Suw hojalygy pudagynda ömrüniň esli bölegini geçiren Rejep aga öz açyşyny iki ýyl mundan ozal Türkmenistanyň döwlet edaralaryna geçiripdir.
Ahalteke, ýomut atlarynyň mekany bolan Türkmenistanyň hususy pudagynda gylýalçylyk biznesini ýola goýmak mümkinmi?
Dünýäniň köp ýurtlarynda neşe garaşlylygyna uçranlara kömek bermek üçin işlenip düzülen “12 ädim” usuly gowy netije berýär diýip tassyklaýarlar.
Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika döwletleri institutynyň “Merkezi Aziýany we Kawkazy öwrenmek boýunça laboratoriýasynyň” müdiri, professor Leonid Fridman monopoliýanyň her bir görnüşiniň, şol sanda döwlet monopoliýasynyň hem ykdysady ösüşe ähirt uly böwet bolýandygyny düşündirdi.
Türkmen metbugatynda 9-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly programmasy çap edildi. Bu strategiýada oba hojalygy meselesi hem gozgalýar.
Bütindünýa Saglyk Guramasynyň ýakynda ýaýradan maglumatynda her ýylda bäş ýaşyna ýetmänkä ýogalýan takmynan 9 million çaganyň 68%-niň ölümine öýken çişmesi, içgeçme, gyzzyrma ýaly keselleriň sebäp bolýandygy aýdylýar.
Eneler güni mynasybetli eneleriň saglyk ýagdaýy, çaga dogurmak meselesinde eneleriň ömrüne abanýan howpuň derejesi, enelere kwalifisirlenen medisina hyzmatlarynyň elýeterliligi we beýleki meselelere bagyşlanyp ýörite hasabat ýaýradyldy.
5-nji maýda Gazagystanyň parlamentinde ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi “Milletiň lideri” diýip yglan edip, onuň eldegrilmesizlik statusyny has hem berkitmek barada teklipler öňe sürüldi. Agzalan teklip parlamentiň mejlisinde gazak deputatlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
2007-nji ýylda Türkmenistanda kabul edilen “Sosial üpjünçilik baradaky” Kodeksde 2012-nji ýyldan başlap, ýurtda pensiýa sistemasyna belli bir şertler esasynda pul toplamak düzgüniniň giriziljekdigi aýdylýar. Eýsem, şeýle pension reformany geçirmek üçin ýurtda zerur şertler barmy?
1996-njy ýylda Türkmenistandan Gazagystanyň Aktýubinsk welaýatyna göçüp baran Orazalyýewleriň maşgalasy häzir gaty kyn ýadaýy başdan geçirýär. Bäş çagaly maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi Kuninaý Orazalyýewiň iş wagty sag aýagyna zeper ýetip, işsiz galdy.
Türkmenistanyň ykdysadyýeti we kadrlar syýasaty barada moskwaly professor, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça bilermen Leonid Abramowiç Fridman bilen Azatlyk Radiosy söhbetdeş boldy.
Türkmenistanda geljek ýyldan başlap aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet goldaw serişdeleriniň hem-de studentleriň stipendiýalarynyň möçberi 10% galdyrylýar.
BMG-niň AIDS-e garşy göreş boýunça edarasy Bütindünýä saglyk guramasy bilen bilelikde bu kesel baradaky hasabaty çap etdi.
Türkmenistanda hökümet tarapyndan kesgitlenilýän emlägiň bahasynyň ur-tut ýokarlanandygynyň aňyrsynda näme ýatyr?
Ilatyň sagdyn bolmagynyň ykdysady ösüşe gönüden-göni tasir edýandigi alymlarynyň ýazan kitaplarynda aýdyn görkezilýär.
Häzir Türkmenistanda dümew möwç urýar. Tassyklanmadyk käbir maglumatlara görä, ýurtda doňuz dümewiniň ýaýran bolmagy ähtimal.
20-nji oktýabrda, düýbi Parižde ýerleşýän “Sehetsiz reportýorlar” guramasy metbugat azatlygy boýunça 2009-njy ýylyň ýörite görkezijisini ýaýratdy.
21-nji sentýabrda Türkmenistana türkmen-çeh biznes forumyna gatnaşmak üçin Çehiýanyň hökümet delegasiýasy Aşgabada bardy.
Türkmenistanda ipotekanyň, ýagny ýaşaýyş jaýlarynyň ilata elýeterli bolmagy üçin berilýän karz puluň mukdarynyň ösýändigi barada maglumat ýaýradyldy.
Gazagystanda azyndan alty adamynyň ölümine sebäp bolan Krym-Kongo gyzdyrma keseli Merkezi Aziýada wagtal-wagtal peýda bolýar.
Ýene-de ýükle