Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tebigy gaz boýunça Halkara konferensiýa geçirildi


Şu hepde gaz meselesi boýunça Aşgabatda geçirilen Halkara konferensiýada çykyş eden käbir günbatar resmileri Türkmenistanyň «Günorta koridor» arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz akdyrmagyna uly umyt bildirýändiklerini mälim etdiler.

Eýse, Türkmenistanyň bu gürrüňi edilýän «Günorta koridor» proýektine gatnaşmagy näderejede real zat?

Gaz meselesi boýunça Aşgabatda geçirilen 1-nji Halkara konferensiýada eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewraziýa energiýa meselesi boýunça ýörite wekiliniň baş maslahatçysy Daniel Steýn soňky wagtlar Türkmenistanyň prezidentiniň Ýewropa regionyna gaz akdyrmak meselesi barada oňyn pozisiýany eýelemegine gowy baha berýändigini aýtdy.

Ýöne, beýleki tarapdan, ol häzirki wagtda ”Nabukko” proýektiniň amala aşmagynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda ylalaşmazlyklaryň belli bir kynçylyklary döredýändigini belledi.

Hususan-da, ol Azerbaýjanyň «Şah deňiz» gaz ýatagyndan alynjak gazyň bahasy hem-de onuň tranziti barada Türkiýe bilen Azerbaýjanyň henizem özara ylalaşyp bilmeýändiklerini belläp, özüniň bu ýagdaýa gynanýandygyny aýtdy.

Daniel Steýn Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly häzirki dowam edýän dawalar çözülmese, bu ýurduň «Günorta koridor» gaz proýektine gatnaşmagyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garşydygyny hem nygtady.

Alada dörediji ýagdaý

Käbir synçylar “Nabukko” proýekti meselesinde Türkmenistanyň henizem gutarnykly karara gelmezligini we onuň bu meseläni uzaga çekdirmegini hem alada dörediji ýagdaýlaryň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.

Moskwadaky strategik barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow Türkmenistanyň bu meselede ikirjiňlenmeginiň esasy sebäbini eksport üçin özleşdirilen gaz resurslarynyň ýeterlik däldigi bilen düşündirýär.

Gurdow bu barada şeýle diýdi: «Türkmenistanda 2006-njy ýylda ýurduň ýangyç-energetika kompleksini ösdürmekligiň perspektiwalary bilen bagly nobatdaky giňeldilen programma kabul edilipdi. Şol programma görä, şu 2010-njy ýyla çenli gazylyp alynýan gazyň ýyllyk möçberini 140-150 milliard kubometre ýetirmek göz öňünde tutulypdy. Şeýle görkezijä şu üstümizdäki ýylda ýetilmejekdigi, elbetde, belli zat. Şeýlelikde ozalky baglaşylan uzak möhletleýin kontraktlar hem entek gazyň öndürilişindäki real ösüşler bilen berkidilenok. Bu meseläniň bir tarapy. Ikinji mesele Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň potensial tebigy baýlyklarynyň paýlanyşygyndan birneme gijä galandygy bilen baglanyşykly. Indi ol beýlekileriň yzyndan ýetmek üçin çalyşmaly bolýar».

Gozgalan meseleler

Aşgabatda geçirilen Halkara konferensiýa esasan Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek, gaz önümçiligini ýola goýmak, gazy gaýtadan işlemek we ony transportirlemek, şeýle hem ýurduň energiýa pudaklaryna inwestisiýalary çekmek meselelerine bagyşlanyldy.

Emma, şeýle-de bolsa, diňe Türkmenistanyň gündogaryndaky energiýa ýatagyna Hytaýyň özleşdiriji kompaniýalarynyň goýberilendigini hasaba almasaň, şu çaka çenli Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň beýleki energiýa ýataklaryny özleşdirmek işlerine welin, daşary ýurt kompaniýalaryny goýbermeklige kän bir howlukmaýarlar.

Moskwadaky strategik barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow Türkmenistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurt inwestisiýalaryny esasan Hazar deňzindäki energiýa ýataklaryny özleşdirmek işlerine çekmeklige gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

«Türkmenistanyň ýolbaşçylary gury ýerlerde ýerleşýän energiýa ýataklaryny özleşdirmek işlerine daşary ýurtlaryň iri kompaniýalaryny känbir goýbermek islemeýärler. Meniň düşünişime görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň öňünde daşary ýurtlularyň tagallalaryny Hazar deňzindäki ýataklara gönükdirmek meselesi durýar» diýip, Aždar Gurdow belledi.

Gaz meselesi boýunça Aşgabatda geçirilen Halkara konferensiýanyň öň ýany Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň energetika meselesi boýunça komissary Gýunter Ottinger bilen duşuşyp, energiýa hyzmatdaşlygy barada ýörite gepleşik geçirdi.

Ottinger Türkmenistanyň döwlet telekanalyna beren interwýusynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda “Nabukko” proýekti bilen bagly ylalaşygy taýýarlamak boýunça ýörite iş toparynyň döredilmegi barada ylalaşanlygyny aýtdy.

Emma käbir ekspertler geçirilýän gepleşikleriň Türkmenistanyň häkimiýetleriniň “Nabukko” proýekti baradaky tutýan pozisiýasynda nähilidir bir oňyn öňegidişlikleri görkezmeýändigini belläp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG