Aşgabat şäheriniň hem-de Gökdepe şäheriniň ýaşaýjylary ýangyç beketlerde awtoulag ýangyjynyň doly üpjünçiligini başdan geçirýän wagty, paýtagtyň etegindäki Änew şäheriniň hem-de Gökdepe şäherinden 2 kilometr ara daşlykdan aňyrda ýerleşýän ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary ýokary hilli awtoulag ýangyjynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Ulag sürüjileri ilata elýeterli bolan A80 markaly pes hilli benzini satyn almak üçin Ýangyç beketleriniň öňünde döreýän uzyn ulag nobatlarynda uzak wagtlap garaşmaga mejbur bolýarlar. Balkanabat şäherinde-de A92 we A95 markaly benzin tapdyrmaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 23-nji sentýabrda habar berdi.
“Aşgabat şäheriniň özünde we Gökdepe şäherinde benziniň ähli görnüşi bar, Änew şäherinde we Gökdepe şäherinden 2 kilometr daşlaşan ýeriňden [aňyrda] benzin ýok. A80 markaly benzin bar, ýöne onuň-da nobaty ýetik” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatyna görä, balkanabatly ýaşaýjylar hem ulag ýangyjynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär:
“Nebitiň merkezi bolan Nebitdag (häzirki Balkanabat – red.) şäherinde-de A92 we A95 benzin” ýok diýip, habarçy belledi.
Aşgabat şäheriniň eteklerinde ýerleşýän ilatly nokatlaryň ençeme ýaşaýjysy bilen gürrüňdeş bolan habarçy olaryň awtoulag ýangyjyny satyn almak üçin paýtagta gatnaýandyklaryny, ýöne şähere girmek üçin olaryň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň şäheriň derwezelerinde ýerleşýän esasy postlaryna para bermäge mejbur bolýandyklaryny habar berdi:
“Aşgabat şäherine golaý [ýerlerde ýaşaýan] ahally raýatlar şäher merkezine gidip, A92 we Eko93 benzinlerini satyn alýandyklaryny, ýöne Ýol polisiýasynyň şähere girilýän ýerlerde ýerleşýän postlarynda özleriniň polisiýa işgärlerine 20 manat para töläp şähere girýändiklerini, garaz, kynçylyk bilen benzin alýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.
Ol Änew şäheriniň, Tejen we Kaka etraplarynyň ulaglary hatardan çykan birnäçe ulag sürüjisi bilen geçiren gürrüňdeşliklerine salgylanyp, bu ýerleriň ýangyç beketlerinde ilata A92 markaly benzin diýlip satylýan benziniň aslynda A80 markaly benzin diýlip çak edilýändigini, sebäbi agzalýan ýerlerde raýatlaryň ulaglarynyň hereketlendirijileriniň hatardan çykýan ýagdaýlaryna köp duş gelnip başlanandygyny habar berdi.
“Änew şäherinde, Kaka we Tejen etraplarynda A92 markaly benzin tapdyran ýagdaýynda-da, onuň diňe ady A92. Aslynda, A80 markaly benzini A92 markaly benzin diýip, halky aldap satýarlar” diýip, ahally awtoulag sürüjisi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Netijede raýatlaryň ulaglarynyň hereketlendirijisi hatardan çykyp, awtoulag şaýlarynyň häzirki bahalarynyň çenden aşa gymmat döwründe bu ýagdaý raýatlaryň býujetine öz ýaramaz täsirini ýetirýär” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.
Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.
Türkmenistanyň dürli regionlarynda dowam edýän nobatdaky benzin ýetmezçiligi barada Azatlyk Radiosy iýunyň aýaklaryndan bäri habar berip gelýär.
27-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy paýtagt Aşgabatdan özge hiç bir welaýatda A92 we A95 markaly ýangyjyň tapdyrmaýandygyny habar berdi.
19-njy awgustda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Maryda A95, Lebapda bolsa A95, A92 we Eko93 benziniň satuwdan aýrylandygyny,Lebapda A80 markaly benziniň her ulaga 5 litr möçberinde çäkli görnüşde satylýandygyny habar berdi.
Bu maglumatlaryň yzýany, 2-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde ýurduň iň esasy ýangyç öndürýän toplumlarynyň biri bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Ýazmyrat Muhammetmyradow wezipesinden boşadyldy.
9-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bu toplumyň işiniň togtadylandygyny habar berdiler.
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň baş prokurory döwlet telewideniýesinde prezidente beren hasabatynda Muhammetmyradowy daşary ýurt kompaniýalaryndan para almakda aýyplady.
Beýleki tarapdan, Türkmenistanda dowam edýän benzin gytçylygynyň fonunda, 22-nji sentýabrda Russiýanyň Ren.tv websaýty Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşmesiniň statistikalaryna salgylanyp, ýanwar-awgust aýlary aralygynda Gruziýanyň Türkmenistandan 120 müň tonnadan gowrak benzin we dizel ýangyjyny satyn alandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.