"Maplecroft" analitik-barlaglar merkezi ýakynda taýýarlan hasabatynda Türkmenistany biznes üçin iň bir howply ýurtlaryň hatarynda goýdy. Türkmenistan: Birma, Somali, Demirgazyk Koreýa we Kongo bilen birlikde iň ýaramaz döwletler diýlip agzalýan ýurtlaryň birinji bäşligine girýär.
Türkmenistanyň parlamenti täze kanunlaryň we düzgünleşdiriji hukuk aktlarynyň taslamalaryna garady. Garalan köp sanly kanuny proýektleriň hatarynda «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek» hakyndaky kanunyň taslamasy-da bar.
Şu hepde gaz meselesi boýunça Aşgabatda geçirilen Halkara konferensiýada çykyş eden käbir günbatar resmileri Türkmenistanyň «Günorta koridor» arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz akdyrmagyna uly umyt bildirýändiklerini mälim etdiler.
BMG-niň Aşgabatdaky edarasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça wekili Türkmenistanda BMG-niň dürli hili programmalarynyň hereket edýändigine garamazdan, henize çenli bu ýurtda bu guramanyň ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan bölüminiň ýa-da wekiliniň ýokdugyny tassyklady.
Türkmenistanyň prezidenti, ýurduň harby güýçleriniň Baş Serkerdebaşy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi. Maslahatda «türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratizasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan» hukuk goraýjy organlaryň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Berdimuhamedow Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek maksatlary bilen baglanyşykly birnäçe karara gol çekdi. «Türkmengaz» Döwlet konsernine Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen özara şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça regional bölüminiň direktory Türkmenistana sapara bardy.
ABŞ-nyň dini azatlyklar boýunça hasabatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda käbir düşnüksiz ýagdaýlaryň dowam edýändigine üns çekilipdir.
Britan kompaniýasynyň Türkmenistanyň Ýolöten-Osman gaz ýatagyndaky gazyň gory barada ýaýradan sanlarynyň hakykysyndan has çişirilendigi aýdylýar.
Türkmenistana barmaly amerikan Parahatçylyk Korpusynyň işgärleriniň nobatdaky tapgyryna bu ýurda barmak gadagan edildi.
BMG-de doklad bilen çykyş eden döwlet liderleriniň hatarynda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow hem boldy.
18-nji sentýabrda geçirilen hökumet maslahatynda Berdimuhamedow Turkmenistanda sporty ösdürmek meselesi barada-da giňişleýin durup geçdi.
Geçen hepde, Türkmenistanyň hökümeti Hazar deňziniň dawaly ýangyç ýataklary boýunça Azerbeýjany Halkara arbitraž sudyna berjekdigini mälim etdi.