Türkmenistanda iş ýa-da okuw maksady bilen Demirgazyk Kipre barýan raýatlaryň hereketiniň çäklendirilmegi bilen bagly habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän dükanlarynda ýaramlylyk möhleti geçen harytlar satylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji oktýabrda habar berdi.
Türkmenistanda kanun çykaryjy ulgamyň iki palataly sistema geçilmegi maslahat edilýän wagty, Azat Adalganyň bu sanynda 'häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesi' özleşdirilýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri we habarçylary bu ýyl regionda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny habar berýärler.
Mary welaýat çagalar hassahanasyna ýiti içagyry bilen kesellän çagalar köp getirilip başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 30-njy sentýabrda habar berdi.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany uzak möhletli wiza esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenistanly migrantlarynyň wagtlaýyn Türkmenistana dolananlarynda olaryň türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurtlara çykarylmazlygy bilen bagly meselelere gönükdirilýär.
Türkmenistanda hususy awtoulagynda adam gatnadyp, kireý edýän sürüjilere häkimiýetleriň alyp barýan göreşi Mary şäherinde güýçlenip dowam edýär.
25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Halk Maslahatynyň Ikinji mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň kanunçykaryjylyk ulgamynda iki palataly sistema geçmegi teklip etdi.
Rus howpsuzlyk resmileri Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän demirgazyk regionlarynda terror toparlarynyň güýçlenmeginiň regionyň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýdýarlar.
Azat Adalganyň bu sany hereket azatlygyna gönükdirilýär: Her bir adamyň her bir döwletiň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşamaga hukugy bardyr.
Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar saklanyp galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habar berdi.
20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýahatçylygy ösdürmegi talap etdi
Türkmenistanyň dürli regionlarynda pagta çigidinden öndürilýän ýaglar birden öňküsinden 2 esse gymmatlady.
Aşgabat şäheriniň hem-de Gökdepe şäheriniň ýaşaýjylary Ýangyç beketlerde awtoulag ýangyjynyň doly üpjünçiligini başdan geçirýän wagty, paýtagtyň eteginde ýaşaýjylar ýokary hilli awtoulag ýangyjynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Häkimiýetler Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden welosiped satyn almagy talap edýär.
Mary welaýatynyň döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda buhanka çöregi her ele 2-den çäkli möçberde satylýar. Onuň döwlet bahasy 60 teňňe (17 sent).
Mary şäherinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýat bölüminiň işgärleri namaz okap, metjide gatnaýan raýatlaryň arasynda basyş çärelerini güýçlendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji sentýabrda habar berdi.
Zähmet wizasy esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan käbir türkmenistanlylar özlerine we maşgala agzalaryna Türkmenistanda hereketleriniň çäklendirilmek howpunyň abanýandygyny, türkmen häkimiýetleriniň Demirgazyk Kipre barýan raýatlary Türkmenistandan çykarmaýandygyny aýdýarlar.
Internetiň tizligi boýunça ýaýradylýan halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzky orunlary eýeleýän Türkmenistanda raýatlar soňky günlerde Internetiň has-da haýallan tizliginden hem-de Internet paketleriniň bereketsizliginden şikaýat edýärler.
23-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirilýär. Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany bu ynsanperwer birleşigiň ýerine ýetirýän funksiýasy, onuň maslahatynda gozgalýan we gozgalmaýan meselelere gönükdirildi.
Ýene-de ýükle