Ban Ki Mun Aşgabatda geçirilen metbugat konferensiýasynda Türkmenistanyň häkimiýetlerini adam hukuklary boýunça halkara ylalaşyklaryna laýyklykda türkmen hökümetiniň boýun alan ähli borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
Şeýle-de myhman öz çykyşynda adam hukuklary meselesinde BMG-niň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.
Düýbi Bolgariýadaky adam hukuklary boýunça türkmen Helsinki toparynyň başlygy Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, Türkmenistandaky ynsan hukuklary bilen bagly ýagdaý halkara guramalaryny alada goýýar: “Türkmen prezidenti her çykyşynda bu problema barasynda aýdýar we wadalar berýar. Emma wadalardan soňky ädim ädilenok. Esasy iş – real reformalary geçirmekdir”.
Begmedowa ýene-de bir wajyp meseläni agzap geçdi: “Bu öňki režime dogry baha bermekdir. Emma şu mahala çenli türkmen prezidenti Nyýazowyň režimini berk tankyt etmedi. Şeýle tankyt bolmansoň, ýerli çinownikler öz eden-etdiliklerini dowam etdirýärler”.
Gyrgyzystanda piket gurnaldy
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistandan soň Gyrgyzystana bardy. Ban Ki Munuň sözlerine görä, Gyrgyzystandan ýakynda gowşan habarlar graždan aktiwistleriniň howpsuzlygyny üpjün etmekde alada döredýär.
Bu hakda Gyrgyzystanyň adam hukuklaryny goraýjy “Kylym şami” gurmasynyň başlygy Aziza Abdurasulowa öz pikirini şeýle beýan etdi: “Soňky üç ýylyň dowamynda Gyrgyzystanda öňegidişlik däl, eýsem yza gaýdyşlyk dowam edýär. Gyrgyzystanda söz azatlygy ýok. Žurnalistleri urup-ýençýärler, öldürýärler, garaşsyz gazetleri ýapýarlar, närazylygyňy bildirip, erkin çykyş etmäge mümkinçilikler çäklendirilen, türmelerde gynamalar dowam edýär.”
Gyrgyzystanly adam hukularyny goraýjylaryň bir topary Ban Ki Mun bilen duşuşmak maksady bilen hökümetiň alyp barýan syýasatyna öz närazylyklaryny bildirip, pikete çykdylar.
Protestçiler Ban Ki Munuň özi bilen bolmasa-da, onuň Merkezi Aziýa missiýasy boýunça masalahatçysy bilen duşuşyp bildiler. Şonda olar Gyrgyzystanyň hökümet ýolbaşçylaryny BMG-niň çäginde boýun alan borçlaryny berjaý etmäge çagyrmagyny Ban Ki Mundan haýyş edip, hat gowşurdylar.
Aralyň guramagy
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Gyrgyzystandan soň Özbegistana geldi. Ol Nukus şäherinde boldy hem Aral kölüniň üstünden dikuçarly aýlandy. Aralyň guramagyny Ban Ki Mun “Ýer togalagynyň iň betbagçylykly ekologik problemalarynyň biri” diýip atlandyrdy.
Garagalpagystandaky “Araly we Amyderýany goramak boýunça” jemgyýetiň başlygy Ýusup Kamalow häzir Aral deňzi bilen bagly möhüm iki problemanyň bardygyny aýtdy. “Birinjisi, Aralyň guramagy bolsa, ikinjisi, şol zerarly regionyň ekologiýasyna hem-de adamlaryň saglygyna ýetýän tasir.”
Kamalow BMG-niň resmisi Aral problemasy bilen ýakyndan tanşyp, bu problemanyň öňüni almak üçin maddy kömek berer diýip garaşýandygyn aýtdy. Onuň pikirine görä, eger-de regionyň prezidentleri jemlenip, bu problemany masalahatlaşyp, karar kabul etseler, problemanyň azajyk bolsa-da, öňüni almak bolardy.
“Bu ýerde çözülmejek mesele ýok. Möhümi suwdan öndümli peýdalanmak we suwy köp talap edýän ösümlikleri azrak ekmekden ybaratdyr” diýip, garagalpagystanly ekolog Kamolow aýtdy.
Eksperler adam hukuklary we Aral problemasynyň Merkezi Aziýa respublikalary üçin mohüm problemalar bolup durýandygyn aýdýarlar. Şonuň üçin BMG-niň Baş sekretary bu meselelere aýratyn üns berýär.
Özbegistanly syýasaty öwreniji Isgender Hudaýbergenowyň pikirine görä, bu meseleler barada gürrüň etmäge regionyň prezidentleriniň taýýar ýa-da taýýar däldigi möhüm bolup durýar.
Onuň pikirine görä, Ban Ki Munun saparyndan uly bir zada garaşmaly dal. Ol diňe rekomendasiýa berip bilýär. Rekomendasiýalary berjaý etmek ýurduň baştutanlaryna baglydyr.