Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi


GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi. 30-njy maý, 2019.
GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi. 30-njy maý, 2019.

31-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada Arkalaşygyň ýurtlaryndan hökümet delegasiýalary geldi diýip, TDH habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Aşgabatda sammite gabatlap, howpsuzlygyň güýçlendirilendigini habar berdi; regionlardan goşmaça polisiýa güýçleri paýtagta getirildi, ýollarda ulag hereketleri çäklendirildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, 30-njy maýda türkmen prezidenti GDA ýurtlarynyň delegasiýa ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirdi.

Irden, Türkmenistanyň Ministrler kabinetinde Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygy Dmitriý Medwedew, GDA-nyň ýerine ýetiriş komitetiniň başlygy, ýerine ýetiriji sekretar Sergeý Lebedew bilen, soňra ähli delegasiýa ýolbaşçylary bilen surata düşdi.

31-nji maýda sammitiň başlamagynyň öňýany prezident Berdimuhamedow rus premýer-ministri Medwedowy GAZ-21 “Wolga” kysymly Sowet döwrüniň ulagynda myhmanyň bolýan rezidensiýasyndan “Oguzhan” köşkler toplumyna alyp gitdi.

Mawy reňkli awtoulagyň hususy belgisi onuň şahsy eýeçilige degişlidigini görkezýär.

Prezident Berdimuhamedow rus premýer ministri Dmitriý Medwedowy Aşgabatda Sowet döwrüniň ulagynda aýlady
Prezident Berdimuhamedow rus premýer ministri Dmitriý Medwedowy Aşgabatda Sowet döwrüniň ulagynda aýlady

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedow rus premýer ministrine türkmen alabaýyny sowgat berdi. Mundan ozal, GDA agza ýurtlaryň 2017-nji ýylyň oktýabrynda Soçide geçirilen duşuşygynda Berdimuhamedow Russiýanyň prezidenti Wladmir Putine “Wepaly” atly alabaý güjügini sowgat beripdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty GDA-nyň Aşgabatda geçirilýän sammitinde Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle-de howpsuzlyk, digital tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ugurlarda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maslahat edilýändigini aýdýar.

Luka Ançesçi - Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetinde Merkezi Aziýa boýunça lektor
Luka Ançesçi - Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetinde Merkezi Aziýa boýunça lektor

Azatlyk Radiosy 31-nji maýda Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça lektory professor Luka Ançesçi bilen Aşgabatda geçirilýän GDA sammitiniň ähmiýeti barada gürrüňdeş boldy.

Ekspert sammitiň türkmen hökümeti üçin onuň içerki syýasatdaky ähmiýeti bilen onuň hakykatda göz öňünde tutulan GDA-da integrasiýa meselelerindäki ähmiýetiniň arasynda tapawudyň bardygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe biz bu sammitiň Türkmenistanyň içerki syýasatyndaky ähmiýeti bilen, onuň GDA-nyň integrasiýasyna bagly hakykatda göz öňünde tutulan ugurlarynyň ähmiýetini tapawutlandyrmalydyrys” diýip, Ançesçi aýtdy.

Ol Aşgabatda geçirilýän sammitden möhüm netijelere garaşmaýandygyny aýtdy.

Ýöne beýleki tarapdan, ekspert şu we şuňa meňzeş halkara çäreleri türkmen hökümetiniň özüni legitim görkezmek üçin syýasatyň içerki wagzynda ulanýandygyny belledi:

“Bular [türkmen hökümeti üçin] Berdimuhamedow we onuň adamlaryny legitimleşdirýän gurallardyr. Bu manipulýasiýa edilýär. Sammitiň içerki syýasatdaky wagzynda gürrüň Türkmenistanyň onuň üçin näme edýändigi barada bolýar. Olar üçin sammite beýemçilik etmek sammitde gazanylan netijelerden has wajyp bolup durýar. Munuň bilen ýurduň ilatyna režimiň üstünlik gazanýandygy, onuň halkara derejede ykrar edilýändigi aýdylýar” diýip, ekspert aýtdy.

Ol GDA guramasyny Ýewraziýa ykdysady birleşigi bilen deňeşdireniňde netijelilik we täsir taýdan geriminiň dardygyny, ýöne GDA-nyň häzirki wagtda post sowet giňişliginde gatnaşygy saklamak üçin ulanylýandygyny gürrüň berdi.

Arkalaşygyň resmi saýtyna görä, duşuşykda 10-dan gowrak taslama boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Olaryň hatarynda agza ýurtlaryň arasynda ylmy-tehniki we innowasion pudakda hyzmatdaşlyk, üstaşyr ulgamlary ösdürmek, ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek ýaly taslamalar bar.

Aşgabatda geçirilýän GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň ýygnagyna ýurtlaryň premýer-ministrleri ýa-da olaryň orunbasarlary gatnaşdy.

GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň üstümizdäki sammiti 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada geçiriler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG