Şu gün, ýagny 7-nji sentýabrda bütin Daşoguz welaýaty boýunça resmi taýdan pagta ýygym kampaniýasy başladyldy. Bu mynasybetli ýurduň demirgazyk welaýatynyň etrapdyr obalarynda ýörite baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda kärende ýerleriniň golaýlary ýörite lentalar bilen bezelip, dabaranyň geçýän ýerine ir sagat 06:00-da edaradyr kärhanalaryň işgärleri, medeniýet wekilleri, lukmanlar, mugallymlar, okuwçylar we ýaşulular eltildi.
Bu çärä gatnaşýan mugallymlaryň biri özleriniň bu ýere mejbury ýagdaýda getirilendiklerini, şeýle-de mekdepdäki sapaklaryň ýatyrylyp, ähli mugallymlaryň we okuwçylaryň dabara gelmeli edilendiklerini gürrüň berdi.
“Bize gyzyl reňkli köýnek geýnip, elimize-de gowaçadan boglan desseleri alyp gelmegi tabşyrdylar. Okuwçylary hem gelmeli etdiler. Bu gün ähli sapaklar ýatyryldy. Garaz, aýlyk alyp işleýänleriň ählisi bu dabara getirilene meňzeýär. Egirme-dokma kärhananyň gyzlaryna gök halat geýdirip, ak ýaglyk daňdyryp, boýnuna-da pagta ýygylýan fartugy dakyp göz üçin pagta ýygdyrdylar” diýip, Gülşirin mugallym gürrüň berdi.
Pagta ýygymyna başlanandygy mynasybetli geçirilen dabarada aýdym-saz aýtdyryldy we taryhy sahnalar hem gurnaldy. Teatrlaşdyrylan oýunlarda ýüň darap ýüp egrip, ýorgan-ýassyk tikip oturan daýzalary hem synlasa bolýardy.
Teatrlaşdyrylan oýunlar bilen bir wagtda dabaranyň dowamynda kärende ýerleriň eýeleri bolup çykyş edenleriň-de düýbünden başga-başga adamlar bolandygyna üns çekilýär.
“Prezidenti alkyşlap, kärende ýeriniň eýesi bolup biziň mekdep direktorymyz çykyş etdi” diýip, Gülşirin mugallym Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Bir hepde mundan öň
Daşoguzda pagta ýygymynyň resmi taýdan başlanmagy mynasybetli geçirilen bu günki dabara bilen birlikde, mundan bir hepde ozalam Türkmen döwlet telewideniýesi, hamana, 7-nji sentýabrda surata düşürildi diýip görkezmek üçin, bu ýerde ýasama dabara gurnap, öňünden ýazgy edipdir.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşoguzlylar welaýatyň Boldumsaz, Gubadag, Nyýazow, Ruhyblent, Gurbansoltan eje etraplarynda geçen hepdäniň ahyrynda “pagta ýygymyna resmi taýdan başladyk” diýip, uly gerimde dabaralaryň geçirilip, şowhun-şagalaňyň gurnalandygyny gürrüň berdiler.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan daşoguzlylar bu ýasama çäreler üçin hem bir hepde töweregi taýýarlyklaryň görlendigini gürrüň berýärler.
“7-nji sentýabrda geçirildi diýlip gurnalan bu çärelere welaýatyň ähli etraplaryndan pagta daşaýan we ýygýan tehnikalary ýygnap, öňüne prezidentiň suratyny asyp, ýasama dabaranyň surata alynýan ýerlerine nobatma-nobat gatnatdylar” diýip, özüniň atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly ildeşimiz gürrüň berdi.
Daşoguzda pagta ýygymy 7-nji sentýabrda başlandy diýlip resmi taýdan yglan edilse-de, welaýatyň gowaçanyň gozalary ir açylan käbir etraplarynda pagta ýygymy eýýäm geçen aýyň ortalaryndan bäri dowam edip gelýär.
Owalky pagta ýygymy möwsümlerinde bolşy ýaly, bu gezek hem döwletden aýlyk alýan, ýagny býujet işgärleri ýene-de mejbury işe çekilýärler.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetden peýdalanýandygy sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň dowamly tankydyna uçraýar.
Şu ýyl türkmen häkimiýetleri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýarlar.