Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Pasportlar korrupsiýa hyzmat edýär


Azizullah Ludin: “Biz Owganystanda milli pasport sistemasyny döretmeli. Kime pasport gerek bolsa, ol haýsydyr bir komandiriň ýa bir başlygyň ýanyna barmaly bolmaly däl”.
Azizullah Ludin: “Biz Owganystanda milli pasport sistemasyny döretmeli. Kime pasport gerek bolsa, ol haýsydyr bir komandiriň ýa bir başlygyň ýanyna barmaly bolmaly däl”.
Soňky wagtlar Owganystanda pasport ýetmezçiligi sebäpli gara bazarda pasport söwdasynyň-da gülläp-ösýändigi aýdylýar.

Pasport Owganystanda gaty möhüm hasaplanýar. Sebäbi adamlarda özleri barada şahsy maglumatlary öz içine alýan başga resmi dokument ýok.

Owganystanyň pasport gullugy geçen oktýabrda özlerinde bar bolan doldurylmadyk täze pasportlaryň gutaryp barýandygyny aýdypdy. Indi şondan 4 aý soň, owganystanlylar ýurduň häkimiýetlerini şu ýetmezçilikden peýdalanýanlykda we bu zerur dokumenti dellallaryň üsti bilen gymmat bahadan satýanlykda aýyplaýrlar.

Bahasy 400-450 dollar

Kabulyň ýaşaýjysy Mohammad kanuny ýollar bilen ençeme hepdeläp pasport alyp bilmänligi üçin, 400 dollara golaý pul töläp, ony gara bazardan satyn alandygyny aýdýar.

Ol: “Pasport edarasynyň parahor işgärleri bu dokumenti bir dellala berip, ýokary bahadan satdyrýarlar” diýýär.

Owganystanyň milli pasportynyň daşky görnüşi.
Owganystanyň milli pasportynyň daşky görnüşi.
“Biz bu ýere pasport almga geldik. Esasy problema ony bikanun söwdagärleriň satýanlygynda. 400 ýa 450 dollar bermesek, bize pasport ýok. Ýöne bahym bu 800 dollara dagy barar” diýip, Mohammad ýagdaýy düşündirýär.

Mohammad pasport üçin zerur maglumatlary we dokumentleri dellala beripdir. Onuň indi alan pasporty bolsa bir galp zat däl-de, hakyky pasport.

General Eýub Nasiri Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky pasport gullugynyň başlygy. Ol çäkli mukdarda boş pasportlaryň saklanýandygyny, ýöne olaryň, mysal üçin, biri saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara gitjek bolanda ýa-da şular ýaly başga bir zerur ýagdaýlar ýüze çykanda raýatlara berilýändigini aýdýar.

General Nasiri öz işgärleriniň pasportlary satmak ýaly bikanun işlere baş goşýandyklaryny inkär edýär: “Men öz raýatlarymyzyň üçünji bir taraplara ýüz tutman, göni edaralara barmaklaryny soraýaryn. Olar kanuny, öz hukuklaryny bilmeli. Aýtjak bolýanym, olardan hiç kim pul alyp bilmez. Olar şuny bilmeli”.

Emma “Pasportlar diňe belli ýagdaýlarda berilýän bolsa, onda ony haýsydyr bir üçünji tarap nädip alyp bilýär” diýlen soraga general Eýub Nasiri “bilemok” diýip jogap berýär.

“Bu sistemanyň problemasy”

Owganystanyň korrupsiýa garşy ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Azizullah Ludin pasport gullugynyň käbir işgärleriniň halkdan köp pul alyp, olara pasport berýändiklerini tassyklaýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu nädogry işler bäzirki pasport sistemasynyň problemasyny görkezýär. Kabulda pasport gullugynyň bary-ýogy bir edarasy bar. Paýtagtdan daşarda bolsa, pasportlar ýerli ýolbaşçylara we howpsuzlyk resmilerine paýlanýar. Olar hem, öz gezeginde, bu pasportlary öz edaralarynyň üsti bilen halka satýarlar.

Ludin parahorluga ýol açýan şertleri hem-de pasporty taýýarlamak üçin sarp edilýän wagty çäklendirmek üçin öz edarasynyň Içeri işler ministrligi bilen täze pasport sistemasynyň üstünde işleýändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu sistema häkimiýetleriň berk kontrollygy astynda bolmaly.

“Biz Owganystanda milli pasport sistemasyny döretmeli. Kime pasport gerek bolsa, ol haýsydyr bir komandiriň ýa bir başlygyň ýanyna barmaly bolmaly däl. Ýerlerde ýörite ýerli pasport edaralary bolmaly we her kim şol ýere baryp, gerek kömegini alyp bilmeli” diýip, Azizullah Ludin belleýär.

Owganystanlylar häzirlikçe häzirki sistema bilen oňmaly bolsalar-da, gowulyga tarap käbir alamatlar ýok däl. Maglumata görä, Maliýe ministrligi golaýda 1.4 million sany täze pasportýň çap edilmegi barada tabşyryk beripdir. Olaryň 35 müňi bolsa eýýäm şu geçen hepde degişli edaralara gelip gowşupdyr.
XS
SM
MD
LG