Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň iri söwda merkezleri mundan bir aý töweregi wagt ozal agşam sagat 20:00-den soň alkogolly içgi satmagy gadagan edipdir.
“Ýöne biziň golaýymyzdaky dükanda mydama satardylar. Ol (döwlet) dükanynda şu gün barsam, alkogolly içgileriň agşam sagat 20:00-den soň satylmagynyň gadagan edilendigini aýtdylar” diýip, habarçy aýdýar.
2018-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda Türkmenistanda “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Kanun kabul edildi.
Bu dokumentde “alkogolyň öndürilmegi, dolanyşygynyň çäklendirilmegi, mahabatynyň düzgünleşdirilmegi” ýaly çäreleriň toplumy kesgitlenýär.
Şeýle-de bu kanunda alkogol önümleriniň söwdasynyň kassa apparatyna hem töleg terminalyna eýe bolan ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynda, şeýle-de restoranlarda, barlarda we kafelerde amala aşyrylmagy, alkogolyň söwdasynyň diňe iş günlerinde 10-20 sagat aralygynda edilmegi göz öňünde tutulýar, 21 ýaşyna ýetmediklere alkogol satmak gadagan edilýär.
Şeýle-de bu kanun, ýurtda alkogol içgilerini otlularda, uçarlarda, ýolagçy gämilerinde we sport desgalarynda satmagy düýbünden gadagan edýär.
Media maglumatlaryna görä, şu ýylyň başyndan güýje girýän bu kanun tapgyrlaýyn, 2019-njy ýylyň başyndan, 2019-njy ýylyň iýul aýyndan we 2021-nji ýylyň başyndan amala aşyrylmaly.
Kanuna görä, alkogol önümleriniň dynç günlerinde satylmagynyň gadagançylygynyň 2021-nji ýylda güýje girmegine garaşylýar.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysynyň soňky iberen maglumatynda döwlet dükanynda alkogolyň söwdasynyň hepde soňlarynda bes edilmeýändigini habar berdi.
Türkmenistanyň paýtagtynda alkogol önümleriniň söwdasy geçen ýylyň dowamynda birnäçe gezek togtadylypdy.
2018-nji ýylyň tomsunda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda alkogol satýan söwda nokatlarynyň köpçülikleýin ýapylandygyny habar beripdi.
Türkmen hökümeti ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak maksady bilen diýip, 2018-nji ýylyň iýyl aýynyň başynda dürli döwlet maksatnamalaryny kabul etdi. Şolaryň hatarynda “adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen” diýip milli strategiýa, “alkogolly içgileriň zyýanly täsriniň öňüni almak üçin”, hem-de “ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça” aýrybaşga milli maksatnamalary kabul etdi. Bularyň ählisini 2018 – 2025-nji ýyllar aralygynda berjaý etmek göz öňünde tutulýandygy habar berlipdi.
Ýöne ýerli synçylar kabul edilýän şeýle maksatnamalaryň iş ýüzünde netijeliligine şübheli garaýarlar.
Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagzyna döwlet derejesinde üns berilýär.