Ýeke başyna alty çagany ekläp-saklaýan gökdepeli bir aýal işsizlik zerarly gün-güzeranlaryny zordan dolandyrýandygyny aýdýar.
Adynyň efirde tutulmagyny islemedik bu aýal çagalaryny eklemek üçin gapysynda mal-gara saklap, paýtagta gatnap, süýt satýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu gazanç çeşmesiniň öňüne-de köplenç polisiýa tarapyndan böwet basylýar.
Türkmen resmileri häkimiýet münberinden çykyş edip, özleriniň esasy aladasynyň halkdygyny, milletiň gowy durmuşy üçin şertleriň döredilmelidigini, raýatlary iş ýerleri bilen üpjün etmegiň zerurdygyny ýygy-ýygydan gaýtalaýarlar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynyň birinde hökümetiň etmeli işleriniň esasy ugurlaryny şeýle häsiýetlendirdi:
—Halk biz üçin işlemeli däl-de, biz ýolbaşçylar halk üçin, onuň bagtyýarlygy üçin zähmet çekmelidigimizi hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris.
Eýsem, bu köp wada beriji çykyşlaryň iş ýüzünde berjaý edilişi neneňsi? Hususan-da, munuň goldawa has mätäç bolan aýal maşgalara täsiri nähili?
Aşgabatly ýazyjy, publisist Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, bu ugurda belli bir işler amala aşyrylýar. Ol ýurtda dokma senagaty pudagynyň özleşdirilmegi bilen aýal-gyzlaryň zähmet çekmegine şertleriň döredilýändigine ünsi çekýär. Emma onuň nygtamagyna görä, bular ýaly desgalar aglaba şäher, etrap merkezlerinde gurlup, munuň netijesinde gyrak-çetlerdäki sebitler iş mümkinçiliklerinden çetde galýar.
Türkmenistanly synçylaryň bellemegine görä, ýurtda köp sanly aýal maşgalalar köçe süpürmek, gül ekmek ýaly işlerde zähmet çekýärler. Graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow aýal maşgalalaryň juda agyr şertlerde işleýändiklerini hem nygtap geçýär.
Adynyň efirde tutulmagyny islemedik bir aýal köçe süpürýän zenanlaryň agyr iş şertleri barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:
—Olar ir sagat 6-dan tä giç 8-e çenli işleýärler, dynç almaga wagtlary hem ýok. Olaryň çagalaryna mährini bermäge, ýanýoldaşlarynyň ýanynda bolmaga mümkinçiligi ýok.
Berdimuhamedowyň ikinji möhlete döwlet ýolbaşçylygyna saýlanmagy bilen halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça beren wadalarynyň türkmeniň ojagyny saklap oturan gelin-gyzlara uzagyndan näderejede täsir ýetirjekdigini häzirlikçe öňünden çaklamak kyn.