Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Gyrgyzstan "Manas" bazasy barada ylalaşdylar


Manas bazasyny ulanmaklygyň şertleri hem-de onuň kärende bahasy indi birneme üýtgedilipdir.
Manas bazasyny ulanmaklygyň şertleri hem-de onuň kärende bahasy indi birneme üýtgedilipdir.

2001-nji ýylyň ahyryndan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň harby güýçleri Gyrgyzstanyň günortasyndaky Manas howa bazasyny Owganystandaky harby operasiýalar üçin ulanyp gelipdiler. Ýöne üstümizdäki ýylyň fewralynda Orsyýetiň gyrgyz prezidentine 2 milliard dollar karz pul bermekligi wada bermeginiň yzy bilen, Gyrgyzstanyň hökümeti bu harby bazany awgust aýynda ýapmaklygy karar edipdi.

Fewral aýynda alynan karara garamazdan, 23-nji iýunda Gyrgyzstanyň Daşary işler ministri Kadyrbek Sarbaýew regiondaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşandygyny göz öňünde tutup, ýurduň hökümetiniň Manas bazasy baradaky kararyny üýtgedendigini mälim etdi. “Gynansak-da, Owganystanyň hökümetiniň we halkara koalisiýasynyň tagallalaryna garamazdan, bu ýurtdaky ýagdaýlar, aýratynam Pakistanyň Swat jülgesindäki wakalar sebäpli, ýaramazlaşmak tendensiýasyny görkezýär.” diýip Kadyrbek Sarbaýew aýdýar. “Ýagdaýyň mundan beýläk hem ýaramazlaşmak bilen bolan halatynda onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we şol sanda Gyrgyzstanyň hem howpsuzlyk meselesine gönüden-göni täsirini ýetirmegi mümkin”

Karara näme itergi berdi?


Jenap Sarbaýew regionyň howpsuzlyk ýagdaýlaryny göz öňünde tutup hem, Gyrgyzstanyň hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň harby güýçlerini Manas howa bazasynda galdyrmak kararyna gelendigini aýtdy. Ýöne, maglumata görä, Manas bazasyny ulanmaklygyň şertleri hem-de onuň kärende bahasy indi birneme üýtgedilipdir. Täze ylalaşyga görä, Manas bazasyndan Owganystana diňe ýerli ýaşaýjylar üçin howply bolmadyk harby ýükleriň daşalmagyna rugsat berilýär. Ýöne bu kontekstde “howply bolmadyk” diýen düşünjäniň manysy welin birneme düşnüksiz bolup galýar.

Töleg artar

Mundan daşary, Birleşen Ştatlaryň Manas bazasy üçin töleýän tölegi hem indi artar. Ýagny, mundan öň amerikalylar Manas bazasyny ulanýandyklary üçin Gyrgyz hökümetine ýylda 18 million dollar töweregi töleg tölän bolsalar, indi olar 60 million dollar töweregi töleg tölärler. Munuň hem üstesine Birleşen Ştatlar Manasyň töweregindäki ulanýan transport ýollarynyň gerimini giňeldýändigi we täze angarlary gurýandygy üçin 36 million dollar, täze nawigasiýa enjamlaryny oturdýandygy üçinem 30 million dollar, şeýle hem Gyrgyzstanyň hökümetiniň neşe gaçakçylygyna garşy alyp barýan göreş çärelerine niýetläp 21 million dollar we terrorizme garşy göreş çäreleri üçinem 10 million dollar tölär.

“Biz bir uly döwlet däl”

Amerikan güýçlerini Manas bazasynda galdyrmak barada kabul edilen karara Gyrgyz Parlamentindäki käbir tanymal syýasatçylaryň alyp baran kampaniýasynyň netijesi hökmünde hem garalýar. Gyrgyzstanyň dolanydyryjy “Ak-Žol” partiýasyndan Parlament deputaty Raşid Tagiew 23-nji iýunda Parlamentde eden çykyşynda “Biz bir uly döwlet däl, biziň goşunymyzam şeýle bir uly goşun däl. Bäş milliondan gowrak ilaty bolan Gyrgyzstan meniň pikirimçe tutuş dünýädäki bolup geçýän ýagdaýlardan ugur almaly. Şoňa görä-de, häzirki meselede hut şu ýagdaýdan ugur alyndy we amerikan güýçlerini Manasda galdyrmak barada şeýle karar kabul edildi” diýip belledi

Öz gezeginde düýn Birleşen Ştatlaryň Bişkekdäki ilçihanasy Gyrgyzstanyň häkimiýetleriniň kabul eden bu kararyny Waşingtonyň örän hoşallyk we kanagatlanma bilen garşy alandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG