Kaddafini, onuň ogly Saif al-Islamy we aňtaw gullugynyň başlygy bolan giýewsi Al-Sanussini tussag etmek barada orderler berildi.
11-nji aprelde Minskiniň metrosynda bolan bomba partlamasynda türkmenistanly student Haýdar Çaryýew agyr ýaralandy.
Ýaponiýa Fukuşima atom elektrostansiýasyndaky krizisiň iň ýokary derejä ýetendigini habar berdi.
Soňky döwürde türkmen ýolbaşçylary ilatyň syýasy aktiwligini ösdürmek barada ýygy-ýygydan gürrüň edýärler.
Orsýetde bolan regional saýlawlara premýer-ministr Wladimir Putiniň “Bütewi Orsýet” partiýasy üçin synag hökmünde garalýar.
Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi, Harby institutyň rektoruny täzeledi.
Berdimuhamedow häkimleri, deputatlary ilatyň sosial-ykdysady zerurlyklary bilen gyzyklanmazlykda tankytlady.
Türkmenistanda jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreş boýunça komissiýa döredildi.
23-nji fewralda Asgabatda bilelikdäki “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” komitetiniň nobatdaky 11-nji maslahaty geçirildi.
Türkmenistanda häzir hususy eýeçiligiň ýurduň ykdysadyýetiniň 40 prosentini tutýandygy habar berilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, 2011-nji ýylda gurluşyk işleri üçin 7 milliard amerikan dollary harçlanar.
Müsüriň ykdysadyýeti esasan turizme, nebit-gaz eksportyna we Suez kanalyndan gelýän girdejilere daýanýar.
Hepdaniň ahyrynda halkara metbugatda Türkmenistan boýunça haýsy meselelere üns çekildi?
Duşenbe günki maslahatda G.Berdimuhamedow uly işler hakda deputatlaryň täze ýylda ilat arasynda wagyz etmeklerini tabşyrdy.
Düýn Brýusselde gol goýlan jarnama Orsýetiň Dünýä söwda guramasyna girmeginiň öňündäki möhüm päsgelçilikleri aýyrdy diýlip hasaplanylýar.
Mundan birnäçe aý owal prezdient Gurbanguly Berdimuhamedow elektron hökümeti düzmek barada karara gol goýdy.
“Serhetsiz lukmanlar” topary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini inçekesele garşy göreş boýunça ýörite programma gyssagly başlamaga çagyrdy diýip, toparyň Türkmenistan boýunça programmasynyň menejeri Kristof Hiphen aýdýar.
Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulmaga taýýardygyny yglan etmegi bilen halkara habar beriş serişdeleri we synçylar türkmen gazynyň geljegi barada dürli pikirleri orta atdylar.
Türkmenistan “NABUCCO” proýektine goşulmaga taýýardygyny, 10-njy iýulda ýurduň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde yglan etdi.