrylan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçdi. Şu gün bolsa paýtagtyň baş meýdançasynda harby parad boldy.
Eýýäm 23 ýyl bäri bellenýän bu baýramçylyk, adatça, köp adamly köpçülikleýin çäreler bilen garşylanýar. Bu baýramçylyk mynasybetli dürli köpçülikleýin çäreler ýurtda bir aý öňünden geçirilip başlanýar. Döwlet edara-kärhanalarynda garaşsyzlyk baýramy mynasybetli maslahatlar, sazly-edebi duşuşyklar gurnalýar.
Paýtagtyň “Aşgabat” stadionyndaky düýnki teatrlaşdyrylan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy bolsa bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çärelerden derejesi we möçberi boýunça esasylaryň biri hasaplanýar. Prezidenti mahabatlanydyrylyp “Arkadaga şöhrat” diýen şygar astynda geçen bu döwlet derejesindäki dabarada paýtagtyň, welaýatlaryň aýdym-saz we tans toparlary çykyş etdiler.
Şeýle-de bu dabarada döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we mekdep okuwçylary hem çykyş etdiler. Umumy sany takmynan 3 müňe golaý gatnaşyjylardan ybarat bu dabarada çykyş edenler bir aýdan hem köp wagt öňünden öz çykyşlaryna taýýarlyk görüp başlapdylar. “Marşirowka” adyny alan bu taýýarlyk çärelerine olar her gün diýen ýaly gatnaýardylar.
Ýekşenbe güni geçirilen çärede 10 müň adama niýetlenen “Aşgabat” stadionynyň tribunalary tomaşyçylardan doludy. Olaryň käbirleri dabara başlamanka, stadiona gelýärkäler, ýolda ýagşa ezilipdiler. Sagat 18.00-da başlamaly bu çärä gelen mejbury tomaşaçylaryň käbirlerine sagat 14.00-da, käbirlerine bolsa sagat 15.00-da gelmeli diýlip buýruk berlipdir. Olar 3-4 sagatlap +3, +4 töweregi çigrek howada çäräniň başlamagyna garaşmaly bolupdyrlar.
Şol bir wagtda bu tribunalardaky döwlet edaralarynyň işgärlerini, talypdyr okuwçy ýaşlary ýörite bellige alyp ýören adamlary hem görmek bolýardy. Olary bu dabara iberen guramanyň ýörite işgärleri, elindäki sanaw boýunça, bu “tomaşaçylaryň” stadiona gelip-gelmändigini bellige alýardylar.
“Tomaşaçylaryň” ýolbaşçylary öz tomaşaçylaryny diňe bir bellige alman, eýsem olaryň dabara mahaly özlerini nähili alyp barmalydyklaryna hem gözegçilik edýärdiler. Olar kime baýdajyklaryň we baýdaklaryň berilmelidigini, haçan olary galgatmalydygyny aýdýardylar.
Çäräniň başynda onuň režissýory hem dabara gatnaşyjylara we oňa tomaşa edýänlere gödek görnüşde görkezmeleri berýärdi.
Bu dabaranyň tamamalanmagy bilen oňa tomaşa etmäge gelenleriň “başdan geçirmeleri” tamamlanmady. Olar bu ýerden gaýtmak üçin awtobusa münmäge ep-esli wagt garaşmaly boldular. Käbirleri bolsa awtobusa garaşman, 1-2 kilometr ýöräp, Bitaraplyk prospektinden taksi tutjak bolýardylar.
Düýnki “Aşgabat” stadionyndaky ýaly mejbury dabara we mejbury tomaşaçylyk şu gün irdenki geçen harby paradda hem dowam etdi. Şu gün irden howanyň temperaturasy +5 gradusa hem ýetmeýärdi, howa çigrekdi. Howanyň sowukdygyna garamazdan, iki sagat dowam eden bu dabara hem döwlet edara kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we mekdep okuwçylary gatanaşdyryldy.
Mundan başga-da, şu günki harby parad sebäpli paýtagtyň käbir köçeleri hem beklendi. Eýýäm düýn gije polisiýanyň ýol gözegçülik gullugynyň awtoulagy aýlanyp, S.Türkmenbaşy prospektiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda goýlan awtoulaglaryň köçeden has daşrakda goýulmagyny talap edip, awtoulag eýelerine duýduryş berýärdi.
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary şu gije konsert we feýerwerk bilen dowam eder. Ertir bolsa Gökderedäki halkara atçylyk toplumynda baýramçylyk atçapyşygy geçiriler. Mundan başga-da welaýat merkezlerinde hem baýramçylyk çäreleri geçirilýär.
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda garaşsyzlygyny yglan edensoň, garaşsyzlyk baýramy ýurduň esasy baýramlarynyň biri hökmünde bellenilip geçilýär. 27-nji we 28-nji oktýabr günleri bolsa baýramçylyk dynç günleri diýlip yglan edildi.