Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň günorta-gündogarynda durnuksyzlyk alamatlary


Ziýoýew 1992-97-nji ýyllaryň graždan uruşy döwründe Birleşen Täjik Oppozisiýasynyň baş harby ýolbaşçylarynyň biridi.
Ziýoýew 1992-97-nji ýyllaryň graždan uruşy döwründe Birleşen Täjik Oppozisiýasynyň baş harby ýolbaşçylarynyň biridi.

Maý aýynyň aýagynda Özbegistanda, Gyrgyzstanda we Täjigistanda ýaragly toparlaryň gatnaşmagynda ýüze çykan birnäçe wakalardan soň, Merkezi Aziýanyň günorta-gündogar böleginiň howpsuzlyk ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşýar.

Geçen hepde Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň gündogarynda ýaragly topary ýaragsyzlandyrmak boýuça geçiren çäresi netijesinde ýurduň iň görnükli jemgyýetçilik aktiwisti bolan ozalky Adatdan daşary ministri Mirzo Ziýoýew öldürildi.

Maý aýynyň aýagyndan bäri Özbegistan hem ençeme gandöküşikli wakalaryň sahnasyna öwrülipdi. Özbegistanyň serhet postuna edilen hüjüm olaryñ biri boldy. Bu hüjümi Gyrgyzstan tarapyndan ýaragly toparyň amala aşyrandygy çak edilýär.

Şol günüň özünde Gyrgyzstanyň serhedine golaý kiçeňrak şäherde polisiýa bölümi hem oka tutulypdy. Özbegistanyň Andijan şäherinde bolsa öz janyndan geçen hüjümçiniň gatnaşmagynda terrorçylykly waka ýüze çykdy.

Iýun aýynyň aýagynda Gyrgyzstanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan serhetde Yslam söweşijilerine garşy operasiýa geçirilip, azyndan 11 adam heläk boldy.

Şol döwrüň dowamynda Täjigistan neşä garşy uly operasiýany geçirdi. Ýurduň günorta böleginde maý aýynda başlanan şol çäreler regionyň ýaragly toparlarynyň ýolbaşçylaryna gizlin göreşiň başlangyjy hökmünde kabul edilipdi.

Täjigistanyň gündogar böleginde ýaragly toparlar we polisiýanyň arasynda çaknyşyklar geçen hepde iki sapar bolupdy. Ýene bir gandöküşikli waka geçen şenbe güni 11-nji iýulda Täjigistanyň Tawil-Dara welaýatynda ýüze çykyp, ýurduň ozalky Adatdan daşary ministri Mirzo Ziýoýewiň ölümi bilen bagly boldy.

Ziýoýew 1992-97-nji ýyllaryň graždan uruşy döwründe Birleşen Täjik Oppozisiýasynyň baş harby ýolbaşçylarynyň biridi. Birleşen Täjik Oppozisiýasynyň Yslam ganatynyň agzasy bolan Ziýoýew, 1997-nji ýylda graždan uruşynyň soňuna getiren parahatçylyk ylalaşygy baglaşylansoň, ministr wezipesine eýe bolupdy. 2006-njy ýylda ýurduň Adatdan daşary ministrligi dargadyldy.

Hökümeti agdarmaga synanşyk

11-nji iýulda Täjigistanyň Içeri işler ministri Tawil-Darada geçiren howpsuzlyk operasiýasynyň dowamynda Ziýoýewiň ele salynanlygyny we onuň hususan-da hökümeti agdarmaga synanyşandygyny yglan etdi. Emma munuň yzýany täjik resmileri Ziýoýewiň hökümet güýçleriniň ýaragly toparlar bilen gepleşik geçirmeginde ýardam bermäge synanan wagty öldürilenligini aýtdylar.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Muhammadjon Nazriýew, Surkhob jülgesiniň Aghba obasynyň golaýynda geçirilen operasiýada ýaragly adamlardan ybarat bikanun toparyň hüjüm edip, Mirzo Ziýoýewi öldürenligini şeýle-de Içeri işler ministliginiň we milli howpsuzlyk komitetiniň birnäçe offiserini ýaralanlygyny habar berdi.

Täjigistanyň resmileri şol ýaragly toparyň “Özbegistanyň Yslam Hereketiniň” agzalaryndan düzülendigini aýdýarlar. Täwil-Dara regiony graždan uruşy döwründe Birleşen Täjik Oppozisiýasynyň Yslamçy söweşijileriniň, şeýle-de 1999 we 2000-nji ýyllarda Gyrgyzstana we Özbegistana hüjüm edende “Özbegistanyň Yslam Hereketiniň” ýerleşen ýeri bolupdy.

Gyrgyzystanda-da ýagdaý ynjyk

Gyrgyzstanda howpsuzlyk güýçleri ýakynda Üzgen şäheriniň golaýyndaky tokaýlyklary barlamak boýunça çärelerini tamamladylar. Ýaragly toparlary yzarlamak boýunça çäräniň dowamynda, 23-nji iýundan bäri Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 9 adamy atyp öldürendigi habar berildi. Resmi maglumatlarda öldürilenleriň “Özbegistanyň Yslam hereketiniň agzalarydygy”. Habar berilşine görä, şol wagt aralygynda Gyrgyzstanyň howpsuzlyk güýçleriniň bir işgäri we ýene bir serhetçi hem wepat bolupdyr.

Gyrgyzstanyň Jalal-Abad welaýatynyň ýolbaşçysynyň wekili Orozali Karasartow metbugat konferensiýasyny geçirip, regiondaky ok atyşygynyň sebäplerini terrorçylyga garşy operasiýanyň geçirilmegi bilen düşündirdi we onuň netijesinde Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleriniň bir ofiseriniň ölendigini we ýene biriniň ýaralanandygyny habar berdi.

ABŞ “Talyplara” we “Özbegistanyň Yslam Hereketine” berk zarba uransoň 2001-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa belli bir derejede durnuklydy. Emma soňky ýyllarda Owganystanyň Päkistan bilen serhedinde özlerine gaçybatalga tapan Yslamçy toparlaryň Merkezi Aziýa dolanyp gelmegi baradaky aladalar barha güýçlenýär.
XS
SM
MD
LG