Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ata Watanyň sowuk gujagy


Bäş çagaly maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi bolan Kunibaý Orazalyýew.
Bäş çagaly maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi bolan Kunibaý Orazalyýew.

1996-njy ýylda Türkmenistandan Gazagystanyň Aktýubinsk welaýatyna göçüp baran Orazalyýewleriň maşgalasy häzir gaty kyn ýadaýy başdan geçirýär. Bäş çagaly maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi Kuninaý Orazalyýewiň iş wagty sag aýagyna zeper ýetip, işsiz galdy.

Gazagystanyň Aktobe welaýatynyň Martuk raýonynda ýerleşýän Garatorgaý obasynda mekan tutunan Orazalyýewleriň uly maşgalasy 1996-njy ýylda Türkmenistandan öz ata Watanyna göçenlerine ökünýändigini aýdýarlar.

Bu bäş çagaly maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi bolan Kunibaý Orazalyýew üç ýyllap bir hususy gurluşyk kompaniýasynda işläpdir hem-de şol ýerde iş wagty sag aýagyna zeper ýetipdir.

Emma ol işde saglygyna zeper ýetendigi üçin hökümetden maýyplyk kömegini alyp bilenok. Sebäbi, Aktobe welaýatyndaky Azatlyk Radiosynyň habarçysy Alima Abdirowa gürrüň berişine göra, ozal Kunibaý işde resmi taýdan hasaba alynmandyr. Ýagny, işe alynýandygy barada hiç bir ylalaşyga gol çekmän, üç ýyl işläpdir.

Kunibaý Orazalyýewiň gürrüň bermegine görä, şol hususy gurluşyk kompaniýasynda işlän hemme işçiler kagyz boýunça 40-50 müň teňňe, ýagny 300-400 dollar töwereginde aýlyk alýandyklaryna gol çekip, hakykatda olaryň aýyna alýan aýlyklarynyň möçberi 15-25 müň teňňe aralygynda bolupdyr.

“Aýalym işsiz, bäş çagam bar. Körpe oglum 30 gradus aýazly howada mekdebe ýuka egin-eşikde, krossowkaly gatnaýar. Obada iş ýok. Häzir nahara-da pul ýok, aýalym goňşulardan uny karzyna alyp, günümizi görýaris” diýip, Kunibaý Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle hem ol Gazagystana başga ýurtlardan göçüp baran gazaklaryň öz hak-hukuklaryny bilmeýändiklerini, kyn ýagdaýda kime ýüz tutmalydygyndan hem bihabardyklaryny Azatlk Radiosyna gürrüň berdi.

“Türkmenistandan göçüp gidenimize ökünýäris”

Kunibaýyň aýaly Zliýha Esengaliýewa Türkmenistanda bir gektarlyk ýerleriniň, öz hususy öýleriniň bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Zliýha Esengaliýewa Türkmenistanda ýaşanlarynda hojalygynda dört düýe, iki sygyr, 25 goýunlarynyň bolandygyny-da aýtdy: “Biziň gazymyz, elektrik togumyz, iýýän duzumyz mugtdy. Çagalarymyz gazak mektebine gatnaýardy. Kolhozymyzyň ýolbaşçysy hem gazakdy”.

Şeýle hem ol Türkmenistanda özlerini hiç kimiň kemsitmändigini, Türkmenistanda milletine garamazdan, hemme kişiniň agzybir, birek-birege ýardam berip ýaşandyklaryny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi: “Ata Watanymyz Gazagystana göçüp geldik welin, ýardam hökmünde elimize 30 müň teňňe berdiler, galanam öz başyňyzy özüňiz çaraň diýdiler”.

“Biz işsiz, bir döwüm çöreksiz otyrys. Öýi ýylydara kömrümiz ýök. Geljegimiz hem garaňky” diýip, Zliýha zeýrenýär.

Azatlyk Radiosy Orazalyýewleriň maşgalasynyň gözgyny ýagdaýy barada olaryň ýaşaýan Garatorgaý raýonynyň häkimligine ýüzlendi. Häkimligiň ýolbaşçysy Darhan Borankul Zliýha Esengaliýewanyň 1-nji aprelden başlap zähmet biržasynda üç aýlyk işe ýerleşdirilendigini aýtdy. “Galanynam görübereris” diýip, häkim belledi.

Emma 1-nji aprele çenli bu köp çagaly maşgalanyň nädip güzeranyny görmelidigi barada gazak resmisi hiç zat aýtmady.

Orazalyýewleriň maşgalasy öz ýagdaýyny düşündirip, Gazagystanda resmi taýdan hasaba alynmadyk “Alga”, ýagny öňe atly syýasy partiýa kömek sorap ýüzlendi. “Alga” partiýasy bu maşgala azyk harytlaryny berip, kömek etdi.
XS
SM
MD
LG