Bu hasabatda her ýyl 50 milliona golaý aýalyň lukmanlaryň professional gözegçiligi bolmadyk ýagdaýda çaga dogurmaly bolýandygy aýdylýar. Şeýle hem gigiýenanyň iň ýönekeý talaplarynyň berjaý edilmändigi sebäpli ýylda dokuz milliona golaý ýaňy doglan çaganyň heläk bolýandygy tassyklanylýar.
“Ene bolmak meselesinde iň amatly hem iň ýaramaz ýurtlar” atly hasabatda 160 ýurduň arasynda iň soňky orny Owganystan eýeleýär. Eneleriň ýagdaýynyň iň ýaramaz ýerleri hökmünde bu hasabatda Owganystandan başga Çad, Ýemen, Niger, Kongo, Mali, Sudan, Eritreýa, Ekwatorial Gwineya ýaly ýurtlar görkezilýär.
Bu hasabatda Norwegiýa eneligiň hözürini doly görüp bolýan ýurt hökmünde birinji orunda durýar. Norwegiýa bilen bir hatarda eneler barada iň köp alada edilýän ýurtlaryň onlugyna Awstraliýa, Şwesiýa, Gollandiýa, Finlýandiýa, Daniýa, Belgiýa hem Germaniýa ýaly ýurtlar girýärler.
Türkmenistanly eneleriň ýagdaýy
Bu hasabat Turkmenistany öz içine almaýar. Ýöne hasabatda berlen maglumatlardan çen tutup, Türkmenistanyň eýelejek ornuny aňsa bolar. Mysal üçin, bu hasabatda 60-njy orny eýeleýän Türkiýede 2005-njy ýyl boýunça berlen maglumatlara görä, her 880 aýalyň birine ýaş üstünden ölmek howpy abanýar.
Türkmenistanda şeýle howp her 290 zenanyň birine abanýar. Deňeşdirmek üçin goňşy ýurtlary alsak, onda ýaş üstünden ölmek howpy Azerbaýjanda her 670 aýaldan, Özbegistanda her 1400 aýaldan, Gazagystanda bolsa her 360 aýaldan birine abanýar.
Ene bolmaga iň amatsyz ýer hasaplanýan Owganystanda her ýedi aýalyň biri ýaş üstünden ölýär. Enelere amatly şertler döredilen Irlandiýada bolsa 47 ýarym müň aýaldan diňe biri çaga üstünden ýogalýar.
Türkmenistanda her müň çagadan 48-niň bäş ýaşa ýetmänkä ýogalýandygy hakda maglumat bar. Türkiýede bu san takmynan iki esse az bolup, bu ýurtda dogulýan her müň çagadan 22-niň bäş ýaşa ýetmezden öň ölýändigi aýdylýar. Owganystanda bolsa her dört çaganyň biri bäş ýaşyna ýetmänkä ýagty jahan bilen hoşlaşýar. Finlýandiýa ýa-da Şwesiýa ýaly ösen ýurtlarda 333 çagadan biri bäş ýaşa ýetmänkä aradan çykýar.
Iň sowatly aýallar
Eneler barada az alada edilýän Owganystan, Angola, Çad ýaly ýurtlarda aýallaryň bilim derejesiniň pesligi maglumatda aýdylýar. Bu ýurtlarda zenanlar bäş ýyldan köp bilim almaýarlar. Emma Awstarliýada, Täze Zelandda we Ýewropanyň ösen ýurtlarynda aýallar öz ömrüniň ortaça 20 ýylyny bilim derejesini ýokarlandyrmaga sarp edýär.
Bu sanlardan belli bolşuna görä, çaga ölüminiň derejesi, aýallaryň özleriniň saglyk ýagdaýy köp halatlarda zenanlaryň bilim derejesine baglydygy äşgär bolýar. Türkmenistanda bolsa Nyýazowyň režimi tarapyndan ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna alynmasy çürt-kesik azaldylansoň, aýal-gyzlara öz okuwyny dowam etdirmek, ýokary bilim almak mümkinçiligi has-da kynlaşdy. Mekdeplerde hem ylyma-bilime degişli sapaklar kemeldilip, hakyky bilimiň ýerini “Ruhnama” sapaklary eýeledi.
Eýse, Türkmenistanda ýagdaý häzirki döwürde özgerdimi? Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, “Soňky birki ýyllykda mekdeplerde saglyga, gigiýena degişli sapaklar artsa-da, häkimiýetler henizem jemgyýetiň ertiri bolan ýaşlaryň, geljekde ene boljak gyzlaryň bilimli-sowatly bolup ýetişmegi üçin ýeterlik derejede alada etmeýärler.