Soňky döwürde Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda döwlet ýolbaşçylary tarapyndan aladalar edilýär, ýygy-ýygydan forumlar geçirilýär.
Golaýda prezident Berdimuhamedow Türkmenistany hususy sektory ösen ýurda öwürmek boýunça uzak möhletleýin planlaryny halka aýan etdi.
2011-nji ýyldan aýlyk-günlükleriň, pensiýadyr kömek pullarynyň, çaga tölegleriniň, studentleriň stipendiýalarynyň 10% galdyryljakdygy hakynda 6 aý öňünden yglan edildi.
Geçen aý Gyrgyzystanyň Oş we Jelalabat welaýatlaryndaky çaknyşyklarda 1300-den gowrak bina ýykylyp ýumruldy ýa-da olara ot berildi.
Ýakynda UNDP we ÝB tarapyndan bilelikde amala aşyrylyan proýektiň çäginde Aşgabatda adam hukuklary boýunça yzygiderli seminarlar geçirildi.
Her ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny 4000-e golaý student tamamlaýar. Şol ýaşlaryň işe ýerleşmek mümkinçilikleri nähili? Olaryň işlejek ýerleri öňünden belli edilýärmi?
Türkmenistanyň prezidenti Fransiýanyň Daşary söwda boýunça döwlet sekretary Anne-Mariýe Idrak bilen duşuşdy.
1-nji ýanwardan bäri özbek sumy gara bazarda ABŞ-nyň dollaryna görä, hümmetini 20% ýitirdi. Geçen hepde Özbegistanyň bazarlarynda bir amerikan dollary 2400 sumdan satyldy. Özbegistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda “Bir amerikan dollary 1556 sum 69 tiýine deň” diýip ýazdylar.
Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, häzir Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda 2000-den gowrak türkmenistanly studentler okaýar. Bişkekdäki Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmenistanly studentler özleriniň dynç we parahatdyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.
Syýasaty öwrenijiler Gyrgyzystanyň hökümetindäki korrupsiýa bilen döwleti maşgala agzalary bolup dolandyrmak syýasatynyň bäş ýylyň dowamynda köpçüligiň janyna degmegini bir günüň içindäki hökümet çalşygy çözdi diýip belleýärler. Indi işi nämeden başlamaly diýen sorag bar.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistandan soň Gyrgyzystana bardy. Ban Ki Munuň sözlerine görä, Gyrgyzystandan ýakynda gowşan habarlar graždan aktiwistleriniň howpsuzlygyny üpjün etmekde alada döredýär. BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Gyrgyzystandan soň Özbegistana geldi.
27-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Yrak Respublikasynyň prezidenti Jalal Talabany bilen duşuşdy. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar geçen ýyl ýola goýlupdy.
ÝHHG-niň Merkezi Aziýa degişli meselelere gözegçilik edýän wekilleri iş sapary bilen Türkmenistana bardy. Delegasiýanyň wekilleri Mejlisde bolup, parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işiniň ugurlary bilen tanşydylar. Käbir analitikler GDA ýurtlarynda adam hukulary boýunça iş alyp barmagyň ÝHHG üçin öran kyn düşýändigini nygtaýarlar.
Geçen hepdäniň ahyrynda Moskwada gyrgyz-rus hokümetara komissiýasynyň nobatdaky maslahaty bolup geçdi. Onda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine seredilip, degişli dokumentlere gol çekildi. Hökümetara maslahatda gozgalan meseleleriň amala aşyp-aşmajaklygy gümürtük bolup galýar.
Täjigistanda 28-nji fewralda parlament saýlawlary bolup geçdi. Saýlawlarda sanawa girizilen üç ýarym million saýlawçydan 85 %-den köprägi ses berdi diýlip, habar berilýär. Saýlawlara ýurtda resmi registrasiýa edilen sekiz syýasy partiýa gatnaşdy.
Golaýda «Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasy» hem-de «Ynsan hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy» topary Türkmenistanda tussaglaryň ýagdaýy barada ilkinji hasabaty çap etdi.
Özbegistan Merkezi Aziýadaky ozaldan bar bolan ýeke-täk umumy energosistemany bozdy, Astana-da indi ony gaýtadan düzmäge girişdi. Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýeke-tak energetik sistemany düzmek ugrunda özara gepleşikleri geçirýärler.
Duşenbe güni Astanada Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew, ýurduň döwlet sekretary we Daşary işler ministri Kanat Saudbaýew bilen duşuşdy. Duşuşykda Owganystan meselesi we Hazaryň hukuk statusy hem maslahatlaşyldy.
Almaty şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ikinji duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew gatnaşdy.
Mundan üç ýyl öň Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident hökmünde syýasy sahnada peýda bolmagy köpçülik tarapyndan erkinlige tarap umyt bilen garşylanypdy.
Ýene-de ýükle