Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda güzeran üçin neşe daşalýar


Eýranyň Owganystan bilen serhedi
Eýranyň Owganystan bilen serhedi
Owganystanyň demirgazyk-gündogar çetinde ýerleşýän bir etrabyň ýaşaýjylarynyň edişi ýaly, eklenç üçin kyn günlerde kyn çärelere ýüz urmaly bolýar.

Abraýly oňňut üçin mümkinçilik köp bolmansoň, Tahar welaýatynyň Kalafgan etrabynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy ýerli neşe kartelleriniň neşe önümlerini Eýrana we Täjigistana bikanun ýollar bilen ýetirmek arkaly gün görýärler. Bu örän howply iş hem köplenç türmä düşmek ýa ölüm bilen tamamlanýar.

Golaýda ýerli ilat neşe gaçakçylygy sebäpli Eýranda dardan asylan on adamy jaýlady. Etrabyň ýaşaýjylary geçen alty aýyň içinde Eýranda ölüm jesasy berlen 80 adamyň jesedini jaýlandyklaryny aýdýarlar.

Aýdylyşyna görä, bu etrapdan ýene takmynan 400 adam neşe sebäpli Eýranda türmede otyr.

Kalafganda neşe gatnadýanlaryň köpelmegi halkyň ünsüni bu etrapda bikanun neşe söwdasynyň gülläp ösýändigine çekdi.

23-nji fewralda, on adam jaýlanandan soň, matama gatnaşan ýüzlerçe adam köçelerde ýöriş geçirip, häkimiýetleri neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin regionda ykdysady şertleri gowulandyrmaga çagyrdylar.

Hamidullah golaýda Eýranda ölüm jesasy berlenleriň biriniň dogany. Ol, bir ýerli neşe söwdagäriniň öz doganyna pul we iş wada edip, ony iki hepdelik Eýrana iberendigini aýdýar: "Neşe söwdagärleri neşe gatnadýanlara pasport almak üçin Tährandaky ýerli pasport işgärlerine 20,000 afghany (takmynan 400 dollar) töleýärler. Olar Eýrana gider ýaly bir hepdäniň içinde wiza alynýar. Dokumentlerini alanlaryndan soň olar neşäni öz bedenlerinde gizläp, Eýrana gidýärler".

Hamidullah Tahar welaýatynyň resmilerini neşe söwdagärlerini goraýanlykda aýyplap, olary öz doganynyň ölümine jogapkär hasaplaýar: "Döwlet işgärleri, polisiýa neşe söwdagärlerini goraýarlar. Olaryň bardygyny hemmeler bilýär. Ýöne hiç bir iş edilmeýär. Söwdagärler ýokary derejeli resmilerden goldaw tapýarlar. Biz owgan prezidenti Hamid Karzaýy gyssagly çäre görmäge çagyrýarys".

Sebäpler

Kalafganyň ýene bir ýaşaýjysy bolan Suriýanyň aýtmagyna görä, oba ilatyny neşe söwdagärlerine işlemäge mejbur edýän garyplyk we işsizlik. Suriýanyň adamsy ýaňy-ýakynda Eýranda ölüm jezasy berlenleriň biri.

"Owgan hökümeti neşe söwdagärleriniň garşysyna hiç bir iş edenok. Näme üçin hiç bir zat edilmeýär? Meniň adamym öldürildi. Ähli zadym elimden gitdi, maşgalam-da gitdi. Men indi iki çagaly dul zenan bolup galdym. Elimden näme gelýär?" diýip, Suriýa zeýrenýär.

Tahar welaýatynyň häkimi Muhammad Farid Zaki öten alty aýyň içinde Eýranda iň azyndan 43 sany Kalafgan ýaşaýjysyna ölüm jezasynyň berlendigini tassyklaýar. Ol Eýran resmileriniň tassyklanynyň 43 adamdygyny, ýöne özüniň öldürilenleriň sanyny mundan has kän diýip çaklaýandygyny aýdýar.

Zaki Eýranda tussag edilen we dardan asylan kalafganlylaryň sanynyň beýle ýokarydygy barada öz edarasy tarapyndan derňew alnyp barylýandygyny belleýär. Ol neşe söwdasynyň regionda möhüm rol oýnaýandygyny aýdyp, ýöne bu işiň diňe Tahara mahsus däldigini nygtaýar: "Bu diňe Taharda däl-de, eýsem tutuş Owganystanyň problemasy. Pakistana we Eýrana gidýän owgan ýaşlaryny käbir ýerlerde neşe gatnatmakda ulanýarlar".

Owgan mediasynyň çaklamagyna görä, neşe gaçakçylygynda günälenip, Eýranda türmä düşen owganlaryň sany iki müň töweregi. Bularyň ýüzlerçesine ölüm jezasy garaşýar.
XS
SM
MD
LG