Aşgabadyň polisiýasy çörek nobatlarynda 'ygtybarly däl' raýatlary gözleýär

Çörek nobaty. Aşgabat, 2021.

Aşgabatda, çörek nobatlary barha köpelýärkä, polisiýa ilata gözegçiligini güýçlendirýär. Çeşmelere görä, polisiýa nobata duran adamlara açyk gözegçilik etmekden başga-da, wideolary barlaýar we nägile adamlary ýüze çykarmak üçin maglumat toplaýan ýörite adamlaryny dükanlara ugradýar.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çörek nobatlary daňdan başlanýar, ýöne indi dükanlaryň daşynda ýygnanýanlar diňe alyjylar däl. Çörek satuwynyň başlamagyna garaşýanlaryň arasynda raýat eşikli polisiýa işgärleri, polisiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän we adamlaryň nobatda gürleşýän zatlaryny diňleýän adamlar hem bar. Ýagdaýdan habarly çeşmelere görä, polisiýa nobatlarda nägile adamlary tapmaga synanyşýar.

“Dükanlardaky çörek nobatlary barada radioda berlen habarlardan soň Içeri işler ministrligi we Milli howpsuzlyk ministrligi aňtaw we operatiw gözegçilik işlerini güýçlendirdi. Agentleri nobatlara aralaşdyrýarlar we olaryň kömegi bilen polisiýa işgärleri adamlaryň näme hakda gürleşýändiklerini hem kimiň birnäçe gezek nobata durup, çörek alýandygyny anyklaýarlar "- diýip, anonimlik şerti bilen gürleşen çeşmeleriň biri Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabatly alyjy çöregi 'bikanun satan' dükan satyjysy bilen ýakalaşdy

Döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan adam başyna diňe üç sany çörek satylýar, olaryň hersiniň bahasy 1 manat. Bu arzan çöregi, adatça irki sagatlarda satyn alyp bolýar. Nobatlar ençeme sagada çekýär, emma çörek bir sagadyň içinde satylyp gutarýar.

Çeşmelere görä, etrap polisiýa bölümleriniň işgärleri nobatlara gözegçilik etmek üçin adaty raýatlary, şol sanda öň iş kesilen adamlary çekýärler. Azatlyk Radiosynda bu işleri alyp barýan polisiýa bölümleri we olar bilen işleşip, maglumat toplaýan adamlaryň atlary barada anyk maglumatlar bar, emma biz çeşmeleriň howpsuzlygyny we gizlinligini üpjün etmek maksatly bu maglumatlary çap etmekden saklanýarys.

"Irden sagat dörtde [maglumatcy] çörek nobatyna garaşýan adamlaryň ýanyna gelýär we kimiň näme hakda gürleşýändigini diňleýär, şeýle hem ol dükandan birnäçe gezek çörekli çykýanlary anyklaýar" - diýip, başga bir çeşme gürrüň berdi.

Telefonly adamlar hem polisiýa işgärleriniň üns merkezine düşýär. Olar uzyn nobatlary wideo ýa-da surata düşürmek synanyşmakda güman edilýär. Çeşmelere görä, polisiýa dükanlaryň golaýynda oturdylan gözegçilik kameralaryndaky ýazgylary hem üns bilen gözden geçirýär.

"Wideony ýene-de üns bilen görýärler. Nobatda telefony köp ulanýanlary kesgitleýärler. Şeýle adamlary gözegçilik astyna alýarlar" - diýip çeşme aýdýar.

Ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş çeşmäniň habaryna görä, "ygtybarsyz" adamlaryň sanawyna düşen raýatlar üns bilen barlanýar, olaryň näme edýändikleri, daşary ýurtlarda bolup-bolmandygy, ähli gatnaşyklary öwrenilýär.

"Ýörite gulluklar köpden bäri özlerine garaşly raýatlary hyzmatdaşlyga çekmek bilen meşgullanýarlar. Şeýle raýatlar hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürseler, olara tussag edilmek haýbaty atylýar" - diýip, çeşmeleriň ýene biri aýdýar.

Aşgabatda çörek ýetmezçiligi iýun aýynda güýçlendi. Uzyn nobatlarda duran adamlar zerur mukdarda çörek satyn alyp bilmeýärler, nobatlarda nägilelik artýar, basa-baslyk we ýakalaşyk döreýär. Bu aralykda, polisiýa çörek bişirýän raýatlary kowalap, hususy söwdagärleri çöregi gizlin satmaga mejbur edýär.

Degişli maglumat Azyk gytçylygynyň arasynda hojalyklar gizlin bişiren çöregini ilata hödürleýär

Türkmenistanyň häkimiýetleri ençeme ýyla çeken krizisiň bardygyny resmi taýdan boýun almaýarlar. Meseläni çözmek we ilaty azyk bilen üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň ýerine, häkimiýetler nägileligiň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we krizisden ejir çekýän raýatlary yzygiderli yzarlamaga synanyşýarlar. Birnäçe ýyl bäri nobatlarda jübi telefonlaryny ulanmak gadagançylygy wagtal-wagtal güýçlenýär, surata düşürmekde güman edilenlere azar berilýär we gündizlerine nobata durmak gadagan edilýär.

2021-nji ýylyň ýazynda paýtagt häkimiýetleri nobatlary gizläp başladylar. Şol wagt premýer-ministriň orunbasary bolan Serdar Berdimuhamedow azyk nobatlaryny ýok etmegi buýurdy we olaryň öz kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy. Energiýa resurslaryna baý ýurlaryň birine 15 ýyllap ýolbaşçylyk eden uly Berdimuhamedow ýurduň ykdysady taýdan gülleýändigini we ilatyň abadançylygynyň çalt ösýändigini öňe sürüp geldi.

Trkmenistanda azyk krizisi bäş ýyldan uzak dowam edýär. Çörek ýetmezçiligi 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy we azyndan 10 milliard amerikan dollaryna duran ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Degişli maglumat Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň nobatyna polisiýa gözegçilik edýär, nobaty surata düşürmek gadagan

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.