Soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda 30-69 ýaş aralygyndaky adam ölümleriniň 50 prosenti ýürek-damar kesellerinden ugur alýar.
Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 17-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.
13-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýaragly güýçlerini duýdansyz barlady hem-de gije ýarymdan agandan soň, milli goşuny söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.
Pakistan Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOPH) taslamasy boýunça Türkmenistandan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini soraýar.
13-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýaragly güýçleriniň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agandan soňra, degişli düzümleri dessine söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.
Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça iş alyp barýan ýerli kompaniýalaryň işjeňleşýändigi barada hökümete ýakyn habar çeşmelerinde maglumatlar peýda bolýar.
Mary we Daşoguz welaýatlarynda sement satyn almaga isleg bildirýän ençeme ýerli ýaşaýjy onuň gymmatçylygy sebäpli gurluşyk edip bilmeýändiklerini aýdýar.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary baradaky söhbetlere bagyşlanýar.
Aşgabatda häkimiýetler orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan 18 ýaşly okuwçylary mekdepden harby gulluga çagyrýar.
5-nji iýunda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň işinde “täzeçil usullaryň” ulanylmalydygyny aýtdy.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Freedom House (“Azatlyk öýi”) guramasy 2018-nji ýylda dünýädäki syýasy we raýat azatlyklarynyň ýagdaýy boýunça soňky hasabatyny çap etdi. Onda Türkmenistandaky azatlyklara pes baha berildi.
Türkmenistanda bu gün 4-nji iýunda Oraza baýramy bellenilýär.
Aşgabadyň bazarlarynda bazar administrasiýalary harytlaryň bahalaryny görkezýän nyrhnamalary asýar, ýöne satyjylar käbir harytlary görkezilen bahadan gymmada satýar.
31-nji maýda öýlän tutuş Türkmenistanda iki sagatlap Internet kesildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 3-nji iýunda habar berdi.
1-nji iýunda türkmen paýtagtynda geçirilen welospied ýörişi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Häkimiýetler býujet işgärlerini welosiped ýörişlerine gatnaşmaga mejbur edýär.
“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sany Türkmenistanyň raýatlarynyň köpçülikleýin emigrasiýasy bilen bagly meselelere gönükdirilýär.
“Gazprom” bilen Türkmenistanyň arasynda 2019-njy ýylyň 3-nji çärýeginde täze gaz ylalaşygynyň güýje girmegi mümkin. Bu barada TASS habar agentligi 31-nji maýda habar berdi.
31-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Demirgazyk Türkmenistanda suwlardaky heläkçilik hadysalary artýar. Daşoguz welaýatynyň etraplaryndaky kanallarda we ýaplarda suwa düşende gark bolýan çagalaryň sanynyň köpelýändigi barada habarlar gelip gowuşýar.
28-nji maýda Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde bir jübükesen tutuldy. Waka şaýat bolan Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu barada paýtagtdan habar berýär.
Ýene-de ýükle