Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: Rohde & Schwarzyň gurallary Türkmenistanda Interneti yzarlamaga mümkinçilik döredýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Kiberhowpsuzlygy boýunça halkara ekspert Germaniýanyň Rohde & Schwarz kompaniýasynyň türkmen ýörite gulluklaryny Interneti yzarlamak üçin, belki, üpjün eden gurallary barada Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

1-nji fewralda Azatlyk Radiosy nemes kompaniýasy bilen bagly soňky çap eden derňew işi boýunça Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň (OCCRP) kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmeni Michal Rysiek Wozniak bilen gürrüňdeş boldy.

Ýatlasak, Azatlyk Germaniýanyň Rohde & Schwarz kompaniýasynyň türkmen ýörite gulluklaryny öz raýatlaryny Internetde yzarlamakda hem-de özge pikirli adamlary anyklamakda ulanylýan enjamlar bilen üpjün eden bolmagy ahmaldygy barada maglumat çap etdi.

Ekspert Azatlyga beren gürrüňinde nemes kompaniýasynyň websaýtynda hödürleýän azyndan üç önümini Interneti aňtamakda hem-de VPN-i bökdemekde ulanyp bolýandygyny tassyklady.

Ol bu önümleriň hatarynda “R&S INTRA”, “R&S Unified Firewalls”, hem-de “R&S PACE 2” programmalaryny agzady.

“Şu üç programmany Internetde ulanyjylary yzarlamakda hem-de VPN ulanýanlary anyklamakda gürrüňsiz ulanyp bolar” diýip, Wozniak aýtdy.

“Belki-de bu gurallar hökümetiň özge pikirli adamlary yzarlamagyna niýetlenip döredilen däldir, ýöne bulary şol maksat üçin, gürrüňsiz, ulanyp bolýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Ekspertiň tassyklamagyna görä, agzalýan abzallaryň we programmalaryň döredilmeginiň asyl maksady Internetdäki belli-belli hereketleri süzmekden we olary bellik etmekden ybaratdyr; nämeleriň süzülip, nämeleriň bellik ediljegi operatoryň özüne bagly bolup durýar.

Dünýäde iri kompaniýalar öz Internet torlaryny olara ygtyýarsyz girýänlerden goramak üçin hem-de maglumat bazalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek şeýle gurallardan peýdalanýar. “Ýöne, mysal üçin şol bir gurallar, meselem Bluecotyň birnäçe ýyl mundan ozal Siriýada oturdan gurallarynyň ýeke-täk maksady dissidentleri yzarlamakdan ybaratdy” diýip, Wozniak belledi.

“Şeýle-de, biz Türkmenistanyň çylşyrymly malweýr, (ýagny kompýuterlerden maglumaty menzilara birugsat sogrup almaga niýetlenen zyýanly programmalary – red.) Gamma Internationaldan satyn alandygy ýa-da satyn almak üçin, iň azyndan, gepleşik geçirendigini bilýäris” diýip, Wozniak aýtdy.

Diýdimzor režimleri aňtaw abzallary bilen üpjün eden anglo-german Gamma International kompaniýasynyň, Şweýsariýanyň DreamLab Technologies kompaniýasynyň türkmen hökümetini raýatlary yzarlamakda ulanylýan programmalar we enjamlar bilen üpjün etmek barada 2010-njy ýylda eden tagallalary metbugata syzypdy.

Şonda Türkmenistanyň FinFly onlaýn aňtaw guralyny satyn almak üçin 1 million dollar töleg geçirendigi mälim bolupdy.

Bu mysala salgylanan ekspert Rohde & Schwarz bilen Türkmenistanyň gatnaşygy barada gürrüňe dowam edip, türkmen hökümetiniň nemes kompaniýasyndan “gural satyn almakdaky niýetinde hiç-hili şek şübhäniň ýokdugyny” sözüne goşdy.

“Elbetde, Rohde & Schwarzyň özi, belki-de, muny [türkmen hökümetiniň niýetini] bilýän hem däldir. Eger bilmeýän bolsa bu kabul ederliksiz ýagdaý” diýip, kiberhowpsuzlyk boýunça ekspert Azatlyga gürrüň berdi.

Ol Siriýa hökümetine aňtaw enjamlaryny gurnap beren Bluecoata täzeden salgylanyp, öz enjamlarynyň Siriýada oturdylýandygyndan kompaniýanyň içgin habarly bolandygyny nygtady.

“Rohde & Schwarz öz enjamlarynyň diňe bir nirä oturdylýandygy barada däl, eýsem, olaryň näme maksat bilen oturdylýandygy barada-da oňat bilýändir” diýip, ekspert aýtdy.

Galyberse-de, Germaniýa Wassenaar ylalaşygyna gol goýan 42 ýurduň hatarynda bolup, bu şertnama ony harby we howpsuzlyk maksatlara niýetlenen eksportlary barada ylalaşyga agza taraplary habarly etmäge borçlandyrýar.

Türkmen hökümeti özüniň raýatlaryny Internetde yzarlamak we tory çäklendirmek maksady bilen aňtaw gurallary satyn alýandygy baradaky maglumatlara heniz reaksiýa görkezmedi.

XS
SM
MD
LG