Lebap welaýatynda ençeme gurluşyk desgalarynyň tabşyrylmaly möhletiniň gutarandygyna garamazdan, olaryň 110 sanysynda işler henizem dowam edýär diýip, türkmen prezidenti Berdimuhamedow aýtdy.
Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenip, köçedäki eýesiz öý haýwanlarynyň öldürilmegini togtatmaga çagyrýar.
Berdimuhamedow ýurtdaky alnyp barylýan işlere hünär taýýarlykly spesialistleriň çekilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýdan nägilelik bildirdi. Köp sanly türkmenler bolsa daşary ýurtlarda zähmet çekýärler.
Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň “Azat metbugatyň ganym duşmanlary” atly hasabatynda dünýä boýunça metbugatyň erkinligine böwet bolýan 41 sany şahsyň we aýratyn toparlaryň sanawy getirilipdir. Olaryň arasynda Berdimuhamedow hem bar.
Halkara “Freedom House” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça özüniň ýyllyk hasabatyny çap etdi.
Penşenbe güni Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilanini suduň kararyny äsgermezlik etmekde günäli tapdy. Emma, muňa garamazdan, Gilaniniň garşysyna tussaglyk barada höküm çykarylmady.
Şu hepdäniň başynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksi boýunça kommentarileri çap etdi. Onda bu kodeksiň her bir maddasyna aýratynlykda syn berildi.
Türkmenistanda dini azlyklara degişli raýatlaryň gysyşlara sezewar edilýändikleri barada halkara guramalarynyň hasabatlarynda yzygiderli maglumatlar berlip gelinýär. Bu wakalaryň fonunda ýakynda “Ýegowanyň şaýatlary” toparynyň wekili Zafar Abdullaýewiň türmä basylandygy barada-da maglumat gowuşdy.
Ýakynda prezident G.Berdimuhamedow nobatdaky hökümet maslahatynda degişli ýolbaşçylara öz hokkeý komandalaryny döretmek barada tabşyryk berdi.
Orsýetli iki çaganyň enesi, 46 ýaşly Ýelena Isaulowa polisiýanyň rehimsiz urgularyny başdan geçirip, diri gezip ýörendigi üçin özüni juda bagtly bir adam hasaplaýar.
Diňe geçen ýylyň özünde dünýäde temmäki serişdeleri sebäpli ölen adamlaryň sany 6 milliona ýetdi. Bu barada ýakynda çap bolan “Tobakko Atlas” atly hasabatda aýdylýar.
Türkmenistanda “Daýhanlar partiýasynyň” döredilmegi baradaky pikir 2010-njy ýylda Daşoguzda geçen ýaşulularyň maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan orta atylypdy.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanda kanunçylyk bilen kanunlaryň durmuşa geçirilişiniň arasynda uly bir boşlugyň bardygyny nygtady.
13-nji martda düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Açyk jemgyýet institutynda” Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmalary boýunça diňlenişik geçirildi.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň täze hasabatynda Türkmenistan “Internetiň duşmanlary” diýen topara girizildi.
Türkmenistan Owganystanyň neşe serişdelerini Ýewropa bazarlaryna aşyrmak üçin, tranzit geçelgesi hökmünde ulanylýan ýurtlaryň biri diýlip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň täze hasabatynda aýdylýar.
Ýeke başyna alty çagany ekläp-saklaýan gökdepeli bir aýal işsizlik zerarly gün-güzeranlaryny zordan dolandyrýandygyny aýdýar.
ABŞ Orsýetiň hökümetine ýüzlenip, prezidentlik saýlawlarynda “hasaba alnan ähli galplyklary garaşsyz we ynamly görnüşde derňemäge” çagyrdy.
Düýbi Pekinde ýerleşýän “6Sense” Halkara tennis akademiýasynyň ýolbaşçylary, belli tennis türgenleri Karlos Radrigos we Andres Bruno türkmen paýtagty Aşgabada geldiler.
Ýene-de ýükle