Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta we kiçi biznes


Aşgabadyň "Paýtagt" söwda merkezi
Aşgabadyň "Paýtagt" söwda merkezi
Golaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany öňümizdäki ýyllarda hususy sektory ösen ýurda öwürmek boýunça uzak möhletleýin planlaryny halka aýan etdi. Şonda ol Türkmenistanda geljekde önümçiligiň, ykdysadyýetiň 70%-niň hususy eýeçilige geçjekdigini tassyklady.

Bu ugurda belli bir ädimlerin ädilendigini ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy. “Bäherdende guşçulyk, fermerçilik firmasy açyldy. Ol belli bir derejede ilatyň azyk problemasyny çözmäge öz goşandyny goşýar.”

Ýeňillikli karzlar

Ýurtda önümçiligiň, hususy eýeçiligiň gülläp ösmegi üçin ýeňillikli döwlet kreditleri hem zerur hasaplanýar. Emma Bugaýew Türkmenistanda kredit bermek ýagdaýynyň agsaýandygy belleýär.

“Krediti almak üçin telekeçiler, orta we kiçi biznes bilen meşgul bolýanlar uly kynçylyklary başdan geçirýärler. Hususy eýeçilikde işleýänlere ýeňillikler döredilmeli. Bu babatda Merkezi Aziýada nusga alarlyk ýurt Gazagystan” diýip, Bugaýew aýdýar.

Gazagystanly ykdysatçy Saparbaý Jubaýew Gazagystanyň banklaryndan karz pul almak boýunça ýeňillikler barada şeýle diýdi: “Birinjiden, Gazagystanda salgyt az. Ikinjiden, olaryň kanunlary anyk. Onsoňam, erkinlik we söz azatlygy bar”.

Bilermenler her bir ýurtda orta we kiçi biznesiň ösmegine böwet bolýan faktoryň korrupsiýadygyny aýdýarlar. Türkmenistanda hem telekeçiligiň ösmegine şu problemanyn päsgel berýändigini Bugaýew belleýär. “Mysal üçin, bir telekeçi dükanyny saklajak bolsa ençeme edaranyň göwnüni tapmaly bolýar. Meselem, polisiýanyň ýerli wekili, salgyt gullugy, arassaçylyga seredýän gulluklar we beýlekiler.”

Gyrgyzystanda

Eýse, orta we kiçi biznesi ösdürmek işi goňşy Gyrgyzystanda nähili ýola goýlan? Azatlyk Radiosy bu sorag bilen Bişkekdaki Bilermenler jemgyýetiniň başlygy Mirbek Togtogaraýewe ýüz tutdy. Onuň sözlerine görä, bu jemgyýet Bişkek şäherindaki biznes şertlerini ösdürmek we telekeçilere kömek bermek ugrunda iş alyp barýar.

“Biziň işgärlerimiz döwletiň baş kanunyndaky orta we kiçi biznesiň ösmegine päsgel beräýjek hem-de ýurtda korrupsiýanyň ösmegine getirýän kanunlara gaýtadan seredilmelidigini aýdyp hökümete ýüz tutdy. Şonuň netijesinde syýahat baradaky kanuna gaýtadan seredilip, bu kanun biziň goşmaçalarymyz bilen gaýtadan kabul edildi” diýip, Togtogaraýew aýdýar.

Togtogaraýewiň sözlerine görä, Bilermenler jemgyýeti Gyrgyzystanyň hökümeti hem-de halkara guramalar bilen işleşýär. Ol Gyrgyzystanda ýüze çykan soňky wakalarda orta we kiçi biznesiň köp zyýan çekendigini hem aýratyn belläp geçdi.

“Aprel wakalaryndaky talaňçylygyň netijesinde telekeçiler köp zyýan çekdiler. Bu ugurda biz hökümetde düzülen komissiýa bilen bile işledik. Telekeçiler bize jaň edip özlerine ýetirilen zyýanyň mukdary barada maglumat berip durdylar. Şonuň netijesinde, häzir olara pes göterimli kredit berlip başlandy. Olar salgytlardan, sosial töleglerden azat edilýärler” diýip, Togtogaraýew aýdýar.

Ýörite kompaniýa

Gyrgyzystanda daýhanlara hem-de orta we kiçi biznes bilen meşgul bolýanlara ýeňillikli kreditleri bermek maksady bilen, Gyrgyzystanyň Ösüş fondy we Aziýa uniwersal banky bilelikde Aupagromikrokredit kompaniýasyny döretdiler.

Aupagromikrokredit kompaniýasynyň resmisi Wýaçeslaw Rojkow kredit almak boýunça ýeňillikler barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Bizde kredit almagyň ýollary ýeňilleşdirildi. Biz komissiýa we beýleki hyzmatlar üçin pul almaýarys. Kredit ýylyna 23% bilen 2 ýyllyk möhlet boýunça berilýär. Bizden bir hepdäniň dowamynda kredit almak mümkin.”

Spesialistler şuňa meňzeş kompaniýalaryň işe girizilmeginiň daýhanlar we telekeçiler üçin gowy mümkinçilikler döredýändigini, emma şeýle kompaniýalaryň telekeçiler we daýhanlardan öz peýdasyny gözlemezden olara kömek bermelidigini, kreditiň 23%-den däl-de, 12-13%-den berilmelidigini nygtaýarlar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG