Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli protestantlaryň soraga çekilendigi aýdylýar


Birleşen Ştatlaryň Halkara dini azatlyklar boýunça komissiýasynyň uly ylmy işgäri Ketrin Gozman: "Türkmenistanda beýleki bir iň ýiti meseleleriň biri-de – dini materiallaryň berk gözegçilikde saklanmagydyr".
Birleşen Ştatlaryň Halkara dini azatlyklar boýunça komissiýasynyň uly ylmy işgäri Ketrin Gozman: "Türkmenistanda beýleki bir iň ýiti meseleleriň biri-de – dini materiallaryň berk gözegçilikde saklanmagydyr".
Aşgabatda polisiýa ýerli bir protestantyň öýünden Injil kitaplaryny tapandan soň, ol öýdäki dört adamy sorag etmek üçin, Dini işler boýunça geňeşe äkidipdir. Bu barada düýbi Norwegiýada ýerleşýän dini meseleler boýunça “Forum-18” informasiýa agentligi sişenbe güni habar berdi.

“Forum-18” agentliginiň baş redaktory Feliks Körliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, saklanan adamlar Dini geňeşde sorag edilenden soň, gorkuzylypdyr, olara “neşe serişdelerini ýaýratmak” boýunça aýyplamalary bildirmek ähtimallygy bilen hem haýbat atylypdyr.

Olar sud edilmek üçin wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirlipdirler. Emma bu adamlar sudýa tarapyndan azatlyga goýberlipdir.

“Haýran galaýmaly bir ýagaý boldy, ýagny sudýa olaryň jenaýat edendigi boýunça ýeterlik maglumatlaryň ýokdugyny tassyklap, şol adamlaryň işine seretmekden ýüz öwürdi. Netijede tussag edilen dört adam azatlyga çykaryldy” diýip, Körli aýdýar.

Ýöne Körli mundan soňra şol adamlaryň “Dini guramalar boýunça kanuny” bozandyklary üçin, olaryň her birine 357 manat möçberinde jerime salnandygny aýdýar. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, hasaba alynmadyk dini guramalaryň toparlanyşygyna gatnaşmaga administratiw düzgüni bozma hökmünde garalýar.

Bu meseleler bilen baglylykda Türkmenistanyň Din işleri boýunça geňeşinden maglumat almak başartmady.

Fewral aýynyň ortalarynda ýüze çykan bu waka Türkmenistanda dini azlyklaryň her dürli gysyşlara sezewar edilýändigi baradaky maglumatlaryň ýeke-tägi däl. Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, şol sanda “Iýegowa şaýatlarynyň” resmi media websatýy we “Persecution” guramasy geçen aýda Türkmenistanda, “pornografiýa materiallaryny ýaýratmak boýunça” diýlen galp aýypmalar arkaly, “Iýegowa şaýatlary” dini toparynyň bir agzasy Wladimir Nurullaýewiň dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini belleýärler.

Sudýa olaryň jenaýat edendigi boýunça ýeterlik maglumatlaryň ýokdugyny tassyklap, şol adamlaryň işine seretmekden ýüz öwürdi.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň käbiriniň sözlerine görä, “Iýegowa şaýatlary” guramasynyň agzalary, esasan, hökmany harby gulluk borjuny berjaý etmekden ýüz öwürýändikleri sebäpli jenaýata çekilýärler. Jenaýata çekilýänleriň arasynda Sünnet Jepbarow, Mätkerim Aminow, Döwran Mätýakubow we Mahmyt Hudaýbergenow dagylar hem bar.

Pastor Ilmyrat Nurlyýew, yglan edilen amnistiýa düşüp, fewral aýynda türme tussaglygyndan azat edilipdi. Ol türkmen häkimiýetleri tarapyndan kezzaplykda aýyplanyp, 2010-njy ýylda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Aktiwistler bolsa Nurlyýewiň tussag edilmeginiň asyl sebäbiniň onuň hristian kilisesini hasaba aldyrmak üçin eden synanşyklary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Bizde maglumat ýok”

Ýokarda agzalan bu wakalar, şu aýyň 15-16-sy aralygynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça geçirilen diňlenişigiň öňüsyrasyna gabat geldi.

Diňlenişigiň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurtda dini azlyklaryň ýagdaýy hem gozgalypdy. Türkmen delegasiýasynyň bir agzasy, daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew Türkmenistanda dini ynançlara garşy gadagançylyklar baradaky maglumatlary ret etdi.

“2007-08-nji ýyllardan bäri hasaba alynmadyk dini guramalaryň ybadat edýän ýerlerini ýumurmak ýa-da olaryň ýygnanýan ýerlerini dargatmak ýaly çäreleriň bolandygy barada bizde maglumat ýok” diýip, Hajyýew aýtdy.

Diňlenişigiň barşynda Hajyýew Türkmenistanda dini ynançlary dolandyrýan kanunçylygyň bardygyny hem belläp geçdi. Emma ekspertler ýurtda degişli kanunyň bardygyna garamazdan, munuň dünýä standartlaryna laýyk gelmeýändigini aýdýarlar.

Dini meseleler boýunça “Forum-18” agentliginiň baş redaktory Feliks Körliniň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň dini azlyklaryň, umuman, diniň gerimini çäklendirmegi, bu ýurtdaky bolup geçýän ähli zatlary öz gözegçiliginde saklamak meýilinden ugur alýar.

Bu bellikler boýunça Türkmenistanyň degişli dini resmilerinden hiç hili maglumat alyp bolmady.
XS
SM
MD
LG