Ýakynda ýüze çykan birnäçe wakalardan soň, Merkezi Aziýanyň günorta-gündogar böleginiň howpsuzlyk ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşýar.
“Nabukko” konsortiumynyň wekilleri, bu proýektiň ýörite maslahatçysy edip Germaniýanyň ozalky Daşary işler ministri Ýoçka Fişeri saýladylar.
29-njy iýunda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Azerbeýjana sapary mahalynda, iki ýurduň arasynda tebigy gaz ylalaşygyna gol goýuldy.
Özbekler oňa “uly ata” ýa-da “ýurtbaşy” diýýärler. Ynha indi 20 ýylyň dowamynda Özbegistany demir penjesinde saklap gelýän hem-de göňşy ýurtlara-da öz diýenini etdirýän Yslam Karimow, Merkezi Aziýada adamlarda iň köp gorky döredýän liderleriň biridir.
23-nji iýunda Gyrgyzstanyň Daşary işler ministri Kadyrbek Sarbaýew regiondaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, ýurduň hökümetiniň Manas bazasy baradaky kararyny üýtgedendigini mälim etdi.