Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Karimow hökmürowan dolandyryşynyň 20 ýyllygyny belledi


Esasy sorag, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýandygy aýdylýan Karimowdan soň näme bolar?
Esasy sorag, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýandygy aýdylýan Karimowdan soň näme bolar?

Özbekler oňa “uly ata” ýa-da “ýurtbaşy” diýýärler. Ynha indi 20 ýylyň dowamynda Özbegistany demir penjesinde saklap gelýän hem-de göňşy ýurtlara-da öz diýenini etdirýän Yslam Karimow, Merkezi Aziýada adamlarda iň köp gorky döredýän liderleriň biridir.

Karimowyň ýolbaşçylygynda Özbegistan regionda iň uly harby güýje öwürildi. 28 million adamdan ybarat bolan Özbekistan, ilat sany boýunça hem regionda birinji orny eýeleýär.

“Maňa ýarag beriň”

Käri boýunça ykdysadyýetçi bolan Karimow, özuniň saýlan ýoluna ýurdy gönukdirmek üçin hiç zatdan gaýtmaýandygy bilen hem tanalýar. Onuň Yslam ekstremistlerine garşy çykyş edip aýdan sözleri, köp adamy geň galdyrdy. Şonda ol deputatlara ýuzlenip, “siziň gaýratyňyz çatmasa, maňa ýarag beriň, men özum olary atyp öldürerin” diydi.

1990-njy ýyllarda, ol Özbegistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda şeýle diýipdi: “Eger siz ertir meni prezident hökmunde saýlasaňyz, onda maňa parlamenti dargatmaga hak-hukuk bermeli bolarsyňyz. Şonda soňky söz meniňki bolar. Häzir bolsa men sizden tapawutlanmaýaryn.”

Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Samarkant şaherinde doglan Yslam Karimow, häzirki döwürde, Merkezi Aziýa dowletleriniň prezidentleriniň arasynda iň ýaşy ulusy bolup durýar.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaew bilen bir hatarda, Karimow, Sowet Soýuzy darganyndan soň öz ýurtlarynda berk režimi döredip bilen lider hasaplanýar. Özbegistana ýolbaşçylyk edip başlan ilkinji ýyllarynda, Karimow, Sowet döwründäki parlamenti rehimsizlik bilen dargatdy.

Prezidentiň bu hereketine garşy çykan deputatlaryň biri Şukrat Nusratow öz kärdeşlerine ýüzlenip, häkimiýet ýokary saýlaw edarasynyň elinden alnyp, bir adamyň gözegçiligine geçirilýär diýipdi. “Bu akyla sygmajak zat. Muňa ýol berilmeli däldir, ýoldaşlar. Ýogsa bizde 1930-njy, 1940-njy ýyldardaky wakalar gaýtalanar. Hususan-da biziň prezidentimiziň haýasyz, başyna giden häsiýeti göz öňunde tutulsa, şu gidişine gitse näme boljagyny öňunden hatda çaklap hem bolmaz.” Şukrat Nusratow, prezidentiň şol eden hereketini Konstitusion Kommisiýasy bikanun diyip tapsa, onda prezident wezipesinden çekilmeli bolar, ýurduň geljegi şu ýerde oturan biziň hemmämize bagly diýip öz kärdeşlerine ýüzlenipdi. “Biz ya demokratiýany ýa-da diktaturany saýlamaly. 3-nji ýol ýok.”

Oppozisiýany ýok etdi

Emma deputatlaryň şeýle çykyşlaryna garamazdan, Karimow parlamenti dargadyp, öz aýdanyndan çykmaýan parlamenti döretdi. 1990-njy ýyllaryň ortasynda bolsa, Karimowa, ýurtdaky oppozisiýany hem ýok etmek başartdy. Oppozisiyanyň köp agzasy, ýurdy terk etmäge mejbur edildi, Özbegistanyň içinde galanlar bolsa, öz hereketlerini gaty çäklendirmeli boldular.

1999-2004-nji ýyllarda Özbegistanda ýüze çykan bomba partlamasy sebäpli ýurda yslamçy toparlaryň yzarlanmalary has güýçlendi. Özbegistanyň Yslam hereketi ýurtda gadagan edildi. 2005-nji ýylyň Maý aýynda, Andijan şäheriniň ýaşaýjylarynyň protest demonstrasiýalary häkimiýetler tarapyndan rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy. Özbek resmileriniň beren maglumatlaryna görä, Andijan wakasynda 187 adam heläk bolupdyr. Emma hukuk goraýjy guramalaryň aýtmagyna görä, heläk bolanlaryň sany, resmileriň berýan sanlaryndan birnäçe esse köp bolup, olaryň köpüsi parahat ýaşaýjylary bolup durýar.

