Onuň dowamynda hususan-da Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada söhbetdeşlikler geçirilýär.
3-nji iýulda Azatlyk Raidosynda “Türkmenistanlylaryň ýurtdan gitmek we dolanmazlyk islegleri artýar” sözbaşyly habar çap boldy. Bu hepdäniň dowamynda diňleýjiler tarapyndan iň köp diňlenen makala boldy.
Onda Türkmenistana dolanmak islemeýän daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sanynyň barha artýandygy habar berildi.
Bu maglumatyň fonunda Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň wekilleri bilen bu tema boýunça gürrüňdeşlik geçirildi.