Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet howpsuzlyk geňeșiniň maslahaty boldy


Türkmenistanyň Goranmak ministrligi
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Belent serkerdebașysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeșiniň nobatdaky maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda Berdimuhamedow Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň, Döwlet serhet, migrasiýa, neşelere garşy göreş gulluklarynyň, Baş prokuraturanyň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Soňra prezident kadrlary taýýarlamak, döwletiň howpsuzlygyny berkitmek, ýurtda kanunçylygy we tertip düzgüni ösdürmek, döwletiň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bagly bellikleri etdi diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Gümrügiň ýolbaşçysyna käýinç

Berdimuhamedow gulluk wezipelerini kanagatlanarsyz ýerine ýetirendigi, öz işgärleriniň arasynda tertip-düzgüni gowşadandygy üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Meretgeldi Berdiýewe berk käýinç yglan etdi. Oňa gullugyň işini talaba laýyk gurnamak tabşyryldy.

Aşgabatly publisist, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu gulluk barada şeýle diýýär: “Gümrük işgärlerinde ýurduň daşyndan gelýänlere artykmaç yrsaramak, olaryň el goşlaryny bolşundan beter barlamak ýaly häsiýetler bar diýlip aýdylýar”.

Bugaýew munuň aňyrsynda Türkmenistanda kök uran parahorluk problemasynyň bardygyny sözüne goşdy: “Gümrük işgärleriniň käbirini tanaýaryn. Olaryň ählisi öz döwründe eli hapalykda, parahorlukda aýyplandy we köpüsi türmä basyldy”.

Soňra ol şeýle diýýär: “Gümrüge işlemäge baranlar “gyzyl görse, Hydyr azar” bolýarlar we girdeji geljegini bilýärler. Sebäbi olar daşary ýurtlardan geljeklerden pul aljagyny bilip, nebislerine “haý” diýip bilmeýärler. Bu gullugyň işgärleriniň arasynda ak ýüreklisi hem bardyr. Emma olaryň aglabasy para-peşgeşe gol ýapýanlar”.

Bugaýewiň pikiriçe, Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işini ösdürmek we gullukda giň ýaýran parahorlugyň öňüni almak üçin onuň işgärlerini taýýarlaýan ýörite orta ýa-da ýokary okuw jaýyny açmaly. Şeýle-de ol gümrük gullugynda işleýänlere öz maşgalasyny arkaýyn eklär ýaly aýlyk tölemeli we olary ýaşaýyş jaýy bilen doly üpjün etmeli diýip nygtaýar.

Harby institutyň rektory täzelendi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen mejlisinde prezident Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň rektory Möwlamguly Hezretowy wezipesinden boşatdy. Ýöne onuň sebäpleri barada hiç zat aýdylmady. Hezretowyň ýerine Ýusup Mämmetgulyýew bellendi.

Bugaýew munuň Politehniki institutynda bolan waka bilen bagly bolmagynyň mümkindigini çaklaýar: “Politehniki institutynda bolup geçen wakadan soň ýokary okuw jaýlaryndan studentleriň düzgün-tertibine we beýleki meselelerine üns bermek has-da güýçlendi. Harby institutda hem şuňa meňzeş wakanyň ýüze çykan bolmagy we howply zatlaryň üsti açylan bolmagy mümkin”.

Ýakynda Politehniki institutynyň üç sany talybynyň serhoş ýagdaýda üç gyzy zorlandygy, soňundan hem olara hüjüm edendigi baradaky maglumatlar peýda bolupdy. Bu wakadan köp wagt geçmänkä, Hydyr Saparlyýew Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasarlygyndan aýrylyp, Türkmen Politehniki institutyna rektor bellendi.

Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken kararlaryna görä, bu waka sebäpli milim ministriniň orunbasary G.Durdyýew, Türkmen Politehniki institutynyň rektory Ý.Möwlamow, şol okuw jaýynyň prorektory G.Jelilow wezipesinden boşadyldy we wise-premýer Baýmyrat Hojamuhammedowa hem duýduryş berildi.
XS
SM
MD
LG