Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minimal töleg 121 manada barabar bolar


Geçen aýyň ahyryna Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Türkmenistanda geljek ýyldan başlap aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet goldaw serişdeleriniň hem-de studentleriň stipendiýalarynyň möçberiniň 10% galdyrylýandygy habar berildi.

Bu barada çap edilen maglumatda pensiýalaryň we sosial tölegleriň minimal möçberiniň hökümet tarapyndan kesgitlenip, 121 manada barabar edilendigi, Türkmenistandaky kärhanalarda işleýän adamlaryň ortaça aýlyklarynyň, şol kärhanalaryň görnüşine garamazdan, 598 manada barabar bolmalydygy kesgitlenilipdir.

Bu sanlaryň nädip hasaplanyp, haýsy analizleriň esasynda çykarylandygy barada maglumat berilmeýär. Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew türkmen häkimiýetleriniň şeýle maglumatlary berip başlandyklaryna gowy ädim diýip baha berip, dünýä tejribesinde aýlyklaryň minimal möçberiniň kesgitlenýändigini biz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şeýle hem Hajyýew bu sanyň salgyt töleglerini kesgitlemek üçin hem-de jerime salnanda, zerur bolup durýandygyny belledi: “Mysal üçin kanuny bozan adama garşy administratiw çäre görülende öňa, aýdaly, bäş minimal aýlyga barabar möçberde jerime salynýar” – diýip, ykdysatçy belledi.

Şol aýlyklaryň minimal möçberiniň bolsa ilatyň ýaşaýşyna zerur bolan harytlaryň sanawy düzülip, şol harytlaryň bahasynyň analizi netijesinde hasaplanyp çykarylýandygyny bilermen Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Aýlyklaryň minimal möçberiniň hususy kärhanalaryň işgärlerine minimal kesgitlenen aýlykdan az hak tölenilmezligi üçin zerur diýip, A.Hajyýew nygtady.

Hajyýewiň aýtmgayna görä, köp ýurtlarda minimal aýylyklaryň ýa-da pensiýalaryň möçberini kesgitlemek üçin ilki bilen ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň sanawy düzülip, olaryň bahalary alnyp, analiz geçirilýär. “Şol harytlaryň sanawy her ýurtda özbaşdak düzülýär. Mysal üçin, ABŞ-da bu agzalan sanaw 30 harytdan hem hyzmatdan, Fransiýada 250, Britaniýada 350 dürli harytlardan hem hyzmatlardan ybarat bolup durýar”.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň tassyklamagyna görä, bu ýaşaýyş üçin zerur bolan harytlaryň hem hyzmatlaryň sanawyna diňe iýmite degişli azyk harytlary däl-de, umumy ýaşaýyşa zerur bolan egin-eşik, sabyn, şampun, diş ýuwulýan krem diýen ýaly harytlar hem girizilýär. “Şeýle hem adamlaryň ýaşaýan jaýlary üçin tölenmeli tölegler, jemgyýetçilik transportyna edilýän çykdajylar, hökmany suratda tölenmeli salgytlar, dynç alyş üçin, dürli medeni çärelere gerek bolan çykdajylar hem bu sanawda göz öňunde tutulmaly”.

Köp ýurtlarda, inflýasiýanyň derejesi göz öňünde tutulyp, ýaşaýyş minimumyna her çärýekde täzeden garalýar. Ýaşaýyş minimumy ilatyň ýaşaýyş derejesini anyklap, garyplygyň çägini kesgitlemek üçin hem zerur bolup durýar.

121 manada ýaşap bolarmy?

Eýse, Türkmenistanda minimal pensiýanyň kesgitlenen möçberi bolan 121 manada (bu takmynan 40 amerikan dollaryna deň), pensionerler ýaşap bilermi?