2005-nji ýylyň maýynda hökümet güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykdan soňky jesetler.
Ýurtdaky türmeleriň ýagdaýynyň ýaramaz bolandygy, türmelerde adamlaryň gynalýandygy sebäpli halkara jemgyýetçiligi özbek häkimiýetlerini yzygiderli taňkyt edip gelýärler. Özbekistanda metbugat azatlygynyň hem düýpden ýokdugy tankyt edilýär.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaew ýaly, Yslam Karimow hem ýurduň saýlaw sistemasyny özüne amatly tarapa özgerdip, häkimiýeti elinde saklap gelýär. Ýagny ol iki gezek öz prezidentlik möhletini uzaldýan referendumy geçirdi, hem-de 2007-nji ýylda ýurduň Konstitusiyasyny bozup, 3-nji gezek prezidentlik möhlete saýlanmak üçin öz kandidaturasyny hödurledi. Şol saýlawlarda hem Karimow ýeňillik bilen ýeňiş gazandy.

Täsir we agram

1990-njy ýyllaryň ahyryna çenli Yslam Karimow ýurtda ykdysady reformalaryň demokratik özgerşliklerden möhümdigini aýdyp, ykdysady taýdan durnukly ýurtda, demokratiýany gurmak aňsat bolar diýen delili getiripdi. Beýleki ýurtlaryň 90-njy ýyllarda başdan geçiren kynçylyklary göz öňunde tutulsa, Karimowyň öňe süren ideasy ýerlikli ýaly bolup göründi.Ýagny graždan urşundan ejir çeken Täjigistan, dürli gapma-garşylyklar sebäbli demonstrasiýalardan gözi açylmaýan Gyrgyzystan bilen deňeşdirileninde ykdysady reformalary geçiren Özbegistanyň ýagdaýy hakykatdan hem durnukly bolup göründi.


Şeýlede Özbegistan, göňşy Gyrgyzystany hem Täjigistany tebigy gaz bilen üpjün edýan ýeke-täk çeşme bolup durýar. Bu fakt bolsa, Karimowyň göwnine ýaramaýan hereket edilen halatynda, göňşy ýurtlaryň häkimiýetlerine basyş görkezmäge özbek prezidentine mümkinçilik döredýär.

Mysal üçin, özbek häkimiýetleri, 1993-nji ýylda Gyrgyzystany Merkezi Aziýa respublikalarynyň içinde ilkinji bolup öz milli walýutasyny girizeninden soňra, gaz üçin töleglerini wagtynda amala aşyrmandygy üçin, bu ýurda berilýan özbek gazy kesildi. Ýa-da bolmasa 1997-nji ýylda täjik hökümeti yslamçy garşydaşlary bilen ylalaşyga geleninden soňra, özbek gazy bu ýurda akdyrylmady.

Özbek prezidentiniň goňşy ýurtlardaky ýagdaýy dartgynlaşdyrmak ugrunda edilýän hereketlere dahyllydygy hem güman edilýar. Mysal üçin,
2002-nji ýylda “Niýazowyň janyna kast etmek synanşygy” diýlip atlandyrylan wakada, Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary Özbek ilçihanasynda barlag geçirdiler.

Täjik häkimietleri hem, ýurtda amala aşyrylan birnäçe hüjüme özbekleriň dahylynyň bolandygyny güman edip, Özbegistany aýypladylar.
Mundan başga, Özbegistanyň göňşy ýurtlary özbek howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň serhetden geçip, Özbegistana gaýtarylmaly adamlary zorluk bilen alyp gidýändiklerini aýdýarlar.
Andijan wakalaryna taryhçylar baha bererler.


Karimow bilen uzak wagtlap dostlukly gatnaşyklary saklap gelýän Gürjüstanyň öňki prezidenti Eduard Şewardnadze, Azatlyk radiosynyň özbek gullugyna beren maglumatynda, Andijan wakalarynda Karimowyň öz halkyny äsgermeýändigini görkezendigini aýdyp, 2003-nji ýylda Gürjüstanda “bägul rewolusiýasy” amala aşyrylan döwurde, özuniň hem agyr ýagdaýa düşendigini aýtdy. “Gan döküşligiň öňuni almak üçin, mende başga çykalga ýokdy: Ýa gan döküşlige ýol bermeli, ýa-da men wezipämden çekilmelidim. Men ikinji ýoly saýladym we şondan soň syýasatdan daşlaşdym. Andijan wakalaryna bolsa taryhçylar baha bererler”.

Özbegistana 20 ýyl bäri ýolbaşçylyk edýän Karimowyň ýurtda döreden sistemasy, diňe özüne gulluk etmek üçin döredilendigi hiç kimi şubhelendirmeýär. Şonuň üçin Karimow gideninden soň bolup biljek ýagdaý bütin Merkezi Azýa regionyna tasirini ýetirip biler diýen howatyrlanmalar hem az däl.
XS
SM
MD
LG