Demirgazyk Kiprde zähmet wizasy esasynda ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlary dokument meseleleri bilen baglylykda, ýa-da başga sebäpler bilen Türkmenistana wagtlaýyn dolananlaryndan soň, ýurtdan yzlaryna goýberilmeýändiklerini aýdýarlar.
16-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan türkmenistanly zähmet migranty erkek adam efirde atlandyrylmazlyk şerti bilen beren gürrüňinde wagty dolan biometriki pasportlaryny täzelemek üçin wagtlaýyn Türkmenistana dolanan aýalyna we çagalaryna häzirki wagtda ýurtdan goýberilmezlik howpunyň abanýandygyny, özleri ýaly ýaly başga-da köp sanly zähmet migrantynyň Türkmenistandan Demirgazyk Kipre goýberilmändigini gürrüň berdi.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany zähmet wizasy esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenistanly migrantlarynyň wagtlaýyn Türkmenistana dolananlarynda olaryň türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurtlara çykarylmazlygy bilen bagly meselelere gönükdirilýär.
Gepleşigiň dowamynda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk we seslendirilmezlik şertilerinde çykyş eden demirgazyk kiprli türkmen zähmet migrantynyň beren gürrüňlerini, şeýle-de Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň media we metbugat serişdelerinde bu mesele dogrusynda çykýan habarlaryň mazmunyny hem-de demirgazyk kiprli ýokary derejeli ýerli resmileriň agzalýan problema bilen bagly reaksiýalaryny eşitdirýäris.