Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan biznes üçin howply ýurtlaryň hatarynda


Soňky wagtlar Türkmenistanyň häkimiýetleri daşarky döwletler bilen öz gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyryp, ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlyklary hem gowulandyrmaga çalyşýarlar.

Türkmenistanyň gündogar regionyndaky gaz ýataklaryny özleşdirmekde Hytaýyň kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen kontrakt baglaşmagy, mundan daşgary Germaniýanyň RWE kompaniýasynyň hem Hazar deňzindäki gaz ýataklaryndan birini özleşdirmäge rugsat almagy ýaly wakalary resmi Aşgabat oňyn hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy hökmünde häsiýetlendirýär.

Emma, bu wakalara garamazdan, düýbi Britaniýada ýerleşýän «Maplecroft» analitik-barlaglar merkezi biznes üçin howply we howpsuz ýurtlar barada ýakynda taýýarlan hasabatynda Türkmenistany biznes üçin iň bir howply ýurtlaryň hatarynda goýdy.

Hususan-da, dünýäniň 172 ýurdundaky ýagdaýlara syn berlen bu hasabatda 20 döwlet biznes işleri üçin dünýäde iň bir howply we amatsyz döwlet hökmünde görkezilýär. Türkmenistan: Birma, Somali, Demirgazyk Koreýa we Kongo bilen birlikde iň ýaramaz döwletler diýlip agzalýan ýurtlaryň birinji bäşligine girýär.

«Maplecroft» analitik-barlaglar merkeziniň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça bölüminiň müdiri Jeýson MkGeown biznes üçin howplara baha berlende bu ýurtlaryň syýasy we kanunçylyk ýagdaýlary bilen baglanyşykly 20-ä golaý meseläniň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

«Biziň ‘The legal and regulatory environment index’ atly hasabatymyz köp meseläni göz öňünde tutýan hasabat. Ol biznesdäki töwekgelçilikler bilen baglanyşykly 20 sany dürli faktory öz içine alýar. Bu faktorlara bolsa, kanunyň hökmürowanlygy, sud häkimiýetiniň garaşsyzlygy, biznesiň erkinligi we korrupsiýa, infestorlaryň goragy, emläk hukuklaryna hormat goýluşy, zähmet hukuklarynyň goralyşy ýaly birgiden faktorlar degişli» diýip, Jeýson MkGeown belledi.

Jeýson MkGeown öz guramasynyň Birleşen Milletler guramasy, Bütindünýä banky, Halkara Zähmet guramasy, Bütindünýä Saglyk Guramasy ýaly birgiden abraýly halkara guramalarynyň maglumatlaryna salgylanyp taýýarlaýan bu hasabatlarynyň dürli ýurtlardaky, şol sanda Türkmenistandaky biznesiň howpsuzlygyna baha bermekde-de uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

"Nyýazowyň ýörän ýolundan barýar"

Ykdysadyýet ugrundan bilermen Annadurdy Hajyýew 2011-2030-njy ýyllar aralygy üçin Türkmenistanda kabul edilen «Sosial-ykdysady ösüş boýunça milli programmanyň» belli bir derejede Nyýazowyň döwründäki programmalary ýatladýandygyny aýdýar.

«Berdimuhamedowdan öň Nyýazow hem dürli programmalary yglan edipdi. Mysal üçin, “On ýyllyk abadançylyk” diýen ýaly birgiden programmalar bardy. Nyýazowyň ýurdy dolandyran 20 ýylynyň dowamynda halka kän wadalar berildi. Ýöne olardan hiç biri ýerine ýetirilmedi. Meniň göwnüme bolmasa, Berdimuhamedow hem halka dürli wadalary berip, dürli programmalary kabul edip, hemme zat gülala-güllük bolar diýmek bilen, edil şol Nyýazowyň ýörän ýolundan barýar» diýip, A.Hajyýew belledi.

Käbir bilermenler Türkmenistanyň ykdysadyýetinde dowam edýän durgunlyga bazar ykdysadyýetine geçiş prosesiniň uzaklaşdyrylmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, bazar ykdysadyýetine geçmek prosesiniň uzaklaşdyrylmagynyň sebäbi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty bilen baglanyşykly.

Her bir döwletiň ykdysadyýetiniň syýasy çözgütlere baglydygyny bellemek bilen, bilermen Annadurdy Hajyýew şeýle diýdi: «Proletar liderlerinden biri Leninde şeýle sözler bar, ýagny ol “Ykdysadyýet – bu syýasatyň konsentrirlenen beýanydyr” diýipdir. Men bu sözi getirmek bilen, Türkmenistanda syýasy häkimiýetiň diňe bir adamyň elinde jemlenendigini aýdasym gelýär. Şol adam hem ykdysadyýetde näme etmelidigini buýruk berýär. Ýöne bu meseleler barada ykdysadyýetçiler we onuň opponentleri gürrüň etmeli we şolar hem çözmeli».

Ykdysadyýet ugrundan bilermen Annadurdy Hajyýew Türkmenistanda biznesiň esasy prinsiplerini howp astynda goýýan şular ýaly töwekgelçilikleriň saklanýan halatynda diňe bir içerki bazar gatnaşyklarynyň däl, eýsem daşarky ykdysady gatnaşyklaryň hem ösüp bilmejekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG