Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biri bozýar, biri düzýär...


Özbegistan Merkezi Aziýadaky ozaldan bar bolan ýeke-täk umumy energosistemany bozdy, Astana-da indi ony gaýtadan düzmäge girişdi.

Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýeke-tak energetik sistemany düzmek ugrunda özara gepleşikleri geçirýärler.

Bu hakda 11-nji fewral güni Gazagystanyň Duşenbe şäherindäki ilçisi Abdutalyp Ahmedow žurnalistler bilen bolan duşuşykda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýada umumy energosistemanyň işlemezligi wagtlaýyn ýagdaý. Elektrik energiýasyny Gyrgyzystanyň Oş şäherinden Tajigistanyň Hojant şäherine eltmek meselesi iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygynda masalahatlaşylypdyr.

Bu energosistema işe girenden soň, Gazagystan strategik maksatlar bilen Owganystan bilen Pakistana hem elektrik energiýasyny eksport etmegi planlaşdyrýar. Belläp geçmeli zat, Merkezi Aziýa boýunça umumy energosistema Sowet Soýuzy döwründe bütin regiony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen gurlupdy.

Özbegistanyň geçen ýylyň 1-nji dekabrynda bu sistemadan çykandygy zerarly üç ýurduň arasyndaky baglanyşyk kesilipdi. Resmi Duşenbe mundan iki ýyl öň gazaply gyşdaky enregiýa dawasy zerarly ýurtda gumanitar krizisi yglan etmäge mejbur bolupdy.

Synçylaryň pikirine görä, Tajigistan bilen Gyrgyzystanyň energiýa resurslaryndan önjeýli peýdalanylmandygy üçin Merkezi Aziýa ýurtlary energiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk edip bilmändirler.

Özbegistan geçen ýyl regiondaky ýeke-täk energosistemadan çykjakdygyny yglan edip, ýagdaýy has beter kynlaşdyrdy. Özbegistanyň bu karara gelmegi Tajigistan bilen Gyrgyzystandaky ýagdaýy hasam agyrlaşdyrdy.

Bu agyr ýagdaýdan çykmak üçin Tajigistan özüniň Rogun GES-ini öz halkynyň kömegi bilen gurmaga girişdi.Gyrgyzystan Kambar Ata GES-niň gurluşygyny Moskwanyň kömegi bilen ahyryna çenli ýetirjekmi ýa-da ýok, bu entek belli däl.

Şeýlelikde Özbegistan Merkezi Aziýanyň ýeke-täk energosistemasyndan çykdy. Astana bolsa, tersine, Tajigistan we Gyrgyzystan bilen energetika pudagyny birleşdirmegiň ýoluny agtarýar.

Name üçin?

Bu soraga Stokgolmdaky Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyn işgäri doktor Swante Kornel Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýýär: “Bu meselede Gazagystan bilen Özbegistan özleriniň Merkezi Aziýadaky liderligini görkezmäge çalyşýarlar. Gazagystan Özbegistandan ykdysady taýdan güýçlüräk bolansoň, birnaçe ýyldan bäri Gyrgyzystan bilen Täjigistana täsirini güýçlendirmek ugrunda hereket edýär”.

Korneliň aýtmagyna görä, Gazagystanyň bu iki ýurduň energoproýektlerini goldamagy Astananyň ýöredýän syýasatynyň logiki özenidir.

Emma täjigistanly analitikler prezident Nazarbaýewiň bu teklibini ýerlikli teklip hasaplaýarlar.

Analitik Karim Hamidowyň sözlerine görä, hazirki günde Merkezi Aziýanyň ýeke-täk energosistemasy ýok we öňki hyzmatdaşlyk hem togtadyldy: “Merkezi Aziýanyň ýeke-tak umumy energosistemasynyň bozulandygy sebapli Türkmenistan bilen Özbegistanyň elektrik energiýasyna mätäç bolan Täjigistan bilen Gyrgyzystan indi bu problemadan gutularlar. Möhümi Gazagystan energosistema girýän döwletlere ykdysady taýdan hem kömek berer”.

Bu üç ýurduň ýeke-täk energosistemasyny düzmek baradaky gepleşikler näçe wagt dowam eder, bu barada aýtmak kyn. Emma käbir ekspertleriň pikirine görä, Täjigistanda we Gyrgyzystanda gurulýan GES-iň doly gurlup, işe başlamagyna azyndan bäş ýyl wagt gerek bolar.
XS
SM
MD
LG