Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmen sportuny ösdürmäge wagt boldy"


Käbir ýerli synçylaryň pikiriçe, býurokratiýa Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport pudagynda-da az kynçylyklary döretmeýär.
Käbir ýerli synçylaryň pikiriçe, býurokratiýa Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport pudagynda-da az kynçylyklary döretmeýär.

18-nji sentýabrda geçirilen hökumet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Turkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselesi barada-da giňişleýin durup geçdi.

Eýse, prezident Berdimuhamedowyň hökümetiniň bu ugurdaky syýasatynda ozalkylardan nähilidir bir tapawutlar barmy? Bu ugurda şu günki gün nähili çözülmeli meseleler bar?

Hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynda täze 10 müň orunlyk stadionlaryň gurlandygyny bellän prezident Berdimuhamedow mundan daşgary ýakyn geljekde ýurduň dürli regionlarynda 75 müň orunlyk ýörite sport mekdeplerini gurmaklygyň hem göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklik barada eden bu giňişleýin çykyşynda orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw jaýlarynyň, edara-kärhanlaryň, etraplaryňdyr welaýatlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýygyndy komandalaryň döredilmelidigini we ýygy-ýygydan özara ýaryşlaryň geçirilip durulmalydygyny nygtady.

Şu ugurdaky başlangyç çäre hökmünde bolsa, Berdimuhamedow wise-premýer Saparlyýewe geljek ýylyň ýazynda sportuň dürli görnüşleri boýunça umumymilli ýaryşlary gurnamak hakda görkezme berdi. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite baýraklary gowşurylar.

“Çynlakaý tagalla zerur”

Şwesiýada ýaşaýan garaşsyz žurnalist Ak Muhammet Welsapar Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistanda sportuň we bedenterbiýäniň pese düşürilendigini belläp, bu ugurda ädilýän soňky ädimlere oňyn baha berýändigini aýtdy. Žurnalistiň pikiriçe, sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegi üçin Türkmenistanda ýeterlik serişdeler we mümkinçilikler hem bar, bu ugurda diňe häkimiýetleriň çynlakaý tagalla etmekleri zerur.

Türkmenistanyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy Atageldi hem Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde şu ýyl bu şäherde açylan täze stadionyň içinde ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleriň döredilendigini oňyn bir ýagdaý hökmünde belledi. Hususan-da, ol şeýle diýdi: «Bu stadion şu ýyl açyldy. Bir hepde mundan ozal stadiona ilkinji gezek baryp gördüm welin, ol ýerde eýýäm sportuň dürli görnüşleri boýunça gözden geçiriliş bäsleşikleri gurnalýan eken. Ol ýerde trenažýorlar bar, türgenleşikden soň ýuwunmak üçin duşlar bar, aýnalar bar. Ozallar beýleki sport zallaryň göreşilýän ýerlerinde hatda göreş düşekleri hem ýokdy. Şol müň dollara durýardy welin, şoňa-da güýçleri ýetenokdy. Indi göreş düşeklerinem, beýleki zerur zatlaram berýärler, ýaryşlarda medal, kubok ýaly zatlaram berýärler…»

Söhbetdeşimiz Atageldi täze açylýan sport seksiýalarynyň köpüsiniň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýändigini we olaryň ilat üçin mugtdugyny tassyklady. Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistanda sporta ünsüň birneme artýandygyna garamazdan, hatda soňky geçirilýän halkara we dünýä ýaryşlarynda-da türkmenistanly sportsmenler kän bir göze ilmeýär, hatda olar ýaryşlara gatnaşaýanlarynda-da, kän bir öňdelik görkezmeýärler.

Garaşsyz žurnalist Ak Muhammet Welsapar sportuň professional derejede ösmegi üçin Türkmenistanda tejribeli trenerleriň ýetmezçilik edýändigini öňe sürüp, bu ugurda entek edilmeli işleriň az däldigini belledi. Ol: «Şol sport we bedenterbiýe ugrundan işlejek adamlara mümkinçilik döretmeli, türkmen terenerlerini ýetişdirmeli. Häzirki wagtda Türkmenistanda öz trenerlerimiziň ýetmezçilik edýändigi görnetin zat. Şonuň üçinem, sportuň dürli ugurlary boýunça daşary ýurtlardan trenerleri çagyrmaly, şolara zerur aýlyklary bellemeli. Şeýdibem türkmeniň sportuny ýokary galdyrmaga indi wagt boldy» diýdi.

Sport pudagyndaky beýleki kynçylyklar

Emma käbir ýerli synçylaryň pikiriçe, jemgyýetiň beýleki pudaklaryna mahsus bolan korrupsiýa we býurokratiýa ýaly problemalar Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport pudagynda-da az kynçylyklary döretmeýär. Synçylar bu ugurda-da heniz çözülmeli meseleleriň az däldigini aýdýarlar.

Maryly diňleýjimiz Atageldi sportda gowy netijeleri görkezýän sportsmenler ýaryşa gidenlerinde, olaryň ýol harajatyny tölemek meselesiniň hem şu çaka çenli köplenç ene-atalaryň öz gerdenine düşüp gelendigini we käte zehinli sportsmenleriň halkara ýaryşlara gatnaşdyrylmagy üçin para bermek ýaly problemalaryň hem bardygyny tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň sözünden çen tutsaň, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselesi diňe sport binalaryny gurmak bilen çözülmejege meňzeýär.
XS
SM
MD
LG