Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber (Rachel Denber) 4-nji iýulda guramanyň websaýtynda çap eden makalasynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň wawwaly meselelerine ünsi çekdi.
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmaga taýýarlanýar.
“Wekilhananyň işi kyn; Aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylary uzak wagtdan bäri basyp gelýän Türkmenistanda dünýäniň iň represiw hökümetleriniň biri bar. Ol 2019-njy ýyl üçin global metbugat azatlygynda dünýäde iň yzdaky orny eýeledi. Ýurtda adam gynamalary giň ýaýran” diýip, Denber aýdýar.
Ol ÝB-niň baş diplomatyny Türkmenistanda açyljak wekilhananyň işi bilen baglylykda, adam hukuklarynyň meselelerini gozgamaga çagyrdy:
“Mogerini ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýynda hakyky özgerişler üçin basyş etmek ugrunda öz tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny [türkmen] hökümetine aýtmalydyr” diýip, hukuk goraýjy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramazlaşmak bilen bolýar:
“Has köp adamyň hiç hili düşündiriş berilmezden daşary ýurtlara çykmagyna gadagançylyk girizilýär. Hökümet ýapyk hem-de adalatsyz sudlardan soň, türmelerde zor bilen ýitirim edilen 100-den gowrak adamyň nirede saklanýandygy barada az aýtdy” diýip, Denber aýtdy.
Ol soňky ýyllarda türkmen hökümetiniň ýitirim edilenler barada ÝB we BMG-nyň Adama hukuklary Geňeşi bilen has açyk maslahat edip başlandygyny belleýär.
“Bu aralykda, azyndan 27 adam tussaglykda öldi, olaryň 10-sy soňky 4 ýylyň içinde hökümet ÝB bilen agzalýan mesele barada “dialog” geçirýän wagty öldi” diýip, Denber nygtaýar.
Ol zor bilen ýitirim edilen adamlaryň tussaglyk möhletiniň türkmen sudlary tarapyndan aňsatlyk bilen uzaldylyp bilinýändigini aýdýar, tussaglyk möhleti 2019-njy ýylyň mart aýynda tamamlanmaly Gulgeldi Annanyýazowyň türme tussaglygynyň ýene-de 5 ýyl uzaldylandygyna ünsi çekýär.
“Mogerini Annanyýazowyň hem-de tussaglyk möhleti tamamlanýan beýleki 14 adamyň boşadylmagyny hem-de ýurtda adamlary ýitirim etmek jenaýatynyň soňuna çykylmagyny berk talap etmelidir” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber Mogeriniň Türkmenistana edýän saparynyň öňýany aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogerini Bileleşigiň Türkmenistanda wekilhana açýandygyny geçen ýylyň noýabr aýynda mälim edipdi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş wekili Federika Mogherini, Brussel, 23-nji noýabr, 2018
Ýewropa Bileleşiginiň dünýäniň 140-dan gowrak ýurdunda wekilhanasy bar.
Mogeriniň Türkmenistana edýän sapary Ýewropa Komissiýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze strategiýa kabul etmeginden 1 aýdan gowrak wagt soňa gabat gelýär.
15-nji maýda Ýewropa Komissiýasy Merkezi Aziýada ýerleşýän öňki sowet respublikalaryna degişli täze strategiýa kabul etdi.
18-nji iýunda Bileleşige agza 28 ýurduň daşary işler ministrleri degişli strategiýanyň täze görnüşini tassyklady.
ÝB bilen Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynda, şol sanda Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ýyllaryň dowamynda maslahat edip gelýär.
Mogerini Türkmenistana etjek saparynyň öňýany 4-nji iýulda “ÝB Merkezi Aziýa bilen tebigy partnýordyr” ady bilen Euroactiv neşirinde makala çap etdi.
“Biz Merkezi Aziýada möhüm özgeriş döwrüne şaýat bolýarys. Merkezi Aziýanyň ýurtlary açylýar, reformalary amala aşyrýar we öz aralarynda regional hyzmatdaşlygy ösdürýär” diýip, Mogerini aýdýar.
Ol bu täze syýasy kontekstde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürjekdigini aýdýar.
7-nji iýulda Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa ýurtlary gyrgyz paýtagty Bişkekde daşary işler ministrleri derejesinde nobatdaky ýyllyk duşuşyklaryny geçirer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.