Duşenbe güni dünýä boýunça internetde söz azatlygynyň güni bellenip geçildi. Bu çärä gabatlap, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy özüniň ýyllyk çap edýän “Internetiň duşmanlary” atly hasabatyny ýaýratdy. Hasabatda seredilip geçilýän döwletler “Internetiň duşmanlary” we “Gözegçilikde bolan döwletler” diýen toparlara bölünýär.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň hasabatynda Türkmenistan “Internetiň duşmanlary” diýen topara girizildi. Hasabatda Türkmenistanda soňky döwürde ösüp başlan internetiň gerimine böwet goýlandygy, şeýle-de ýurtda giň gerimdäki senzuranyň dowam edýändigi aýdylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, ýurtda internet mümkinçiligi giňeldilip başlandy. Ýurt boýunça internet-kafelary açyldy we adaty raýatlaryň öýlerine internet çekmeklerine mümkinçilik döredildi. Prezidentiň özi-de dünýäniň häzirki talaplarynda internetiň halka elýeterli bolmagynyň zerurdygyny öz çykyşlarynda nygap gelýär.
“Türkmenet”
Emma duşenbe güni ýaýradylan hasabatdan çen tutulsa, Türkmenistanda internet bilen bagly ençeme tehniki we maliýe kynçylyklary dowam edýär. Şeýle-de, halkyň interneti giňden peýdalanmagyna garşy böwet goýulýar.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň soňky hasabatynda Türkmenistandaky internetiň ýagdaýy ýaňsylanyp, “Türkmenet” diýlip atlandyrlypdyr. Guramanyň Ýewropa we postsowet döwletleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bir muny Türkmenistandaky internetiň dünýäden bölünip aýrylandygy bilen düşündirýär:
—Türkmenistanda halkyň aglabasyna elýeterli bolan interneti, aslynda, sözüň doly manysynda internet diýip hem atlandyryp bolmaýar. Bu internetiň gözegçilikden we senzuradan geçen bir görnüşidir. Resmi habar saýtlaryndan özge ýerlerden maglumat almak juda kyn we çäkli. Şu sebäpli-de biz muňa “Türkmenet” diýen at goýduk.
Gorky klimaty
“Internetiň duşmanlary” atly hasabatda bellenmegine görä, özge pikirleri öňe sürýän websaýtlar Türkmenistanda petikli bolmagyna galýar. Şeýle-de ýurtda “Facebook” we “Twitter” ýaly sosial aragatnaşyk ulgamlarynyň hem petiklenendigi aýdylýar.
Hasabatda Türkmenistanda gorky-howatyr klimatynyň höküm sürýändigi sebäpli, raýatlaryň internetiň üsti bilen syýasy ýa-da jemgyýetiň ýiti meslelelerini gürrüň etmekden saklanýandyklary hem bellenip geçilýär.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň mundan ozalky hasabatlarda hem Türkmenistan “Internetiň duşmanlary” diýen topara girizilip gelýärdi. Ýohan Bir häzire çenli özgerilşikleriň juda pesdigini, mundan soň hem bu ugurda öňegidişlige garaşylmaýandygyny aýdýar. Ol käbir ýurtlaryň interneti petiklemeginiň arkasynda durýan sebäpleri Azatlyk Radiosyna şeýle düşündirdi:
—Bilýäňizmi, azat metbugat bilen demokratiýanyň ýa-da demokratik prosesiň arasynda berk baglanyşyk bar. Muny geçen ýyl arap döwletlerinde ýüze çykan wakalar has aýdyň görkezýär. Azat metbugatyň bar ýerinde adamlar kynçylyklara, olaryň gerimine göz ýetirip bilýärler. Olar bu ugurda ýeke däldiklerini, özleri ýaly pikir edýänleriň hem bardygyny duýýarlar. Eger-de olar bir ýere jemlenseler üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin.
“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň hasabatynda “Internetiň duşmanlar” diýen toparda 10 döwlet ýerleşdirilip, olaryň arasynda Demirgazyk Koreýa, Özbegistan, Eýran ýaly döwletler hem bar.
“Serhetsiz reportýorlar”guramasy 1985-nji ýylda Parižde esaslandyryldy. Guramanyň esasy maksatlary senzura garşy göreşmek, öz kesp-käri sebäpli türmä basylan žurnalistlere hemaýat bermek ýaly çärelerden ybarat.

Azat metbugatyň bar ýerinde adamlar kynçylyklara, olaryň gerimine göz ýetirip bilýärler. Olar bu ugurda ýeke däldiklerini, özleri ýaly pikir edýänleriň hem bardygyny duýýarlar.Ýohan Bir