Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: korrupsiýa garşy komissiýa döredildi


Komissiýa jenaýatçylykly ýollar we terrorizmi maliýeleşdirmek bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy çäreleriň planyny işläp taýýarlamak üçin düzüldi.
Komissiýa jenaýatçylykly ýollar we terrorizmi maliýeleşdirmek bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy çäreleriň planyny işläp taýýarlamak üçin düzüldi.
Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň ýanynda jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça pudagara koordinasion işçi komissiýa döredildi.

Bu baradaky karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy. Karara görä, şeýle komissiýa jenaýatçylykly ýollar we terrorizmi maliýeleşdirmek bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy çäreleriň planyny işläp taýýarlamak üçin düzüldi.

Şonuň ýaly-da täze komissiýa öňde goýlan wezipeler berjaý edilende, maliýe gözegçiligini edýän edaralaryň işlerini koordinirlemek bilen meşgullanar.

Aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedowyň pikiriçe, häzir bu komissiýanyň döredilmegi gerek zat. Emma ol bu komissiýanyň gowy işlejekdigini sorag astynda goýýar: “Şeýle pikiriň döremegine birnäçe sebäpler bar. Häzir Aşgabat şäherinde ýa-da başga ýerlerde hiç hili aýlyga gurup bolmajak jaýlar çinownikler tarapyndan gurulýar”.

Mejlisiň öňki deputaty, Şwesiýada ýaşaýan Halmyrat Söýünow hem komissiýanyň döredilmegini oňlaýar: “Şeýle komissiýanyň döredilmegi, bir tarapdan, gutlamaly zat. Çünki öň şeýle at bilen Türkmensitanda komissiýa ýokdy. Eger komissiýa döredilýän bolsa, onda problema bar” diýip, Söýünow aýdýar.

Hapa pullar kimiň elinde?

Söýünowyň sözlerine görä, jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullaryň kanunlaşdyrylmagy diýlende, Nyýazow döwründen galan problemalary göz öňüne getirmek mümkin.

“Türkmenistan garaşsyzlyga çykan döwri ýurduň territoriýasynda sowet
Zähmetkeş halkyň elinde jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullar ýok. Şeýle pullar diňe döwlet işgärleriniň elinde.
eýýamyndan galan köp ýaraglar bardy. Şol ýaraglar deger-degmez bahadan satyldy we hökümetde oturan emeldarlar millionlarça dollar girdeji gazanypdylar” diýip, öňki deputat Söýünow aýdýar.

Ol neşe gaçakçylygynyň hem bikanun girdejiler getirýän bir çeşmedigini belleýär: “Nyýazow 90-njy ýyllarda çykyş edip, bäş gram tirýek üçin adamlara azar bermäň diýipdi. Şol bir wagtyň özünde konfiskasiýe edilen tirýekler we beýleki neşe maddalary “gupbaly” köşgüň ýerzemininde saklanýardy. Muňa şaýat köp”.

Aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bolsa, ýurtda korrupsiýa arkaly bikanun gazanylýan girdejileriň bardygyny aýdýar: “Men esasan korrupsiýa arkaly gazanylan pullary göz öňünde tutýaryn. Şeýle-de korrupsiýa diýen zadyň özi adamlaryň aňyna ýaramaz täsir edýän zat. Çünki eýýäm ýurtda adamkärçilik gymmatlyklary peselýär”.

Nurmämmedow zähmetkeş halkda jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan puluň ýokdugyna hem berk ynanýar: “Zähmetkeş halkyň elinde jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullar ýok. Şeýle pullar diňe döwlet işgärleriniň, döwlet çinownikleriniň elinde bar”.

Maksat näme?

Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň agzasy Artýom Ulunýanyň pikiriçe, şeýle komissiýanyň häzir döredilmeginiň birnäçe aspekti bolmagy mümkin: “Birinjiden, ýokary nomenklaturany düzýänler kesgitli pul serişderlerini alýarlar. Şeýdip hem olar kesgitli maliýe mümkinçiliklerine eýe bolýarlar. Olaryň bu mümkinçilikleri syýasy bähbitleri üçin ulanmaklary ahmal”.

Ulunýan beýleki aspekti şeýle düşündirdi: “Ikinjiden bolsa, häzirki lider
Komissiýanyň gowy işlemegi üçin ýurtda söz, metbugat azatlygy we köppartiýalylyk gerek.
Berdimuhamedowyň erkin pikirlilik, demokratik syýasy özgerişikler barada aýdýandygyna garamazdan, ol halkara guramalaryň, fondlaryň Türkmenistanda demokratiýany ösdürmek üçin pul berip başlamagyny oňlamaýar. Sebäbi agzalýan problemalara garşy hakyky göreş üçin pudagara komissiýany döretmegiň zerurlygy ýok diýip oýlanýaryn”.

Taryh ylymlarynyň doktory Ulunýanyň pikiriçe, Aşgabadyň korrupsiýa garşy göreşýändigini daşky dünýä görkezmek isleýän bolmagy hem mümkin.

Türkmenistan 2005-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň korrupsiýa garşy göreş boýunça konwensiýasyna goşulypdy. Geçen ýylyň iýunynda bolsa Türkmenistan jenaýatçylykly ýollar bilen gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça Ýewraziýa toparyna agza boldy.

Aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedowyň pikiriçe, Türkmenistanda jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşjek komissiýanyň gowy işlemegi üçin ýurtda söz, metbugat azatlygy we köppartiýalylyk gerek.
XS
SM
MD
LG