Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çekişme: Türkmen biliminiň tapawudy näme?


Türkmenistanyň Bilim ministrliginde diplomlaryň ykrar edilmegine degişli bildirişler, 14-nji aprel, 2014.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde diplomlaryň ykrar edilmegine degişli bildirişler, 14-nji aprel, 2014.

Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek boýunça resmi çäreleriň nobatdaky tapgyry başlandy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daşary ýurtlarda ýokary we orta bilim alan türkmenistanly ýaşlaryň diplomlaryny ykrar etmek işine, arakesmeden soň, gaýtadan girişendigi, ýagny, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, öz diplomlaryny Türkmenistanda ykrar etdirmek isleýän türkmen raýatlarynyň dokumentlerini kabul edilip başlanandygy habar berilýär.

Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlarda alan diplomlaryny öz ýurdunda resmi taýdan ykrar etdirmegi talap edýän resmi düzgün 2014-nji ýylyň baharynda girizlipdi.

Kynçylyk bolsa-da..

Şonda daşary ýurt diplomynyň ýurduň içinde ykrar edilendigi baradaky dokumentiň bolmasa, diplom eýesiniň goşunda, harby goşunda diňe bir ýyl gulluk edýän beýleki ýokary bilimlilerden tapawutlylykda, iki ýyl gulluk etmelidigi resmi derejede yglan edilipdi.

Daşary ýurtlarda bilim alan ýa alýan türkmenistanlylar öz ýurdunda daşary ýurt diplomlaryndan peýdalanmakda, hususan-da işe ýerleşmekde, indi bolsa diplomlaryny ykarar etdirmekde-de dürli kynçlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Muňa garamazdan, onlarça müň türkmenistanlylar ýokary bilim almak üçin daşary ýurt okuw jaýlaryny saýlap alýarlar. Näme sebäpden?

Tapawut nämede?

Türkmenistanda berilýän bilim daşary ýurtlardakydan näme bilen tapawutlanýar?

Azatlyk Raidosynyň resmi websaýtynda we sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda ýerleşdirilen bu sowala diňleýjilerden gelen teswirleriň ençemesinde bu meselede tapawudyň uludygy aýdylýar.

Umyt ady bilen ýazylan teswirde "Türkmenistandakydan tapawutly ýeri, bilim alýanlar durmuşyň kynçylyklaryny görýärler we durmuş ýolunda kän zatlary öwrenýärler, a Türkmenistanda näme, her gün – çare” diýilýär.

Shadmanay Kochkarowa ”Turkmenistanda bilim ýok, çäre bar diňe” diýýär.

Türkmen Studenti ady bilen ýazylan teswirde ”Türkmenistanda orta okuwlar gowy, yöne uniwersitetler erbet, uniwersitetde studentler rahat bolmaly olar özbaşyna hereket etmeli, düşünjelerini beýan etmegi bilmeli”, emma ”[Türkmenistanda] ýöne – çäre[bolup dur]” diýýär.

Türkmenistandaky bilimiň daşary ýurtlardakydan tapawudyny korrupsiýa-parahorluk bilen baglanyşdyrýan mazmunly teswirler hem bar.

Aska Surgun Kendim: ”Bilim - jübiňdäki para” diýýär.

Rose Malik: ”Türkmenistanda bilimi bazara öwürdiler. Kim näçe pul berse, şoña garap, baha goýýarlar. Çaganyň bilimine seredenoklar” diýýär.

Myrat Sapaýewiç Orazgeldiýew orsça ýazan teswirinde Türkmenistanda orta mekdebiň gowudygyny aýdýar, ”Emma ýokary bilime gezek gelende, özleriňiz para berýärsiňiz, bermeseňiz, mugtuna ýerleşerdiňiz” diýýär.

Mortaza Sirat: ”Tükmenistanda, puluň bolmasa, okap bilmeýäň, ýokary okuwlarda diňe baý oglanlar okap bilýär, bu okaýanlar okasy gelenok, sebäbi hemme zady taýyn we Türkmenistanyň bilimi bu günki tehnologiýadan gaty yza galýar” diýip belleýär.

Aziz Döwletow bolsa ”Okuw bar uniwersitetlerde, yöne puluň bolsa” diýip, Türkmenistanda ýokary bilimiň para-peşgeşe ýatandygyny ýaňzydýar.

Zamira Bäşimowna Hujamkulowa: "Öz ýurduňa geljek ýurt ýok, elbetde, Ukrainada 4-nji kursda okaýan, diyseň okuw bar şu taýda, yöne öz ýurduňy ata watanyňy küýsedýär, Türkmenistan ata watanymyz” diýip, öz teswirinde ýazýar.

XS
SM
MD
LG