Biz bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýewden azyk we beýleki harytlaryň bahalaryny soradyk. Ol Türkmenistanda azyk harytlarynyň aktual bahasy barada bize şeýle maglumat berdi: “Iň arzan çöregiň bahasy 20 teňňe, mesgäniň kilesi 14-25 manat, 250 gram çaý 2 manat, etiň kilesi 7-10 manat, iň arzan balygyň bir kilesi 5-7 manat, 1,5 litr süýt 2.40, peýniriň iň arzany 3 manat, kelemiň kilesi 1 manat”.

Berhiz boýunça spesialistleriň aýtmaklaryna görä, jan saglygyny kadaly ýagdaýda saklamak üçin pensiýa ýaşyna ýeten adamlara gündelik zerur bolan iýmitler takmynan şulardan ybarat: etleriň dürli görnüşinden ýa-da balykdan 200 gram, 270 gr çörek, 1 alma, 300 gram gök önüm, 10 gr mesge, 40 gram süzme, 150 gram gatyk, 3 käse çaý.

Şu azyk önümleriniň sanawy esasynda pensiýa ýaşyna ýeten adama diňe iýmitlenmek üçin näçe pul gerek?

Annadurdy Hajyýewiň bellemegine görä, ilatyň her gatlagy üçin iýmit rasionynyň ölçegleri kesgitlenen. “Şeýlelikde pensiýa ýaşyndaky adamlaryň kesgitlenen iýmit rasionyna görä geçiren hasaplarym, ilatyň pensiýa ýaşa ýeten gatnawyna diňe saglygyny kadaly ýagadaýda saklamak üçin iýmitlenmegine azyndan 150 manadyň zerurdygy baradaky netijä gelmäge esas döretdi. Işleýän adamynyň iýmitlenmegine takmynan iki esse köp çykdajy edilmeli. Şol 150 manada pensioneriň dermanlaryna, jaý üçin töleglerine, egin-eşigine edilmeli çykdajylar girmeýär”.

Goňşy ýurtlardaky ýagdaý

GDA döwletlerine girýän köp ýurtda ýaşaýyş minimumy baradaky kanun kabul edildi. Mysal üçin, Gazagystanda bu kanun 1999-njy ýylda kabul edilen bolsa, Täjigistanda şeýle kanun 2009-njy ýylyň 19-njy maýynda güýje girdi.

Türkmenistanda bu kanunyň bardygy-ýokdugy hakda ýerli metbugatda maglumat berilmeýär. Biz göňşy ýurtlarda ilata zerur bolan ýaşaýyş minimumynyň derejesi bilen gyzyklandyk. Gazagystanda şol ýaşaýyş minimumy 88 amerikan dollaryna barabar bolsa, Gyrgyzystanda bu san 80 dollara deň bolup durýar.

Özbegistanda hem Täjigistanda minimal aýlyklaryň möçberi kesgitlenipdir. Özbegistanda bu san 19 dollara barabar, Täjigistanda bolsa takmynan bäş dollara barabar minimal aýlyk kesgitlenen. Emma biziň kärdeşlerimiziň beren maglumatlaryna görä, bu iki ýurtda minimal aýlygyň derejesiniň öz oýnaýan roly bar.

Belli bolşuna görä, administratiw häsiýetli düzgüni bozma üçin graždanlara pul jerimesi salynýar we ol hem bir ýa-da birnäçe minimal aýlyk hakynyň möçberinde hasaplanylýar. Özbegistanda hem Täjigistanda bellenilen minimal aýlygyň derejesi diňe şeýle zerurlyk üçin girizilip, durmuşda beýle pes aýlyk ýok diýip, biziň kärdeşlerimiz tassyklaýarlar.

Azarbeýjanda 2010-njy ýylda ýaşaýyş minimumy 100 dollara barabar bolar diýip, Milli mejlise salgylanyp, “Azeri.ru” internet gazeti maglumat berdi. Emma bu ýurtlaryň köpüsinde häkimiýetler tarapyndan kesgitlenilen ýaşaýyş minimumynyň kadaly ýaşamak üçin ýeterlik däldigini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary biz bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.
XS
SM
MD
LG